Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Gerceknazar : Eneň-ataň saňa ýagşylyk eder, Olaň ýamanlygam ýagşylygadyr. @Gerçeknazar

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Söhbet Döwletow "Ömür"
 Öwreniji
 Sohbet_Dowletow [off]
 22.06.2024 / 10:57
 .

Geçmiş köpeldikçe, geljek azalýar,
Boş-boşuna geçip barýar bu ömür.
Sarp edilip manysy ýok zatlara,
Gymmatyndan gaçyp barýar bu ömür.

Göwün göterilse dünýä sygmajak
ýaly bolýar ynsan, durman ylgajak,
Bir gitse yzyna hijem gelmejek
Guşlar kimin uçup barýar bu ömür.

Garyp bendäň artdyrman hiç nanyndan,
Adamzady doýuryp öz janyndan,
Gam-gussasy bilen ynsan ganyndan,
Edil suw deý, içip barýar bu ömür.

Kemelip barýar-la, aýtsak bir sözden,
Mährini görmänkäň oguldan-gyzdan,
Entäk ýetişmänkäk hiç zada, bizden
kem-kem ara açyp barýar bu ömür.

Ýaňy görenleriň ýokdur ýerinde,
Hasaly ýör, düýnki ylgaýan bende,
Çagalyk, ýetginjek... döwürler nirde,
Şeýdip, yzda galýar ençeme döwür,
Otly deýin geçip barýar bu ömür.

Söhbet DÖWLETOW.
22.06.2024ý.


116

6

0

4

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ak stil............


bagysla gozim meni...dowamy...
Umumy | Ak stil............
bars (Düýn, 17:48)

Gosgularym


ýitiñ ujy galam bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
bars (Düýn, 17:42)

Gosgularym


Teswire pylchayypsynda gozelim mowzuga ****syň...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
rexha (Düýn, 15:41)

Gosgularym


Bakma yza,meni hiç wagt ýatlama Özge bilen durmuş göwne jaý bolsa"- Sul setir bogun sany artyk dos...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
@menin_dunyam (Düýn, 15:32)

Gosgularym


Tuweleme, galamyň ujy ýiti bolsun!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Daniel (Düýn, 15:30)

Gosgularym


Bu gün ýene şol gün,laýyk bir ýyl öñ Ýagyş sil deý ýeri ezen ekeni Meñ üçin iñ eziz mährem ejemi Görüşim şol soñky gezek ekeni Ýagyşly bir günd...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Düýn, 15:00)

Gosgularym


Bu gün ýene küýsäp mährem didaryñ Çäresin tapmadym ýazmakdan başga Bolsañ beýle jebire ýol bermezdiñ Wah,arman ejemjan aramyz daşda Ynha süýji ý...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Düýn, 14:51)

Gosgularym


Döwür geçer,günler geçer elbetde Hemme zatlar galar,bolup bir salgym Hatda ömrüm dursa soñky serhetde Men şondada ejemli güni küýsärin Barýas du...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gosgularym
Bashimow_Toyly (Düýn, 14:50)

Ak stil............


Dannydan ajayyp setirler diyjek welin ajayyplygam-a yok 😆...dowamy...
Umumy | Ak stil............
Belki (Düýn, 14:39)

El classiko 35 tur Barselona ---Real


Belki 1:4 Belki 4:1 Belki 0:5 Belki 5:0 Belki 3:2 Belki 2:3...dowamy...
Sport älemi | El classiko 35 tur Barselona ---Real
Bayradot (Düýn, 13:24)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика