“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | UMUMY BÖLÜM | Erkin mowzuklar

Türkmen hanlary serdarlary (Berdimyrat han)
 Täzeje
 Agzamen [off]
 27.06.2024 / 17:29

BERDIMYRAT HAN

Berdimyrat han Nurberdi hanyň birinji aýaly Nurgözelden bolan ogludyr. Ol juda ýaşka wepat bolupdyr we onuň terjimehaly, bitiren işleri barada saklanyp galan ullakan ýazuw ýadygärlikleri ýok. 1879-njy ýylda Nurberdi han Marydaky hanlygyna maslahata gidende, wagtlaýynça Berdimyrat hany ýerine Ahala han saýlapdyrlar. Ýöne ol entek ýaş bolansoň, Nurberdi hana ýakyn iki adam – Orazmämmet han bilen Gurbanmyrat işan oňa geňeşdarlyk edipdir. Berdimyrat hanyň hanlyk eden döwri rus goşunlarynyň generallary Lazarewiň hem Lomakiniň baştutanlygyndaky ilkinji Ahal-teke ekspedisiýasyna gabat gelýär. Ekspedisiýany taýýarlan hem oňa baştutanlyk eden general Lazarew bolupdyr. Emma ol 1879-njy ýylyň 14-nji awgustynda, Gökdepe galasyna hüjüm edilmezinden bary-ýogy ýarym aý ozal aradan çykypdyr. Onuň deregine çini boýunça general Lomakin wagtlaýyn komanduýuşiý bellenipdir. Ekspedisiýa hem Lomakiniň ekspedisiýasy diýen at galypdyr. Ruslaryň gelýändigini eşidip, tekeler Aşgabatda maslahat geçirýärler. Şol maslahatda hem general Lazarewiň Dykma serdaryň adyna iberen haty okalýar. Tekeler «ruslary Ahala goýbermeli däl, uruşmaly» diýen karara gelýärler. Gökdepe galasyny gurmaly, ilaty şol ýere ýygnamaly edýärler. Galanyň gurluşygyna hemme kişi meýletin gatnaşypdyr. Her on maşgala aýratyn paý bölünip berlipdir. Şonuň bilen bir wagtda ruslary Ahala goýbermezlik üçin söweş operasiýalaryny hem geçirmek bellenýär. Berdimyrat han Orazmämmet handyr Gurbanmyrat işany ýanyna alyp, dört müň atly, iki müň hem pyýada goşun bilen Bendesen geçelgesine tarap ugraýar. Soňra bolsa pyýada goşuny Bendesende galdyryp, Berdimyrat han bilen Dykma serdar rus goşunlarynyň öňünden çykmak üçin Hojagala gidýär. Olar orta ýolda rus kazaklaryna gabat gelýärler. Olara tarap ot açýarlar. Emma aralyk ok ýeterden daş bolansoň, olara hiç hili zeper ýetirip bilmeýärler. Ruslar bolsa uzaga atýan ýarag bilen iki adamy öldürip, dokuzysyny hem ýaralaýarlar. Berdimyrat han bilen Dykma serdar yzyna — Bendesene dolanýar. Gaty çalt hereket etmek bilen Bendesendäki pyýada goşuny hem alyp, şol gijäniň özünde Börmä yza çekilýärler. Börmede maslahat bolýar. Ähli ilaty Gökdepe galasyna ýygnanmaly edýärler. Ilatyň ol ýere göçmegine wagt berer ýaly, tekeleriň goşuny iki günläp şol ýerde saklanýar. Mundanam başga şol maslahatda ilatyň gala ýygnanmagyna wagt utmak maksady bilen Dykma serdary hem Gyzylarbadyň hany Sopy hany boýun egip barýan adam hökmünde ruslaryň arasyna ibermeli edýärler. Söweşe ýolbaşçylyk etmäge Berdimyrat hana doly hukuk berilýär. Ol 1879-njy ýylyň 28-nji awgustynda Lomakiniň goşunlarynyň hüjüme geçmeziniň öňüsyrasynda ýigitleriň arasyna aýlanyp, olary söweşe ruhlandyrýar. Şol günki söweşde Berdimyrat hanyň öýüniň üstüne ruslaryň top oky düşýär. Onuň aýaly, çagalary heläk bolýar. Top okunyň bölegi Berdimyrat hanyň kakasynyň dogany Gurbanyň hem kellesini alýar. Berdimyrat hanyň özi hem şol günki söweşde agyr ýaralanýar we üç günden soň şol ýaradan wepat bolýar. Ony Gökdepe galasynyň içindäki Diňlidepäniň ileri ýapysynda jaýlaýarlar. Onuň mazary şu günlere çenli saklanyp galypdyr. Ruslaryň galanyň üstüne çozanyny eşidip, Nurberdi han hem Marydan gelýär. Nurberdi han ogly Berdimyrat hanyň ölümini mertlik bilen boýun alypdyr. Ol şeýle diýenmiş:– Men oglumyň ölenine şükür edýärin. Sebäbi iliň başyna şunuň ýaly agyr gün düşüp, ýurt üçin gan dökülende, meniň maşgalamdan gan çykmadyk bolsa gynanardym. Berdimyrat han ýaşlygynda wepat bolanam bolsa, ol Gökdepe urşunyň taryhynda öçmez yz galdyrypdyr. Onuň il arasyndaky at-abraýy uly bolupdyr. Ony parasatlylygy, batyrlygy üçin sylapdyrlar.


Çeşme: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy "Ensiklopediýa" neşirýatynyň "Türkmen hanlary we serdarlary" atly kitabyndan nusgalandy.


167

6

2

1

0

0

1
Teswirler:
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (Düýn, 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (Düýn, 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->