“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | UMUMY BÖLÜM | Erkin mowzuklar

Türkmen hanlary we serdarlary (Baýramaly han)
 Täzeje
 Agzamen [off]
 26.06.2024 / 14:27

BAÝRAMALY HAN


Baýramaly han Marynyň hökümdary bolupdyr. Ol Maryda gajarlaryň agalygyny berkleşdirmek ugrunda göreşipdir. Salyr we saryk türkmenleri bilen hem belli bir derejede hyzmatdaşlyk edipdir. Baýramaly hanyň döwründe Maryda ekerançylyk, hünärmentçilik we söwda ep-esli derejede ösüpdir. Şaýylar bilen sünnüleriň göreşiniň ýitileşmegi netijesinde Baýramaly hanyň Buhara emirligi bilen aragatnaşygy ýaramazlaşypdyr. 1785-86-pjy ýyllarda Şamyrat Welnamy Buharadan Mara iki sapar ýöriş edipdir. Ilkinji söweşde Baýramaly han (1785) wepat bolupdyr. Soňra onuň ogullary, garyndaşlary we Mary şäherinde ýaşaýan müňlerçe gajarlar Buhara sürlüp äkidilipdir. Köne Maryny suw bilen üpjün edýän Soltanbent gatlasy sakçynyň dönüklik etmegi netijesinde weýran edilipdir. Şäher suwsuz galyp. ýurtda açlyk-gedaýçylyk başlanypdyr. Şamyrat öz ogly Din Nasyr begi Mara häkim edip belläpdir. Baýramaly han ölenden soň Maryda gajarlaryň agalygy synyp başlapdyr we 1807-nji ýylda tekeler gajarlaryň iň soňky bölegini Maşada göçüripdirler. Şondan soňra welaýat doly suratda türkmen taýpalarynyň eline geçipdir. Baýramaly şäheriniň demirgazyk-gündogaryndaky köne Marynyň galyndylarynyň bir bölegi hem Baýramaly han galasydyr. Baýramaly han galasy diýlip atlandyrylsa-da, ol galany Baýramaly han saldyrmandyr. 15-nji asyryň birinji ýarymynda Abdylla han galasy salnypdyr, ikinji ýarymynda bolsa (Teýmirleň döwründe) Baýramaly han galasy salnypdyr hem-de bu iki gala utgaşypdyr, bilelikde bolsa Baýramaly han galasy diýip atlandyrylypdyr.


Çeşme: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy "Ensiklopediýa" neşirýatynyň "Türkmen hanlary we serdarlary" atly kitabyndan nusgalandy.


225

17

4

1

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Kadir [off]
  Geyani jinsi belli dal jynsy
 26.06.2024 / 14:58

+0

Baýramala han hakynda eşidemok hiç hili, eşidendirinem welin ýadyma dusenok. Gowy giňişleýin öwrenmeli ol hakda

 Täzeje
 Bagul [off]
  Bazi şeyler kalbinizi kirar ama közünüzi açar.
 26.06.2024 / 19:14

+0

Gaty gowy eken

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (Düýn, 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (Düýn, 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->