Hindistanly bir mugallym okuwchylary bilen gezip yorka deryanyn gyrasynda gaharly gygyryp duran bir mashgalany goryarler. Mugallym okuwchylaryna:
- adamlar name uchin bir-birine gaharlanan wagty gygryar? diyip sorayar. Okuwchylar:
- olar sessizligini yitiryaler.
Mugallym:
- Emma gaharlananda garshymyzdaky adam yanymyzda bolsada ol eshitmeyan yaly gygyryp gurleyas, ol adama aytjak zadymyzy pesrak tonda aydyp bolmayamy???
okuwchylardan ses chykmanson, mugallym:
-Iki adam bir-birine gaharlanan wagty kalplary(yurek) bir-birinden uzaklashyar. Bu uzyn aralykdan kalblaryna seslerini eshitdirip bilmedigi sebapli gygyrmaly bolyarlar. Nace kop gaharlansa aralyklary shoncha uzaklashyar we shol aralykdan bir-birini eshdip bilmek uchin has kop gygyryalar. Okuwchylar:
- Onda iki adam bir-birini gowy gorse name bolar?
- Bir birine gygyrmagyn yerine rahat gurlesherler, sebabi kalplary bir-birine yakyndyr, aralyk azdyr ya-da hic yokdyr.
- iki adam birbirini has soyse name bolar?
- Hich gurleshmezler.. dine pyshyrdasharlar, sebabi kalplary bir birine has yakynlashyar. Belli bir wagtdan sonra pyshyrdashmalaram galar, dine bir-birine seretmeleri hem yeter.Ine,bir birini hakyky soyen iki adamyn yakynlygy sheyledir...
Sonra mugallym okuwchylara sheyle diyyar:
- Shonun uchin gaharlanan wagtynyz yureklerinizin arasynyn achylmagyna rugsat berman!. Aralygynyzy achjak sozleri aytmakdan uzak durun!.Bolmasa aralyk sheyle bir achylar weli, yzynyza seredeninizde bir-birinizi yakynlashdyrjak yoly tapman galarsynyz.