Agzamen [off]
12.06.2024 / 07:40
Säheriň ümsümligi, oýanýaryn,
Dünýäniň dertleri dökülýär sere.
Sosýal medýada habarlar sil ýaly
akyp,
Dolýar kalba,
Bogulýas seret.
Gorky hem umytda gidemde sejdä,
Parahatlyk dilär gursagym daýym.
Janlanar gözümde doganmyň ahy,
Protest edýän, dymyp,
"Ysraýyl zalym!"
Bu dünýä ýene-de ýaşamazça däl,
Akla ýürek hossar, ýüregme aklym.
Geçmiş ötünç sorar "Öteräk geçdim..."
Geljek serhet gurar "Edepde saklan!"
Gazanç diýp günleri kowamok, ýöne
Möçber-de gerek-dä bu panylyga.
Monotondan gaçyp ýolagçy borun,
Görmedik ýerlerme, gümanalyga
"Nigilist" diýýärler "ullakan ýalan!"
Öwezin dolup ýör:n ýitirenlermiň.
Uky basmarlaýar...
we ýene aza:n...
Dünýä dertleri, söýgi ýaralary,
Synag diýp garşyma getirenleri...
Baýramgylyç Sapargylyjow
![]() 291 |
![]() 10 |
![]() 3 |
![]() 1 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 2 |

Agzamen [off]
12.06.2024 / 09:46
+1
Perhat_Sabirovv, ýalňyşlygy ýoga. Türkmen sözi däl. Öz aňladyş dilinde sosial bolup biler ýöne türkmen dilimize "sosýal" görnüşde geçen.
Mysal hökmünde "computer" sözi alaly. Öz dilinde şeýle ýazylýa ýöne ýazylşyna dälde okalşyna seredilýä bir dilden söz alynanda. Ýazylşy computer okalşy (öz dilindede) kompýuter.
Onsañam diñe bulam däl. Halklarda dilleriň öz başdak bolşy ýaly her milletiň diliniň aýratynlyklary özbaşdak. Biziň dilimize rahat bolan görnüşi göz öňünde tutulmaly.
Bular hiç hytaý, ýapon, koreý, arap ýurtlarynda dagy daşary ýurtly adamyň adynam öz dilleriniň aýratynlyklaryna görä üýtgedip geçirýäler. Ýazýalar. Okaýalar.
Garaz... şeýle ýagdaýlar-da
Täzeje
(12.06.2024 / 16:52)
Agzamen, ýalňyşlygy bar. Alynma sözler diýip bir zat bar. Şonda başga dillerden biziň dilimize geçen sözler jemlenen: disk, router, kafe, kofe, restoran we ş.m.-ler. Bularyň öz ýazylyş düzgüni bar we biziň ýakyn taryhymyzda rus dili bilen ýygy aragatnaşyk saklanylansoň, iňlis, latyn... dillerindäki sözler, köplenç, biziň dilimize ors dilindäki görnüşinde alynýar. Şuňa laýyklykda, "sosýal" däl-de, "sosial" bolmaly. Mysal üçin: TSSR: "Türkmenistan sowet sosialistik respublikasy".
Onsoňam
Täzeje
(12.06.2024 / 16:53)
Agzamen, Onsoňam, gepleşik dili bilen ýazuw diliniň tapawudy bar, ýagny biziň dilimizde "týatr", "stadýon", "widýo", "tilfon", "walibol" diýip aýdylýar, emma ýazylanda, degişlilikde, "teatr", "stadion", "wideo", "telefon", "wolleýbol" bolmaly. Maňa "magnitafon" diýenden, "maýtafon" diýmek oňaýly, ýöne maňa oňaýly diýip ýazuw kadany bozup bolmaz.
Goşgyň özi barada giňişleýin gürrüň etjek däl. Halypa tutunsa, kem bolmaz.
Hormatly ulanyjylar !
Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Şemal...dowamy...
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)