Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Maxrim_mv : Мы влюбились в апреле 01.04✨❤

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

"BAGT name?"-diyip soradym PULDAN,
 Gytyndan
 Aixcam_nx [off]
 30.06.2024 / 20:54
 Raionymyn ovadanjasylai_nx

"BAGT name?"-diyip soradym PULDAN,
PUL: "baylyk"-diyip, altynlary gorkezdi.
PULA tarap gadam basjakdym welin,
Baylykdan son "MESLIK" meni urkuzdi.
Sonra bardym "UZAK OMRUÑ" yanyna,
"BAGT senmi?"-diyip, soradym ondan.
Diydi:"Jigim, el-ayagyn ysmaz bor,
SHoñ uchin chyn bagty gozleme menden."
Gaytdym jogap tapman "UZAK OMURDEN",
Soñra yolda gabat geldim"ABRAYA".
Diydim:"ABRAY aga, sendemi BAGT?"
Gorsem, "ABRAY", zaryn-zaryn aglayar.
BAGTY tapman, yuzum salyp gelyardim,
Birden "SÖYGI" ylgap geldi yanyma.
Diydi:"Meni tapsan-BAGTY taparsyn"
Hemmamiz söyeliñ HAKYÑ shanyna!

interesnoe .me


161

13

4

2

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Boniya [off]
 30.06.2024 / 21:54

+1

-Batyr, sen entek sesiňi çykarma. Men bir etjegimi edeýin. Şu pul diýilýän zat bilen hol gaýanyň daşlary meniňüçin deň. Aslynda adamlary ynsapdan çykarýan şu pul, adamyny her ýollardan ýöredýänem şu pul. Onuň üçinem men muny ýaman ýigrenýän. Emma görýärmiň, şeýle ýigrenýänem bolsam, menem ony hol meýdana, daşlaryň arasyna zyňaýmandyryn. Bu pul şeýle bir jadyly-mähirli zat bolar eken


Ata Gowşudow “Perman” romany

 Täzeje
 Agzamen [off]
 30.06.2024 / 22:00

+1

Söýgi - girişmi sen jelepçilige
Ýa-da basgançakmyň hudaýlaşmaga?..
Ne söýýän bar, dag basylyp diline,
Ne-de söýüp uçýan duşýar asmana
Söýýän - diýmek salam diýmekden rowaç.
Söýýän - parol haram işe meýillä.
Söýýän - owadan gyz desse saçlaryny
Bulaşdyrtmak üçin irmän daraýar.
Söýýän!
- adamsyndan alýar-da jogap,
Çykarynmak üçin
gelin geýinýär.
(Söýýän!
Duşaly öýlän!
Söýýän,
köýýän dilberim,
Baş bezeg-ä söýerin men azyndan!
Kasam edýär ýigit söýgiň adyndan)
- Ahaw, salam bermäniň-ä jähennem
Hiç bolmanda sora onuň adyny,
ýaşyny,
milletiň.

- Ýaş bolýarsyň päheý sen,
Söýgiň ady,
söýgiň aňy
Söýgiň ýaşy bolmaýar.
hem bolmaýar milleti.
Söýýän diýýär gaýtarma
Söýýän diýýär nowjuwan
Söýýän diýýär super gyz,
Söýýän diýýär intergyz.
Aýrylyşan jenan çekýär bedeninden.
minneti.
- Gel, ýaýdanma, ýaýdanma.
Haýaýapragy ýüzlük
gel, tändir sen, Don-Žuan
Söýýän!
Çatyp ýetişmeýär ZAG-slar.
Soň ýollaýar uzaýar ýurduň süýdüne
Söýýän - aýan igrekler, iksler.
Dünýä meňzäp barýar beňňiň düýşüne
Söýýän -
ynha ant içýän sakgalymyň aýyndan.
Söýýän -
ojal ýumrulýar beýik söýgiň adyndan -
Söýýän -
gelin ümleýär, uz ýaşynyp ýaşamagyn.
Söýýän -
Ýigit gülleýär:
- Şudur dünýäň manysy.
Olar işin bitirýär penjegini ýazynyp,
Aşagynda penjegiň ölýär türkmen
namysy
Aýal çepe gatnaýar
Är ýüregi çatlaýar
Hezil edýär azgynlar.
Hut söýginiň adyndan
Söýýän - hyryn-dykyn çagalar öýi.
Söýýän - ýetişmeýär lukmanlar aýryp,
Söýýän - çöpdüýbiler,
köldüýbiler,
bagdüýbiler
dagdüýbiler.

Örňäp gelýärler
Ösňäp gelýärler.
Dünýä gark bolup barýar ýetimleriň
ýaşyndan
Jenaýatyň gylla ýary
diňe söýgiň adyndan!
Söýýän - ýürek ýarylýar!
Söýýän - namysa garşy
Söýýänleriň elhenç urşy tutaşýar.
Söýýän dünýä çat açýar!
Hüjüm edýär ynsan dörän ýerine.
Ýekeje är ömründe syndy türkmen ahlagy
Syndy namysy ary.
Syndy gadymy ýoly.
SÖÝÝÄN
ýykylyp barýan deýýus dünýäň paroly!

Nobatguly REJEPOW

 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 01.07.2024 / 00:23

+1

Mlds

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 01.07.2024 / 09:17

+1

manyly goşgy ekeni

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Ilki bilen Salam


Bu saytda hemme zat pula durýandyr ýöne, ýa da bal-a.😁...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Ahmal (Şugün, 06:44)

Ilki bilen Salam


Isleneninem islenen.ru wagty gideninmi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Ahmal (Şugün, 06:42)

Ilki bilen Salam


Walikimessalam hoş geldiň...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Sebap (Şugün, 06:11)

Ilki bilen Salam


Salam Talyplarda agza bolup bolmansoň bilemok ýöne islenen-dä görýädim...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
State (Şugün, 03:45)

Ilki bilen Salam


Soyguli.ru saydynda bardynmy men sol yerinin admini PowerTwo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Akademik3 (Şugün, 01:34)

Ilki bilen Salam


salam hoş geldiň otayda açmadyk mowzuklaryny barde yagdyryber...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ilki bilen Salam
Diamante (Şugün, 00:44)

"Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)


Chatgpt yazdy gerek...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)
BAYOGUL (Şugün, 00:07)

"Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)


Jemile goşgusuna meňzäpdur...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)
Olya (Şugün, 00:04)

"Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)


Eeeeý bu näme...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Yurekdesh.ru:kalplaryň köprüsü" (gosgy)
Olya (Şugün, 00:04)

Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?


Kopelip ugrady şolar soňky dösür...dowamy...
Zenanlar bölümi | Şagyzy erkekler hakda bilýärsiňizmi?
FanB (Şugün, 00:01)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика