“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | UMUMY BÖLÜM | Erkin mowzuklar

Söýeniñizi telefona nähili bellärdiñiz?
Premium
 Belki [off]
 07.06.2024 / 18:53
 Kupa kızı, sinek valesi ❤️

Bu sorag ýadyma düýn-öññinlikde düşdi.
Işdeş gelnejeler bilen ýowara çykdyk.Aralaryndaky ýeke gyz,belkem,iñ ýaşlary bolamsoñ,arçalardan kesilip alnan bölekleri araba bilen daşamak ýaly jogapkärli wezipäni maña ynandylar )
Daşap gelenimden soñ işdeşlerimiñ telefonlaryny goýan kölege ýerinde oturdym.Şol barmana-da biriniñ telefonyna jañ geldi.Ekranda "Ömrüm" diýip ýazylgydy.Telefonyñ kimiñkidigini bilmänim we degişme küýseýänim üçin uzakda duran gelinlere seslendim:
-Joralar,biriniñ eline jañ gelýär.Biriniñ "ömri" jañ edýär.
Gelinler allaniçiksi boldylar.
-Ömri?!
-Howwa."Ömrüm" diýip ýazylgy.
Birdenem olaryñ arasyndan täzeräk durmuşa çykan işdeşim atylyp çykdy...
Gyzykly gürrüñiñ yzyny dowam etdirmek isläp,gelinleriñ ýanyna ýüwürdim:
-Hany onda her kim özüniñkä näme diýip ýazýanyny aýtmaşak.
Işdeşimiziñ biri "Ýürekdeşim" diýip ýazýan eken.Ýaşy 50-den agan bolsa gerek,agtyk söýüp ýören işdeş gelnejem "Aşkım"diýip belläpdir ýoldaşynyñ adyny.
Soñ olar maña bellemäge at tapyp ugradylar:
-Ölüp ýetenim!
-Zordan tapanjam!
-Otuzdan öñ tapanym!
-Garramankam duşanym! )

Şol gün şu soragy size-de soramak aýgydyna geldim.
Eýsem,siz öz söýeniñiziñ (ýanýoldaşyñyzyñ) adyny telefonyñyzda nähili bellärdiñiz?


233

24

14

0

0

0

2
Teswirler:
 Täzeje
 BAY-HAN [off]
 07.06.2024 / 19:49

-1

Öñem biriniñ aýdyşy ýaly:
"Mugt nahar"


Täzeje
 (08.06.2024 / 19:07) 

BAY-HAN, Mugt neme

 Täzeje
 Dreamfull [off]
 07.06.2024 / 20:42

+0

Menkide nyshanjyk bar.oda bizin kody belgimiz.


Täzeje
 (07.06.2024 / 20:55) 

Dreamfull, Senem adyny yazanokmy menyaly


Täzeje
 (07.06.2024 / 21:08) 

Love, ady ba Emma kodly


Täzeje
 (07.06.2024 / 21:15) 

Dreamfull, Meninkida gyzyn ady dur.??


Täzeje
 (08.06.2024 / 19:17) 

Dreamfull, Suratyny goyaymalyda


Täzeje
 (08.06.2024 / 20:57) 

Мерет, mal

 Täzeje
 Yegen [off]
 08.06.2024 / 19:33

+0

Mena wapsede bellemezdim hic hili. Atsyz bolanam gowy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->