Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : I'm quiet but not blind Sessizdirn ýöne kör däl
Gerek borun
Gerekli Aixcam_nx [off] 22.06.2024 / 15:25 Raionymyn ovadanjasylai_nx

Itme eliň tersi bilen,
Ganat borun, ýelek borun.
Berme sen meni nebsiňe,
Belki, bir gün gerek borun.
Seçip dünýäniň harpygyn,
Ezilse ýaşa kirpigiň,
Çykyp çygryndan erkimiň,
Köräp duran ýürek borun.
Neýlärin men aňlamasaň,
Gülüp bolmaz, aglamasaň,
Iň beýik zady harlasaň,
Men munda ot-elek borun.
Düşmüşem ýoluňa bijäm,
Aglatma, azaşar serçäň,
Herhal jennete gidinçäň,
Zemindäki melek borun.
Men Aýy aýama almak
isledim…
Men Aýy aýama almak isledim,
Gaýta Aýsyz galdym Aýyň içinde.
Öýjagaz gurjakdym palçygy eýläp,
Arzuwmy kirletdim laýyň içinde.
Sonam ürküp gitdi zaryn heňimden,
Okum göçmän galdy ýaýyň içinde.
Peýkamymy pylçap uran ýerimden,
Dünýe zyndan boldy jaýyň içinde.
Köňlüm gurruk guýa öwrülip barýar,
Men bir agzy kepän saýyl içinde.
Aýly boljak bolup, Zeminden gidip,
Aýymy ýitirdim Aýyň içinde.
© Tirkişmyrat Nurýagdyýew
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Gosgularym
Bakma yza,meni hiç wagt ýatlama
Özge bilen durmuş göwne jaý bolsa"-
Sul setir bogun sany artyk dos...
dowamy...Gosgularym
Bu gün ýene şol gün,laýyk bir ýyl öñ
Ýagyş sil deý ýeri ezen ekeni
Meñ üçin iñ eziz mährem ejemi
Görüşim şol soñky gezek ekeni
Ýagyşly bir günd...
dowamy...Gosgularym
Bu gün ýene küýsäp mährem didaryñ
Çäresin tapmadym ýazmakdan başga
Bolsañ beýle jebire ýol bermezdiñ
Wah,arman ejemjan aramyz daşda
Ynha süýji ý...
dowamy...Gosgularym
Döwür geçer,günler geçer elbetde
Hemme zatlar galar,bolup bir salgym
Hatda ömrüm dursa soñky serhetde
Men şondada ejemli güni küýsärin
Barýas du...
dowamy...
Ýokaryk