Ýürekdeş sözler!
yureksiz : Unutmagy öwretsediň, öwredişiň ýaly söýmegi...#.fileo
«El çarpdylar, uçup çykdym münbere...»
Täzeje Yegen [off] 15.06.2024 / 18:35
«El çarpdylar, uçup çykdym münbere...»
***
El çarpdylar, uçup çykdym münbere,
Ürküzilen guşlar ýaly galgadym.
Bir gez galdym mertebämi düňderip,
Joşup gürläp, ynsabymy aldadym.
Moý açdy kalbymyň syrça suwagy,
Nebsim — çarygyny undan Aýazhan.
Sypyrdym-da ýüzümdäki tuwagy,
Şöhrat ýodasyna etdim paýandaz.
Göge bakdy tekepbirje temegim,
Gedem-gedem gadam urdum dözümli.
Gabarasy artyp gaba tenimiň,
Haýa donuň ilikleri üzüldi.
Injir ýapragyndan ýasanyp örtük,
Gabaraly şöhrat çykdy münbere.
El çarpdylar,
⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀⠀ynsap — bilbilim ürküp,
Uçup gitdi gülli öten günlere...
© Orazmyrat MYRADOW
Teswirler:
Gytyndan Yekejelai [off] Øzime_dønein? 15.06.2024 / 18:52+0gowken aklm 
Premium
BAYOGUL [on] 16.06.2024 / 17:21+0Mlds gowy eken
Soňky teswirler
Käbäme
Eý waý, baş sahypada ýoklaý bu mowzuk?
ýa men gowy sermelenmedimmikäm?...
dowamy...Aÿyplaşma!!!
Inha imo forumda şunuň ýaly hemme zady ýerbe ýer bolsa goýulýar. mysal gerek diýänlere, meň düşinşimçe...
Like: 8
Awtor: bar...
dowamy...
Ýokaryk