Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Zehinli : Öz Aladasyny etmeýän Telefonyň aladasyny

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Bu dünýäniň gözüne gan öýlüpdir...
 Gerekli
 Aixcam_nx [off]
 21.06.2024 / 17:36
 Raionymyn ovadanjasylai_nx


Bu dünýäniň gözüne gan öýlüpdir,
Men gaýdamsoň asman zaryn aglady.
Bir akmag-a oňa ýagyş diýipdir,
Bir ýalançam göz ýaş diýip , aldady .

Ol adamzat hesretiniň belendi,
Şabyrdaýyp giden, sygman kagyza.
Gözýaş bolsa- ol ejizlik bolardy,
Ýagyş bolsa- ýönekeý bir hadysa.

Ol asmanyň ýer tapmadyk yhlasy,
Syrdaş gözläp , penjiräni kakdy ol.
Nirelerden ol delalat isledi,
Ýeňlemedi, gussa bolup akdy ol.

Jaýlaň üçeginden özün taşlady,
Ýüzün urdy tikenekli baglara.
Bir pursatlyk dolduran soň boşlugy,
Galdy boşap, peşeň deýin bugaryp.

Hanha, öz ugryna gitdi süýrenip,
Köçelerden,endam jany ýaraly.
Kimler oňa durdy biraz güýmenip,
Kimler onuň synasyndan ýöredi.

Tebigatyň emri şeýle , ýok karar,
Özüň aglap, ýene özüň diňmeli .
Ýöne ýagyşlaňam bir kadasy bar,
Dynman ýagsa döredýär ol jeňňeli.

© Döwlet ORAZSÄHEDOW.


141

10

2

2

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Id_327 [off]
 21.06.2024 / 17:46

+0

Goşguny ööň okamda "Wauw" diýipdim. Çyndanam gowy goşgy wauw diýerlik
Ýöne indi häzir okaýaňam welin şu "Bir akmag-a oňa ýagyş diýipdir" birhiljek bolup göründi-dä


Gerekli
Aixcam_nx  (21.06.2024 / 17:53) 

Id_327, yagysyn yerine nm bolmaly asyl


Täzeje
Id_327  (21.06.2024 / 17:53) 

Aixcam_nx, düşünmedim


Gerekli
Aixcam_nx  (21.06.2024 / 17:57) 

Id_327, on okanda yagys dp duran yerinde nm okadn


Täzeje
Id_327  (21.06.2024 / 18:01) 

Aixcam_nx, hää.. şol bir goşgy şol bir setirler. Hiç hili üýtgeşiklik ýok. Ýone meň diýjek bolýanym goşgyň şol setirine garäýşym başdaky okanymdak6 bilen häzir okanymdakysy bir däl diýjek bolýan


Gerekli
Aixcam_nx  (21.06.2024 / 18:03) 

Id_327,

 Gytyndan
 Yekejelai [off]
  Øzime_dønein?
 21.06.2024 / 22:58

+0

haladm gaty gowy


Gerekli
Aixcam_nx  (21.06.2024 / 23:33) 

Yekejelai, sps

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ak stil............


bagysla gozim meni...dowamy...
Umumy | Ak stil............
bars (Şugün, 17:48)

Gosgularym


ýitiñ ujy galam bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
bars (Şugün, 17:42)

Gosgularym


Teswire pylchayypsynda gozelim mowzuga ****syň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
rexha (Şugün, 15:41)

Gosgularym


Bakma yza,meni hiç wagt ýatlama Özge bilen durmuş göwne jaý bolsa"- Sul setir bogun sany artyk dos...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
@menin_dunyam (Şugün, 15:32)

Gosgularym


Tuweleme, galamyň ujy ýiti bolsun!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Daniel (Şugün, 15:30)

Gosgularym


Bu gün ýene şol gün,laýyk bir ýyl öñ Ýagyş sil deý ýeri ezen ekeni Meñ üçin iñ eziz mährem ejemi Görüşim şol soñky gezek ekeni Ýagyşly bir günd...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Şugün, 15:00)

Gosgularym


Bu gün ýene küýsäp mährem didaryñ Çäresin tapmadym ýazmakdan başga Bolsañ beýle jebire ýol bermezdiñ Wah,arman ejemjan aramyz daşda Ynha süýji ý...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Şugün, 14:51)

Gosgularym


Döwür geçer,günler geçer elbetde Hemme zatlar galar,bolup bir salgym Hatda ömrüm dursa soñky serhetde Men şondada ejemli güni küýsärin Barýas du...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Şugün, 14:50)

Ak stil............


Dannydan ajayyp setirler diyjek welin ajayyplygam-a yok 😆...dowamy...
Umumy | Ak stil............
Belki (Şugün, 14:39)

El classiko 35 tur Barselona ---Real


Belki 1:4 Belki 4:1 Belki 0:5 Belki 5:0 Belki 3:2 Belki 2:3...dowamy...
Sport älemi | El classiko 35 tur Barselona ---Real
Bayradot (Şugün, 13:24)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика