Egindeş galamdaşlaryma.
Täzeje
Agzamen [off]
10.06.2024 / 06:40
Göwnüm kiçidir-dä, sähelçe zada,
Gyzyl tapan ýaly öwünip ýörün.
Gysgajyk, şatlykly pursatlary-da,
Taryhy bir waka öwürip ýörün.
Diýýän: (siz ynanyň ýa-da ynanmaň) :
Hut Mukam Muhamow maňa obadaş.
Gazojak ilinde, Amyderýadan,
Suw içip gazandy ol paýhasly baş.
Baky Amanýazow hakynda aýtsam,
Men onam tanaýan gowuja oglan.
Oňa-da "obadaş" diýsem ýalňyşman,
Elli kilometr beýlämde doglan.
Indiki aýtjagma ynanmarsyňyz,
Aşyr Hanyň dagyn ediljek özi,
Surata düşmegi teklip edipdi,
Biraz pikirlenip... bolupdym razy.
Sapa Hommadam bir gaýbana tanşym,
Az-u-kän maslahat alşybam gördüm.
Menden boldumy ýa jyndan boldumy,
Internet arkaly urşubam gördüm.
Nesip etdi maňa utulmak bagty,
Bir ýaryşda Maksat Hudaýberdiden.
Olam gowy ýazýar emma bir sorag,
Haçan görüp borka ony derdi kem...
Uruşsamam, ýeňilsemem, ýeňsemem,
Men bulara "dostlam" diýip magtanýan.
Olaryňam şeý diýip öwünmegini,
Gazanmaga entek meniň wagtym bar.
Kerim Hallyýew
Agzamen [off]
10.06.2024 / 06:40
Göwnüm kiçidir-dä, sähelçe zada,
Gyzyl tapan ýaly öwünip ýörün.
Gysgajyk, şatlykly pursatlary-da,
Taryhy bir waka öwürip ýörün.
Diýýän: (siz ynanyň ýa-da ynanmaň) :
Hut Mukam Muhamow maňa obadaş.
Gazojak ilinde, Amyderýadan,
Suw içip gazandy ol paýhasly baş.
Baky Amanýazow hakynda aýtsam,
Men onam tanaýan gowuja oglan.
Oňa-da "obadaş" diýsem ýalňyşman,
Elli kilometr beýlämde doglan.
Indiki aýtjagma ynanmarsyňyz,
Aşyr Hanyň dagyn ediljek özi,
Surata düşmegi teklip edipdi,
Biraz pikirlenip... bolupdym razy.
Sapa Hommadam bir gaýbana tanşym,
Az-u-kän maslahat alşybam gördüm.
Menden boldumy ýa jyndan boldumy,
Internet arkaly urşubam gördüm.
Nesip etdi maňa utulmak bagty,
Bir ýaryşda Maksat Hudaýberdiden.
Olam gowy ýazýar emma bir sorag,
Haçan görüp borka ony derdi kem...
Uruşsamam, ýeňilsemem, ýeňsemem,
Men bulara "dostlam" diýip magtanýan.
Olaryňam şeý diýip öwünmegini,
Gazanmaga entek meniň wagtym bar.
Kerim Hallyýew
![]() 183 |
![]() 16 |
![]() 5 |
![]() 6 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 3 |
Teswirler:
Soňky teswirler
Hormatly ulanyjylar !
Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Şemal...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)