Ýürekdeş sözler!
Owadanjam : Gyz bolmak gaty kyn:Söýüşsen samsyk,söýüşmeseñ ulumsy,Gövün bersen ýeñil,Yryp bilmeseler-?️gepini ederler
Guraýan otlar
Gerekli Aixcam_nx [off] 22.06.2024 / 15:32 Raionymyn ovadanjasylai_nx

GURAÝAN OTLAR
Ýaz gelse, menem özüme adatyja pişämi tapynýaryn. Her gün işden gelip mellek ýerimizdäki hapa-haşal otlary ýygmaga oturýaryn. Özümizde ne ownuk, ne iri mal bolmanlygy sebäpli, ýygylan otlary gerekli goñşulara hödürlemek adatymyz bar.
Şeýle günleriñ birinde ejem goñşy köçämizdäki aýalyñ ogluna mallary üçin taýýar ýygylan otuñ bardygyny aýtdy. Oglan "Almaga geleris" diýse-de, habar-hatyr bolmady.
Ine, düýn welin öýlän töwereklerde gapymyz kakyldy. Seretsem, şol oglan. Arabasyny alypdyr-da, geläýipdir. "Ejeñ ot bar diýdi" diýip, boýnuny burup dur. Wah, oty gysganamok-la, ýöne şol günüñ düýn-öññininde bolanja oty daýymyñ ýeñil ulagyna ýükläp, şolara baka ugradaýmarysmy?!
Oglanyñ özündenem beter oñaýsyz ýagdaýa düşüp,ahmyr bilen hyrçymy dişledim: "Jigim, otuñ bardygyny aýdanymyzdan soñ üç-dört gün geçdi ahyry. Şol wagt gelmeseñ, başga kişä berýäs-ä."
Diýsem diýdimem welin, raýyny ýykmazlyk üçin mellek ýerime aýlandym. Iki üýşmejik guran ot çykdy. Ojagaz otlar bilen arabasynyñ dolmajagyna göz ýetiren oglan terje otlardan özi ýygmaga oturdy. Onuñ hyrçyny dişläp,ot ýygyşyny penjireden synlap oturşyma içki dünýäme çümüp gidipdirin.
...Ýüregimizde käbir adamlar üçin oñat duýgular üýşürip goýýarys. Näme üçindir şol adamlar bu duýgulara wagty bilen üns bermeýärler. Ine-de bir günem, hälki oglanyñ gapymyzy kakyp, ot soraýşy ýaly ýüregimiziñ gapysyny kakýarlar-da, "Şo-ol duýgularyñdan ýokmy?" diýip, soraýarlar. üstünden geçen ep-esli wagt zerarly duýgularymyzam edil otlar ýaly guraýar. Onsoñ, oglanyñ ter oty ýygyşy ýaly şol adamlaram bu duýgulary azap edip täzeden döretmeli bolýarlar. Käsi,şol oglan ýaly ýalñyşyna düşünip, ýaltanman azap çekýärler, käsi bolsa başga biriniñ ýüreginde üýşürlen duýgulara tarap at salýarlar...
...Bu gün oglanyñ ot ýygan ýerine aýlanyp gördüm.Otlar ýüzleý ýygylypdyr, yzynam dökän-saçan edip gidipdir. "Haý, señ ot ýygjak bolşuñ gursun!" diýip, hüñürdänimem duýman galypdyryn. Aý,howwa-da bu ýerde geñlär ýaly zadam ýok, men-ä mellegiñ arassaçylygynyñ aladasynda, ol bolsa malynyñ garnyny doýurmagyñ...
Mahym Nurgeldiýewa
Teswirler:
Gytyndan Yekejelai [off] Øzime_dønein? 25.06.2024 / 14:23+0
Soňky teswirler
Gosgularym
Bakma yza,meni hiç wagt ýatlama
Özge bilen durmuş göwne jaý bolsa"-
Sul setir bogun sany artyk dos...
dowamy...Gosgularym
Bu gün ýene şol gün,laýyk bir ýyl öñ
Ýagyş sil deý ýeri ezen ekeni
Meñ üçin iñ eziz mährem ejemi
Görüşim şol soñky gezek ekeni
Ýagyşly bir günd...
dowamy...Gosgularym
Bu gün ýene küýsäp mährem didaryñ
Çäresin tapmadym ýazmakdan başga
Bolsañ beýle jebire ýol bermezdiñ
Wah,arman ejemjan aramyz daşda
Ynha süýji ý...
dowamy...Gosgularym
Döwür geçer,günler geçer elbetde
Hemme zatlar galar,bolup bir salgym
Hatda ömrüm dursa soñky serhetde
Men şondada ejemli güni küýsärin
Barýas du...
dowamy...
Ýokaryk