Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : “Do I maybe like you?”

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Germaniýa hakynda gyzykly maglumatlar
 Täzeje
 BAY-HAN [off]
 12.06.2024 / 00:06



Salam hormatly agzalar. Geçen mowzuklarymda Wengriýa bilen Braziliýa döwletleri hakynda ýazypdym. Geliň indi bolsa dünýäniň iň öňdebaryjy döwletleriniň biri bolan Germaniýa hakynda täsin hem-de gyzykly maglumatlar bilen gysgaça tanyş bolalyň.

1. Germaniýa ilatynyň sany boýunça Ýewropada 2-nji ýerde durýar – 83 milýon.
2. Germaniýada kolbasanyň 1500, çöregiň 300 we piwonyň 5000 görnüşi bar. Şeýle hem ýurtda çöregiň birnäçe muzeýleri ýerleşýär.



3. Aýtmaklaryna görä, aspirini 1897-nji ýylda nemesler oýlap tapypdyrlar.
4. Germaniýada sportuň meşhur görnüşi – futbol.
5. Günüň dowamynda 2 sagatdan artyk saz bilen meşgullanmak – goňşulary birahat etýandigi üçin, kanuny bozma hasap edilýar we jerime ýazylýar.
6. Welosiped sürmek üçin, ýörüte synagdan geçmeli.
7. Bawariýa şäherinde iş ýeriňde piwo içmeklige rugsat berilýär.



8. Öýsüz-öwzarsyz nemesleriň köpüsi esasan it saklaýarlar, sebäbi oň üçin olara pul tölenilýär.



9. Nemes kompaniýalarynda ýolbaşçy bilen, adatça, “sen” diýip gepleşýärler.



10. Germaniýada takmynan 250-ä golaý gazetdir žurnallar rus dilinde çap edilýär.
11. Ýurtda erkek adamlar ortaça 78, aýallar 83 ýaşaýar.
12. Gamburg şäherinde 2500-e golaý köpri bar.



13. Türmeden gaçanlygy üçin tussag jezalandyrylmaýar. Sebäbi nemes kazyýeti adamyň erkinlige jan etmesini aklaýar.
14. Nemesleriň takmynan 320 müňüsi Müller familiýasyny ulanýarlar.
15. Dünýäde iň dar köçe Germaniýanyň Roýtlingen şäherinde ýerleşýär. Onuň ini bary ýogy 31 santimetr bolup, oňa Şproýerhofştrasse diýilýär.



16. Ýurtda taksileriň we polisiýa ulaglarynyň köpüsi Mersedes awtoulagydyr.



17. Eger ýolda sürüjiniň ulagynyň ýangyjy gutarsa, jerime ýazylýar.
18. 1989-njy ýyldan 2009-njy ýyla çenli aralykda Germaniýada çagalaryň ýetmezçiligi sebäpli 200-e golaý mekdepler ýapylypdyr.
19. Youtubdaky iň meşhur 1000 wideolaryň 60%-i Germaniýada gadagan edilendir.
20. Fanta içgisi ilkinji gezek Germaniýada oýlanyp tapylypdyr.



21. Şarpyk çalmak – 500 ýewro jerime.
22. Germaniýadaky bolýan jenaýatlaryň 80%-i daşary ýurtlylar tarapyndan amala aşyrylýar.
23. Nemes zenanlarynyň köpüsi tagam taýýarlamakda tejribesiz.



24. Germaniýada “daşary ýurtly” sözi – paýyş hasaplanýar.
25. Tene surat çekdirmek – Germaniýada örän giňden ýaýrandyr.



26. Nemesler örän ir ýatýarlar we ir turýarlar.
27. Germaniýada ýola taşlanan çilim galyndysy üçin jerime – 20 ýewro.
28. Eger sürüji içgili tutulsa – 500 ýewro jerime, ikinji gezek ýene içgili tutulsa – 1000 ýewro.
29. Ýene-de bir jerime – polisiýa işgärine “sen” diýip ýüzleneňde. Eger şeýle ýagdaý bolsa – 600 ýewro jerime. Şonuň üçin “Herr Wachtmeister” (Jenap polisiýa) ýa-da eger polisiýa işgäri aýal maşgala bolsa – “Frau Wachtmeister” diýmeli. Ýöne iň gowusy “siz” (Sie) diýip ýüzlenseň has ýerlikli.
30. Nemesler telewizor görmegi halaýarlar. Olaryň iň halaýany – polisiýalar hakyndaky teleseriallar.
31. Sowgat hökmünde nemesler birek-birege esasan pul ýa-da kitap berýärler. Hat-da Täze Ýylyň öň ýanynda-da ýörgünli berilýän sowgat – 20 ýewro.



32. Germaniýada internetden gadagan edilen maglumatlary (wideo, surat we ş.m) almak – 5 ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
33. Är-aýalyň hojalykdaky hasaplary aýry-aýrydyr. Hersiniň öz puly bankda aýry hasapda durýar. Hat-da ýaşaýyş jaýy üçinem hersi öz tölegini aýry töleýär. Onsoňam, aýaly adamsynyň näçe gazanýandygyny, näçe sowýandygyny, nämelere harçlaýandygyny bilmeýär we bu adaty ýagdaý hasaplanýar.
34. Germaniýada umumy hammam diýip eşiden bolsaňyz gerek. Ýagny bu – erkeklere, aýallara we çagalara deň bolan hammam. Özem şol hammama içki geýimde ýa-da iň bolmanda şypbykda girmek – gadagan, diňe ýalaňaç ýagdaýda rugsat berilýär.
35. Ýurtda tölegli jynsy gatnaşyk üçin ýörüte klublar we hyzmat ediş ýerler bar. 18 ýaşyna ýeten her bir adam oňa gatnaşyp bilýär.



36. Nemesler zibilleri hem aýry-aýrylykda goýýarlar, meselem: kagyz, aýna, iýmit, eşik. Hersiniň aýry taşlanýan gaby bar.



Taýýarlan: Baýhan Alyýew


162

17

3

6

0

0

1
Teswirler:
 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 12.06.2024 / 00:28

+1

Mlds gowy eken

 Gytyndan
 Yekejelai [off]
  Øzime_dønein?
 12.06.2024 / 00:33

+0

tasin eken

 Täzeje
 Мяхри [off]
  Джана моя ✨
 13.06.2024 / 11:35

+1

Gow manyly

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Admin aga yuklemeleri goyun Programma duzdum solary ilçilige paýlajak...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Akademik3 (Düýn, 23:44)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


Okadym, 👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Orazjan (Düýn, 22:26)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


wuuw okayjakdym uzyn eken son bosh wagtym okaryn...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Diamante (Düýn, 21:00)

Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet


bunyňy imo foruma hödürlejekdälmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Erkek kişiden görelde alarlyk 7 häsiýet
Fantom (Düýn, 18:36)

Käbäme


Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk? ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Käbäme
Fantom (Düýn, 17:18)

Aÿyplaşma!!!


Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe... Like: 8 Awtor: bar...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Aÿyplaşma!!!
Fantom (Düýn, 16:49)

Durmuşdan samsyk gatyşykly....


Ýene 1 like al, imo foruma alynýamy göreli ))...dowamy...
Erkin mowzuklar | Durmuşdan samsyk gatyşykly....
Fantom (Düýn, 16:45)

Ilki bilen Salam


Ine bu mowzukda meniň köneje tanyşlarym üýşüpdir Talyplardaky:-) Nähili Rakuten agza?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Perhat_Sabirovv (Düýn, 14:55)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Goshgylary gozlemek ucinmi ? gereksiz funksiya...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
Boniya (Düýn, 14:14)

Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik


Borrrrrrr...dowamy...
Saýt barada | Ýürekdeş saýtymyzdaky mowzukçy agzalarmyza täzelik
rexha (Düýn, 12:45)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика