193 |
35 |
12 |
2 |
0 |
0 |
2 |
Bah..bilmedimai öňunden wepaly gyz cykaymasa badyrlai caresi gin bolsun
ai elinde pul bolsa 1je zat bln yryp bolia sxonyn bolmasa bolano mna maslahat brp blmk
Aixcam_nx, hay pul dp olmish name bn seni yryp bolyan zady ayt hany yrjak
Мерет, dogryda pulyn bolmasa ozuna barlykly yerin cagasy barjak yerinem yagdayy yiok bolsa naili
Aixcam_nx, soygin bahasy pul bilen daldir.. yshk bilen olcelysndir..!
Мерет, ai seyledirda süuýagtky dovurde pul bolmasa haysy sen yuzune serede barlap gor
Töweregine seredip ilden kömek soranyndan ol, Hakdan sorasyn. Dogry, häzirkileriñ 97%-niñ añyny pul alan. Garyby hak goldasa bendesiniñ hijisem öňüne böwet bolup bilmez Meselem getirsem: 13-cagaly bir maşgalanyñ hiç-hili ,,pah..." diýer ýaly mümkinçiligi ýok halynda, şol maşgalanyñ iñ uly ogluna, oglunyñ halaýan gyzyna gudaçylyga barýar. Ol baran öýi hem seniñ diýýän gyzlaryñ dek pully adamy halaýanlaryñ maşgalasydy... gepiñ hullasy, pul sewäpli, maşgalanyñ hatda aýry öýi (mellegi) bolmadygy üçin hemem garyplygy, enesiniñ bir aýagy maýybyrak, kakasynyñ hem biraz saglyk ýagdaýyndan pesligi sewäpli (ýöne şoña garamazdan oglan juda sagdyndy) hälki baran öýi ol maşgalanyñ sebäpkärleriniñ yzyna it salyp kowýarlar. Aradan o diýen wagt geçmänkäde, bu köp maşgalalylaryñ ûstûnden Hak nazar salyp, olara öý maşyn hemde şo oglany ýaşulymyz öýlendirmeli etýär. Şonda bu hälki kowan gudalary ötüç sorap, gyzyny hödürleýär, emma Türkmen bir sözliligini şu ýerde ýene suwt edip şu soragy berýär o köne gudaboljak ýerine.
Häzir pulum bar, Hak ýalkap, bize nazaryny saldy. Myhmanym bol, seniñ garşy alan usulyñ dek myhman hem guda hem kabul edilmeýşine şaýat bol. Emma men seniñ gyzyñy almana maña diýen kemsitmeleriñ ýol bermeýär... garaz, bagty baýlyk, baýlygy bagt hasaplaýan bilimsiz ynsanlar gynansakda aramyzda juda köp.
Garaz Alladan dilesin şo gardaşyñ, özi ýaly ynsana duçar etmegini .
Ishlesin eli ayagy tutyandyr. Gazansyn iysin geysin hojalygny eklesin gyzlaryň ozäm yapyshar soň. Pohhuist bolup yashamagy öwrensin. Iki günlik dünyäde gamlanyp olüp gitmek gerekdäl. Durmuş onuň oz eliňde hazirden ony düybünden üytgedip biler. Ozüne ynamy bolan adamyň ahli işleräm ugruna bolar. Galanam özüne bagly.(shu yazgyny okaday kyn görmän)
Garyplygy hic welin ozune ynamly dogumly bolmasa gyzlar halamaya. Meselem men oglan menden dogumly bolsa halayan. Sebabi menden gowsak bolsa ozumi on yanynda gyz yaly duyup bilemok. Yanynda ozuni gyz yaly duyup bilmejek oglanynam durmusyna almagyn manysy name?
Düşüniñ !
Dogumlylyk erjellik sadalyga bürenendir. Muña şaýat edip şular diýjek: Ynsan etjek diýip sada hemem dogumly erjel...bolup bilmeýär!
Şu ýerde şeýle sorag ýüze çykýar ,,oglan şeýle sada dogumly we erjel, hemem işşeññir bolsa onda ol oglan näme sebäpli durmuşynda beýle kyýnçylyk çekýär...? "
Bir hadysda şeýle setirler bar. ,,Hakdan perman gelmese, eşek bazara dellal bolmarsyñ...."
Bize ähli gelýän we bolýan zatlar, Hakyñ bize ýazan ýazgydynda ýazylandyr.
Bu zatlar Hakdan gelmeýän bolsa, işläp baý bolup bolýan bolsa, eşek baýamazdymy ?
Indi hem diýersiñiz,,eşege baýlyk gerekmejekligi üçin baýanok..." ýa-da ,,eşek baýlygyñ manysyny nä bilsin, ol adam däl ahyry..."
Meniñ diýjegim hem şol, Allahym eşegiñ baý bolmagyny islemändi, eşek we olardan başga janu jansyz zatlar (Ýaradandan daşary) ynsana gulluk etmäni islänligi sewäpli, bu zatlar siziñ pikir edişiñiz dek däldi!
Namaz okasyn Kuran okasyn Wagyz dinlesin innn gow Maslahat!
Hemem Adamlary bolsy yaly kabul etmeli olar hic uytgemeyar.
Pikiri yalnys dostun
Ol dostun bir gyzy soyup bilmandir soysede gyzyn gownumi tapmandyr hemme zat pul bn olcenmeya sizin kellqnizde dine pul gyz tasladymy baylyga bokdj yalnys pikir
İlki so dostun gyzyn gownuni tapsyn bolmasadam soyusmesin pulq bqrdy zat diymesinde öz yalnysyny gorsun
Ikinji teswiri ýazan çyndanam nerwa degýärdä, grammatikanyň işini görýäňiz-aý. Üstesine idili maslahatam ýok, näme diýýänine özem düşünenok meniň pikirimçe.
Meniň pikirimçe özüň ýaly geldi bu maslahatdaky. Ýene köp kişi diňe ýüzleý bir zatlar çyrşaýypdyr, düşündirmek işi ýene maňa düşdi.)
"Hiç hili" diýmegiňden eýýäm ýalňyşýaň sebäbi hökman halajak biri bardyr hemme kişinem. Munuňam sebäbi gatnaşyklarda ýörite ligler (synplar ýa-da derejeler) bardyr. Mysal üçin hol günjek aýdymçy Hadise bir wideoda şeýle diýdi:
"Erkegiň maddy güýji möhüm. Maddy güýji bolmasa maňa nämäňe ynanyp ýakynlaşýarsyň diýip soraryn".
Hadise tarapdan seretseň bu dogry zat, sebäbi Hadise gaty erbet baý zenan we gaty owadan, hem-de özüne çekiji. Ady hem meşhur hatda dünýäde abraýy bar. Hadise bu ýerde "maddy güýç" diýende, abraýly, özi ýaly sosial statusly birini isleýär. Bir kişi düşünjeli we akylly bolanda-da tapawudy ýok eger Hadiseniň statusynda bolmasa, derejesinde bolmasa. Hem şonuň derejesinde bolmaly (meşhur, baý we ş.m), hem-de onsaň düşünjeli, sowatly, mähirli biri bolmaly.
Muny aýtmagymyň sebäbi, ilki bilen gatnaşyklarda ligleriň bardygyny bilmek. Mysal üçin bir ýönekeýje, maddy taýdan pesde, hiç bir başarjaňlygy bolmadyk bir gyzy diňe owadan diýip bir rokstar gowy görmez meselem, olaryň öz ligi bar, öz halaýan kişileri, töwerekleri bar. Şeýlelik bilen, eger baý, gaty owadan, üstesine düşünjeli, sowatly, okuwly bir gyzy söýüp, olam seni halamasa "wöýý meni hölömödiii" diýip aglamaly däl. Bolman gyzam özi ýaly birini halamak islär, şonuň bilen birlikde bolmak islär, bu adaty zatdyr, garyp edebiýatyny edil şu ýerde etmegiňiz gaty gülkünçdir.
Ikinjiden, iň esasy zatlaryň (hatda iň esasysy) biri, özüňi kämilleşdirmek we özüňe seretmekdir. Bu hemme tarapdan şeýle, fiziki taýdan özüňe seret, geýmiňe seret, saçyňy dara, bir zatlar et umuman. Owadan görünjek bol. Intellektual taýdanam boş bolma, bulam gaty wajyp, oka, öwren, döret, bil, aňyňy, düşünjäňi, bilimiňi kämilleşdir. Eger birinjisi (fiziki) bolsa gatnaşyk döräp biler emma uzaga gitmez, gidäýse-de zordan dowam eder, hökman problemalar dörär. Emma hem birinji, hem-de ikinji birlikde bolsa onda seniň gazanjak zatlaryň gaty kän. Sebäbi sen köp zatlara düşünýäň, mysal üçin samsyk hereketler edip ýörmeýäň, ýa-da gabanan bolup gyza el galdyryp ýörmeýäň, sögüp ýörmeýäň. Intellektual aýratynlyklar gaty möhüm. Okamasaňyz ýitirjek zatlaryňyz (gödek görnüşde aýtsam) pizde kändir.)
Bularam taýyn bolsa, sosiallaş, ýagny bir zatlara ýazyl, adamlar bilen gürleş, ýagny gatnaş, diňe öz içiňe seredip, introwert bolup oturma. Sosial fobiýaň bar bolsa ýeňjek bol. Umuman özüňi kämilleşdirdä, hemme tarapdan kämilleşdirjek bol. Işiňe üns ber, işläp bir zatlar gazanjak bol, hemme tarapdan diýemde muňa maddy gymmatlyklar hem girýär. Umuman özüňi kämilleşdir. Soň gatnaşyk gurup başlarsyň ýa-da saňa dogry adam çykar hökman. Biri bolmadymy, gynanma ýa-da bolmady diýip ol kişä agzyňdan gelenini diýme, goýber gitsin sen işiňe üns ber, özüňi kämilleşdirmäge üns ber, ýene biri çykar, gürleşersiňiz tanyşarsyňyz belki seni halar we durmuş gurarsyňyz.
Ýöne seni halamagy üçin (ýaňam aýdyşym ýaly) özüň kämil bir adam bolmaly. Idili geýinmeýän bolsaň, hiç başarjaňlygyň ýok bolsa, üstesine düşünjäňem pes bolsa, dünýäden bihabar bolsaň we hiç zat bilmeýän bolsaň onda seniň nämäňe üns bermeli bir kişi? Has dogrusy, sen üns berermiň şeýle kişilere? "Ýüregiň arassalygy" gaty soň gelýändir, özüňizi aldap oturmaň beýle diýip. Ýüregiň arassa bolanda-da kelläň nol bolsa näme peýdasy bar?
Bu diňe erkekler üçin beren maslahatym. Edil şu döwürde gyzlarda bu sanap geçen zatlarymyň köpüsiniň ýokdugynam aýdaýyn ýöne. Ýagny "erkek pylan bolmaly", "erkek şeýle bolmaly" diýip uly-uly gürleýäsem welin, edil şeýle bolan gyz tapmagam iş, hatda az bular. Diňe özüniň makýažly sypatyna guwanyp ýören, kelle boş bolan tonlarça gyz bar. Bularda ne intellektual aýratynlyklar, ne başga başarjaňlyklary bar, bu kişilerde üns beriljek, ähmiýet beriljek hiç zat ýok. Şol sebäpli siziňem kriteriýalaryňyz bolsun. Boş kişilere şeýle-de üns bermäň. Eger sizde käbir gowy aýratynlyklar bar bolsa, sizem şony talap edip bilersiňiz. Şeýle-de bu ylmy zat, ýagny adamlar näçe baý, sowatly, düşünjeli bolsa, şonça-da şol zatlary öz gürleşýäninden we beýleki adamlardan talap edýär. Ýöne bu başga temaň gürrüňi.