“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | EDEBIÝAT | Şygryýet

ÝATLAMA
Premium
 Belki [off]
 18.06.2024 / 16:03
 Kupa kızı, sinek valesi ❤️



ÝATLAMA

Gurbanlyk günüdi.
Ikimiz bileje hiňňildik uçduk,
Al-asmany ýelpäp gaýtdy başymyz.
Ýerde agtarypdym.
Gökde gowuşdyk,
Ertekä aýlandy degre-daşymyz.

«Uçmah» sözi «uçmak» sözünden, meger...
«Hemrasyna hamrak durnaň bolaýyn!
Uly il ýylda bir gurbanlyk berer,
Saňa gaýta-gaýta gurban bolaýyn!» —
diýdim.
Bir ýylgyrdyň. Giňedi asman.
Ataşdan yş beren uçgun gördüm men...
Soň düşüp gidipsiň.
Galyp men ahmal,
Bat alyp, bat alyp uçdum ýördüm men.

Şol gün göwne soňsuz heser inipdir,
Syryna düşünip-düşüp bilemok.
On sekiz ýyl öňki şol hiňňildikden
Men heniz bolubam düşüp bilemok.

Kakamyrat Rejebow


237

24

3

1

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Agzamen [off]
 18.06.2024 / 19:41

+0

Gözzäpbörönüm öňümden çykdy

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->