“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | EDEBIÝAT | Şygryýet

Garaz... biraz...
 Täzeje
 Agzamen [off]
 22.06.2024 / 23:27

"Arzan düşen" aýralygyň hözürin,
Görübergin gizlemezden, çekinmän.
Seň bolşuň deý bolup bilmän ezizlim,
Ruhsuz tende gezip ýörün ýykylman.

Baryda hiç unudaryn ölýänçäm,
Her günümi bagş edip boş hyýala.
Seň-ä gözleň bakar özge adama,
Menem ýar diýerin özge aýala.

***

Iñ bolmanda ýatlap durgun kä zaman:
Ýüregiñ gussadan tebil tapynyp...
Gursagyñ dar gelse hyýallaryña...
...arzuwlañ yas tutsa gara atynyp...
Iñ bolmanda ýadyña sal şo zaman
Meñ söýgime neneñ bergidarlygyñ..!
Ýüregiñde götereniñ yzyndan,
Garap galanyñda algydar deýin.
Iñ bolmanda añyña sal şo zaman,
Hem men bolup dünýä inmedigiñe
Şükür et. Ýylgyr,
öz bagtyña hoşamaý.

***

Ruhum ýene ynjalyksyz bu gije,
Gyzgyn kofe ýyladanok oýumy.
Geljek pikri gümanalyk ýüpünde,
Derwazçy deý görkezip ýör oýuny.

Tomaşaçym bolsa ýene ýalňyzlyk
(Ýekeligmiň günäkäri ynjyk ýar!).
Gijäň ýary gör-ä peteksiz gelip,
Penjirämden garaňkylyk jyklaýar...

***

Ak garany saýhallamak deregne,
Al-akmak deý söýgiň reňkin aňtadym.
Hyýalym-a kämillige çykmakdy,
Saňa barýan düz ýodada agsadym...

***

Maňa bir azajyk ümsümlik beriň,
Ýaşaýyn arkaýyn söýgüden ýanman.
Ýüregmi jokrama yssydan alyp,
Aýralyk ýagşyna ezmäne barýan.

#Özüm


213

17

2

4

0

0

1
Teswirler:
Täzeje
 boshver [off]
 22.06.2024 / 23:29

+0

Seň-ä gözleň bakar özge adama,
Menem ýar diýerin özge aýala.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->