Ýürekdeş sözler!
Fantom : Sen meni bagyşla, Eşek! käbir deýýus adamlary saña meñzedip men seniñ mertebäñi peseldýärin.
Aydysyk (degismeler)
Premium
BAYOGUL [on] 24.06.2024 / 10:26
Aýgül:
-Otlar salan niçäge,
Dynç günümiş o çäre.
Bizde näme kän-çaga,
Bezär ýaly şol çäräni,
Eltelimi bäş çagany?
Gülkamat:
-Beýtmek gowy däl, syrdaşym,
Ol ýer toýy däl gardaşyñ,
Gülki bolar içiñ-daşyñ,
Gaty görer agalary,
Ýok, eltmäli çagalary!
-Çagany etmek nägile,
Gelişermi bu päk ile?!
Sarsgyn bersinler "Kämile",
Diýip "Hydyryñ halany",
Eltelimi bäş çagany?
-Eşitseler kaka adyn,
Çagalar bolmazlar nadyl,
Almaly çäräniñ badyn,
Ellerine şar alaly,
Ýok, eltmäli çagalary!
-Gepem şondadyr, jorajan.
Şoñ üçin senden soraýan.
(Sen kimi kimden goraýañ?!)
Kakasam şol ýerde çagy,
Eltelimi bäş çagany?
-Goh etse, şarpyk çalybam
Bolmaz badyny alybam.
Boýdaş, señ derdiñ bilibem
Diýmäýin: "Eltmäli çaga",
Diýmäýin: "Beýtmäli çärä"
Diýýän: "Tirkäp bar yzyña,
Özüm seretjek gyzyña".
-Şarpyk däl, çapak çalynsyn,
"Elegant" atyr alynsyn.
Guşagyñ gaýym dañylsyn.
Olar sungat kişileri,
Tapylar-a düşüneni.
Öñem pozduk kän çäräni,
Elteli biz bäş çagany!
Teswirler:
Özümiziňki Diamante_08 [off] Sessizliğim çığlığımın terbiyelisi... 24.06.2024 / 10:49+05 caga
Gytyndan Aixcam_nx [2m] Raionymyn ovadanjasylai_nx 24.06.2024 / 18:45+0
Soňky teswirler
Adam islendik zada çyn ýürekden garaşýar. Emma ol bolmasa, ruhy ýykylma döreýär. Şonda “Haýyrlysy bolsun” diýmek bilen biz oňa teselli berýäris w...
dowamy...
Gurhany Kerimde «Siz bir zady halamaýarsyňyz, ýöne ol siz üçin haýyrlydyr» diýilýär. (Birgün wagtyň geçmegi bilen haýyrlysy bolanyna gowy göz...
dowamy...
Hayyrlysy bolsun sozi adamlar oz-ozuni kosheshdirmek ucin ya-da oz-ozuni aldamak ucin tapadylar....
dowamy...
Elimizden hiç zat gelmedikçe haýyrlysy bolsun diýýäs...
dowamy...
Ýokaryk