“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | UMUMY BÖLÜM | Erkin mowzuklar

Türkmen hanlary we serdarlary (Oraz serdar)
 Täzeje
 Agzamen [off]
 05.07.2024 / 00:53

ORAZ SERDAR

Dykma serdaryň ogly Oraz serdar polkownik çininde Zakaspi frontunda goşun baştutany (1918-19) bolýar. Ol Peterburgyň aýratyn kadet korpusyny tamamlaýar. 1918-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Baýramalyda iňlis generaly Mallesony garşylaýar we oňa Buhara emiriniň adyndan «Buhara ýyldyzy» ordenini gowşurýar. Ol akgwardiýaçylaryň Çärjewe garşy taýýarlaýan uruş hereketlerine iňlis goşunlarynyň hem gatnaşmagyny haýyş edip, Buhara emiriniň olary goldajakdygyny habar beripdir. Oktýabrdan soň ol Türküstanyň RSFSR hökümeti tarapyndan yglan edilen awtonomiýasy hakyndaky meseläni çözen welaýat musulman komitetiniň başlygy bolupdyr. 1918-nji ýylyň fewralynda bu komitet dargadylypdyr. Şondan soň ol Bäherden etrabynda gizlenip gezipdir. 1918-tki ýylyň 16-njy iýulynda milli han-töreleriň Büzmeýinde bolup geçen gurultaýykda Oraz serdar Eziz hana öz otrýadyna goşulmagy teklip edipdir. Oňa «Eger şeýtseň, seni garyplar hem, barlylar hem han diýip ykrar ederler» diýipdir. Eziz han birbada onuň aýdanlary bilen ylalaşypdyr. Goşun baştutany Oraz serdar Eziz hanyň özüne tabyn bolmagyny isläpdir. Eziz hanyň jigitleri yhlas bilen gulluk etmeýärler we gyzyllaryň goşunlaryna garşy geçirilýän işlere gatnaşmakdan boýun towlaýarlar diýen bahanalar bilen ony gowuşgynsyzlykda aýyplaýar. Kontrrewolýusion güýçler häkimiýeti öz ellerine alyp, Aşgabatda sagçy eser Funtikowyň baştutanlygynda Zakaspi welaýatynyň wagtlaýyn ýerine ýetiriji komiteti diýilýäni döredýärler. Şol wagt Buzmeýinde hem Merkezi türkmen komiteti döredilýär. Onuň wezipesi ruslara garşy göreşmek üçin türkmenleri jemlemekden ybaratdy. Merkezi türkmen komitetiniň baştutanlygyna türkmenleriň öňbaşçysy polkownik Oraz serdar bellenilýär. Baştutanyň kömekçiligine, onuň ştabyna hem-de gyssagara düzülen goşunynyň ýokary wezipelerine ozalky ofiserler – «Türküstanyň bolşewizme garşy göreş birleşiginiň» agzalary bellenilýär. Merkezi türkmen komitetine bäş müňe golaý adam toplanyp ýaraglandyrylýar. «Zakaspide iňlis goşunlarynyň baştutany general Malleson ýerli halkyň – türkmeniň özbaşdaklyga taran öwrülmegini güýçlendirmäge çalşyp, özüniň türkmenler bilen gatnaşygynda uly işler edýärdi» diýlip, akgwardiýaçylaryň dokumentlerinde ýazylypdyr. Iňlis generaly bilen Oraz serdar pikirdeş bolupdyr. «Oraz serdar türkmen halkynyň özbaşdaklygy ugrundaky göreşde aýratyn yhlaslylyk görkezdi» diýip, general Malleson belläpdir. Oraz serdar öz döwürdeşleri Jüneýit han, Eziz han, han Ýomudskiý we beýleki han-begler ýaly bütin türkmen halkyna han bolmak isläpdir. Şeýlelik bilen, esasy üç topar peýda bolupdyr. Rus akgwardiýaçylary, türkmen milli goşuny we iňlis interwentleri öňe saýlanypdyrlar. Bularyň üçüsi hem Sowet häkimiýetine garşy göreşýärler. Oraz serdaryň iňlis interwentleriniň kömegi bilen Russiýa garaşsyz bolan döwlet döretmek barada eden umytlary puja çykýar. Türkparaz we yslamparaz diýlip atlandyrylýan baýdak astynda göreşýän halk bitewi bölünmeýän Russiýany döretjek bolup dyrjaşýan rus akgwardiýaçylaryny örän ýigrenýärdi. 1918-nji ýylyň tomsunda Oraz serdaryň welaýatdan çykyp gitmegine denikinçiler sebäp bolupdyr. General Lazarew 1919-njy ýylyň 9-njy awgustynda «Oraz serdar häzirki wagtda Zakaspi welaýatyndan daşarda bir ýerlerde gezip ýör» diýip, Denikine hat ýazypdyr hem-de Oraz serdaryň yzyna dolanyp gelmegini mümkingadar uzaga çekdirmegi ondan haýyş edipdir.
Oraz serdar 1919-njy ýylyň aýagynda – 1920-nji ýylyň başynda ýaraglanyp, gämi bilen Çelekene gelýar. Ol bu ýerde ýagdaýyň öwerlikli däldigine göz ýetirip, şol gije gämä münüp, Eýranyň Goçant şäherine gidýär. Ondan soňky ykbaly belli däl.

Çeşme: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy "Ensiklopediýa" neşirýatynyň "Türkmen hanlary we serdarlary" atly kitabyndan nusgalandy.


183

3

0

0

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)

Hormatly ulanyjylar !


Meniñ őñki idim howa bolupdyr. Dereje premium we 33 manat pulum bardy olam gum boldy. Ay borla. Sabrly bolali...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
@menin_dunyam (31.08.2025 / 03:46)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Meniñă őz nikim gowy...dowamy...
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->