Türkmen hanlary we serdarlary (Orazmämmet han)
Özümiziňki Agzamen [off] 05.07.2024 / 00:54 ☪️🇹🇲
ORAZMÄMMET HAN
Tekäniň togtamyş – beg – goňur – gara goňur tiresinden bolan Orazmämmet han (Hajygurbanyň ogly, Mämmetweli kazynyň agtygy, Ak kazynyň çowlugy) Gökdepe urşunyň taryhynda yz galdyran şahsyýetleriň biridir. Orazmämmet han Berdimyrat han bilen bilelikde Gökdepe galasynyň gurluşygyna ýolbaşçylyk edipdir. Hemme işde Berdimyrat hanyň ýakyn geňeşdary bolupdyr. Berdimyrat han söweşde agyr ýaralanyp ölenden soň, Nurberdi han Marydan gelýänçe, hanlyk Orazmämmet hanyň eline geçipdir. Maslahatlara onuň özi baştutanlyk edipdir. Ruslaryň Gökdepä birinji çozuşynda tekeler ruslary ýeňendiklerini birbada bilmändirler. Orazmämmet hanyň ýolbaşçylygynda 1879-njy ýylyň 28-nji awgust güni gije uzaga çeken maslahat bolupdyr. Şonda Orazmämmet hanam, Gurbanmyrat işanam ruslar bilen ýaraşyk barada gepleşik geçirilmegine garşy çykypdyr. Ýöne muňa garamazdan, ahyrsoňy Polat han bilen Wepadar hany ruslaryň üstüne ibermek, olaryň talaplaryny bilmek kararyna gelinýär. Emma wagt giç bolansoň, wekilleri daňdan ibermeli edýärler. 29-njy awgustda wekiller ruslaryň lagerine baranlarynda olaryň eýýäm gidendiklerini görýärler. Şondan soň Orazmämmet han ýene maslahat geçirýär. Köp adamlar indi ruslaryň gitdigidir diýýär we ilatyň öňki ýurtlaryna göçüp barmagyna rugsat soraýar. Şondan soň köp wagt geçmänke, Nurberdi han Marydan dolanyp gelýär. Gelen dessine ony ýene-de han saýlaýarlar. Oňa müň sany nöker (perraç) bermeli edilýär. Her tire iki ýüz-üç ýuz atly beripdir we olary eklemek üçin her obadan paç alnypdyr. Nökerler her tiräniň öz hanynyň ygtyýaryna berlipdir. Beg tiresinden toplanan nökerlere Orazmämmet han serdarlyk edipdir. Nökerler serhet ýakalaryna garawulçylyk edipdirler, gala göçüp barmakdan ýüz dönderen adamlary jezalandyrypdyrlar. Lomakiniň ekspedisiýasy döwründe Gökdepe galasy entek gurlup gutarylman eken. Soňra onuň gurluşygy gyssagly dowam etdirilipdir. Galanyň her ganatyny tekäniň bir tiresi gurupdyr, oňa-da şol tiräniň serdary ýolbaşçylyk edipdir. Beg.tiresiniň gurýan ganaty Orazmämmet hanyň ýolbaşçylygynda gurlupdyr. Nurberdi han ölenden soň, onuň ortanjy aýalyndan bolan ogly Magtymguly han ähli tekäniň hany saýlanýar. Ol şol wagtlar heniz uruş görmedik ýaş ýigit eken. Şoňa çenli ylym öwrenmek bilen meşgullanypdyr. Ruslaryň ikinji ekspedisiýasynyň gelmegi bilen Magtymguly hanyň täsiri gowşaýar. Maslahat bolup, tekänin dört tiresiniň hersinden bir han saýlanýar. Magtymguly handa diňe ähli tekenin hany diýen titul galýar. Hakykat ýüzünde bolsa her tiräniň hany öz tiresine baştutanlyk edipdir. Şol hanlar galanyň özlerine berkidilen ganatynyň gurlup gutarylmagyna, hiç kimiň galany taşlap gitmezligine jogap beripdirler. Netijede, dört hanlylyk emele gelip, wekillere Magtymguly han, syçmazlara Mämmetguly han, bagşydaşaýaga Hezretguly han, beglere hem Orazmämmet han han saýlanypdyr. Olaryň her biri öz tiresiniň doly hukukly hany bolupdyr. Orazmämmet han uzakdan görüji, parasatly syýasatçy bolupdyr. Ol ruslar bilen uruşmagyň garşysyna çykyş edipdir. Maslahatda:
– Ýurt kasam bilen goralmaýar, ýarag, top bilen goralýar. Orslar güýçli, diňe ilaty gyrgyna bereris – diýipdir. Ony ruslara satylan dönük diýip atlandyrypdyrlar. «Orslara garşy urşy Orazmämmet han bilen Hanmemmet atalygyň kellesini almakdan başlamaly» diýipdirler. Ol ikisini ruslara garşy uruşjakdyklaryna ilkinji bolup gurhandan ant içmäge mejbur edipdirler. Şonda gahary gelen Orazmämmet han:
– Akmak halk, men özümiň akmaklygym üçin dälde, seniň akmaklygyň üçin ant içýärin. Sen ölüp bilýän bolsaň, menem ölerin – diýipdir.
N. I. Grodekow hatda M. D. Skobelewiň ekspedisiýasy döwründe Hezretguly handan, Orazmämmet handan we Polat handan gizlin gepleşikler geçirmäge taýýardyklary barada hat alandyklaryny tassyklaýar. Ýöne şol hatlar 1880-nji ýylyň 29-njy dekabrynda, ruslaryň Ýaňgala hüjüm etmezleriniň öňüsyrasynda alnypdyr we eýýäm gepleşik geçirerden giç bolupdyr. Ruslar bilen uruşmazlygyň, parahatçylykly gepleşikler geçirmegiň tarapdary bolandygyna garamazdan, Orazmämmet han söweş hereketlerine işeňňir gatnaşypdyr. Gökdepe galasyny goramagyň guramaçylarynyň biri bolupdyr. 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda ruslar nagym gazyp, galanyň diwarynyň astynda däri goýup partladýarlar. Galanyň şol ganatyny begler goraýar eken. Wekillerem ol ýeriň golaýjagynda eken. Diňe galanyň partladylan ýerinde ýedi ýüzden gowrak adam ölüpdir. Orazmämmet hanyň edil haýsy gün, nähili ýagdaýda wepat bolandygyny tassyklaýan maglumat ýok. 12-nji ýanwardan öň wepat bolan adamlaryň arasynda hem onuň ady agzalmaýar. Orazmämmet hanyň hut 12-nji ýanwarda, galanyň partladylan ýerinde wepat bolan bolmagy gaty ähtimaldyr. Halk arasynda şeýle rowaýat bar. 1900-nji ýylda general Kuropatkin Gökdepe galasynyň harabalygyny görmek üçin baranmyş. Şol ýerde oturan bir gojadan:
– Gala goralanda näçe adam öldi? – diýip soranmyş, Ol hem:
– Üç adam – diýip jogap beren. Kuropatkin goja öz soragyna düşünen däldir öýdüp, birnäçe müň adamyň heläk bolanyny özüniňem görendigini, gojadan anygrak maglumat eşitmekçi bolýandygyny aýdypdyr. Onda ol goja:
– Men ýanaralyň soragyna düşündim, ölen adam köp boldy, ýöne olaryň üçüsinden başgasyny bizin aýallarymyz eýýäm dogurdy. Şol üç adamy welin indi hiç aýal dogrup bilmez. Kuropatkin şol üç adamyň kimdigini soranmyş. Halk arasynda gojanyň sanan atlary dürlüçeräk aýdylýar. Käte olar bäş-alta-da ýetirilýär. Ýöne şolaryň arasynda Orazmämmet han hem agzalýar.
Çeşme: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy "Ensiklopediýa" neşirýatynyň "Türkmen hanlary we serdarlary" atly kitabyndan nusgalandy.
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Konfrensiya gijesi 6
Täze goşulanlar konfrensiýa gireniñizde bolmanda salam-selik edip özüñizi tanyşdyryñ. Maña näçe nomerden birlikde jañ gelýär . Onsoñ alyp ,goşup...
dowamy...