Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Aixcam_nx : Bagysxla meni adam yaly soyenim ucin? #Aixcam_nx

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Bir hesretli söýgi wakasy: "Mähriban!"
Premium
 Belki [off]
 21.07.2024 / 21:43
 Söýenler terk edýär, a söýgi baky!

"Sarı saçlarına deli gönlümi
Bağlamışım,çözülmüyor Mihriban!"

Şu aýdymy diñläp görüpmidiñiz? Men gör näçe gezekler diñläpdim.Onda-da her jümlesine ýüregmi eze-eze.Boş wagtlarymda birdenkä şu aýdyma tutduryberme gylygymam ýok däl.Aýratynam aýdymyñ goşgusyny ýazan şahyr Abdyrahym Karakoçyñ bu goşguny ýazmagyna sebäp bolan hesretli söýgüsini diñlänimden soñ aýdymyñ mendäki orny ulalmak bilen boldy:

"Ol maña hat ýazardy,men oña hat ýazyp bilmezdim.Heýem,iliñ gyzynyñ öýüne hat ugradylarmy,aýyp bolar...
Ýaşaýan şäherinde bir gazet çykýardy.Men o gazete goşgy ýazardym.Hemmeler goşgy saýyp okardy.Ýöne Mähriban bilýärdi:Olar özüne ýazylan hatlardy"

Abdyrahym Karakoç "Yşk kagyza ýazylmaýar,Mähriban" kitabyndan.

Ine-de bir habarçy bilen bolan Abdyrahym Karakoçyñ söhbetdeşliginden bölek:


- Mähribanyñ hakyky başdan geçirmesi nähili?

Kä kişiler "Hakykatmy?" diýip soraýar."Hakykat"diýýän.Ýöne ady Mähriban däl.Ol ýaşlygymda başdan geçiren söýgimdi.Ýöne häzir äşgär etmäýin,aýyp bolar.Özümiñ dakan simwoliki adymdyr Mähriban.

-Stoluñ başynda oturlyp ýazylan hyýaly söýgi bu tagamy,bu süýjüligi berip bilmez.Ýazmak üçin başdan geçirmek gerek.

Ol wagtlar elektrik ýokdy.Çyranyñ ýagtysynyñ aşagynda ýazýardym.Goşga başlanymda çyradaky ot titräp başlady."Çyrada titreýän alaw üşeýär"çykdy.

-Näçenji ýyldy?

1960...

-O söýgüñize gowuşyp bilmediñiz.

Ýok,bolmady.Söýýärdim.Bolmady.Aýyp bolar häzir adyny aýtsam.Däp-dessurlarymyza ters.Ikinji Mähriban goşgumam bar.Bilýänsiñiz."Unutmak ýeñil,unudarsyñ,Mähriban"diýip.Olam şeýle.Bular diñe hakykata esaslanýandyr.Owadan,päk söýgüdi...

-Bir gün Mähribany görjegiñize ynanýañyzmy?

Bilemok,görmegem islämok.Häzir özgerendir.Men onuñ gözünde özgerdim.Ol meniñ gözümde özgerdi.Näme üçin göreli? Şol durşuna galsyn-la.Ynsanlaryñ göwünde galmagy gözde galmagyndan has gowudyr.

Men bu goşguny başardygymdan türkmen diline terjime etdim.Ýarar diýip umyt edýän:

Sary saçlaryña däli göwnümi
Dañypdyryn, çözülmeýär, Mähriban.
Aýralykdan agyr saýma ölümi
Göräýmeseñ syzylmaýar, Mähriban.

Ýar diýeñde galamym elden düşýär,
Gözlerim görmeýär,aklymam çaşýar,
Çyrada titreýän alaw üşeýär,
Yşk kagyza ýazylmaýar,Mähriban.

Ilki näz,soñ wada,yzyndan hile,
Söýülen söýeni düşürer dile,
Ýyllardyr asyrlar çalyşsa, ýene
Köne dessur bozulmaýar,Mähriban.

Tebiplerde ýarama ýok melhemem,
Yşk diýlenden beýigini gözleme
Her närsäniñ bir ahyry bar,ýöne
Yşka serhet çyzylmaýar,Mähriban.

Ýöne ýere söýmez bilbil gülüni,
Gar goýsañ köz bolar yşkyñ külüne,
Haýran gara bagtym çydam-güýjüne
Daşa ursam mynjyramaz, Mähriban.

Taryplap bolmaýar yşk diýlen zady,
Diñe çeken biler bu derdi,gamy,
Çigişen düwündir baş-ahyr,bary
Çözebilmen,çözülmeýär,Mähriban.

Türk şahyry Abdyrahym Karakoç.

Taýýarlan we terjime eden @Belki.


213

13

4

0

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Kanagatly bende baýdyr soltandan
 21.07.2024 / 22:47

+0

Gaty gowy .Abdirahim Karakoçun şygyrlaryny diýseň gowy görýän . Şu goşgusynam terjime etjek bolup ýördüm . Tüweleme öňürtdiňiz. Birem "Bu dünýä kimiň dünýäsi" atly goşgusam henizem ýüregümde ýaşap ýör.


Premium
Belki  (21.07.2024 / 22:50) 

Gerceknazar, goyun su yere. Terjime ederis belki bilelikde

 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Kanagatly bende baýdyr soltandan
 21.07.2024 / 22:55

+0

Bu Dünya Kimin Dünyası?

Yol üstünde biten çalı,
Bu dünya kimin dünyası?
Ak çiçekli ayva dalı
Bu dünya kimin dünyası?

Gediklerde esen poyraz,
Yaprakları dalda koymaz
Gözler doysa gönül doymaz
Bu dünya kimin dünyası?

Her gün eski her gün yeni
Tükenmez gidip geleni
Canevimden vurdu beni
Bu dünya kimin dünyası?

Kar yağar kaybolur izler
Her nakış binbir sır gizler
Ufuklara dalan gözler
Bu dünya kimin dünyası?

Toprak basar kucağına
Güneş çeker sıcağına
Atar derdin ocağına...
Bu dünya kimin dünyası?

Abdurrahim Karakoç


Premium
Belki  (21.07.2024 / 22:56) 

Gerceknazar, gowy eken.


Özümiziňki
Gerceknazar  (21.07.2024 / 23:00) 

Belki, başgada gowy goşgulary kän. Dogrusy terjimede edesim gelenok meňä . Terjime ýerine düşmese göwnüm ynjalanok. Onuň üçinem ummasyz söz baýlygy gerek.


Premium
Belki  (21.07.2024 / 23:43) 

Gerceknazar, olam seyle. Menem sowsuz hasap edilen kan terjimelerim bar, dogrusy.

 Täzeje
 Agzamen [off]
 22.07.2024 / 00:28

+0

Mmm...
Neme... neme-dä...

Garaz... gowy... :|

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 22.07.2024 / 09:39

+0

Aydymy dinlämok yone diňlärin

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Yone gyzyklanyan


Indi bu sorag näme ýerden ýüze çykdy? buň asyl köki nirede? sorag berýäni tanamakmy, ýa sorag berýäniň çagasyny tanamakmy? ýada jogap berýäniň ýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Fantom (Şugün, 20:05)

Ajy ýylgyryş


Yürek bilen okadymda gaty gowy gosgy eken ❤️...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Aixcam_nx (Şugün, 19:11)

Ajy ýylgyryş


Mmanyly eken sagbolun yetirenize...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Sebap (Şugün, 18:31)

Ajy ýylgyryş


Men ömürlik çaga bolmaga razy, Şol döwürler bir yzyna dolansa. Ajy ýylgyryşly hiç ýylgyrmazdym,...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Sebap (Şugün, 18:29)

Yone gyzyklanyan


Hawa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Boxer (Şugün, 17:58)

Senem söýermin?


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Senem söýermin?
Jasmin (Şugün, 17:24)

Yone gyzyklanyan


Elbetde hawo...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Jasmin (Şugün, 17:22)

Yone gyzyklanyan


Alyp bermezdim bilip durkaň ýalňyşlyk goýbermek samsyklyk...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Bezzat (Şugün, 16:17)

Yone gyzyklanyan


Herkim tapdyrmaya menden diyipdir😁...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Aixcam_nx (Şugün, 14:52)

Yone gyzyklanyan


özüm ýaly bolsa alyp bererdim. bolmasa özi kimi halasa şony alyp bererdim....dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Boniya (Şugün, 14:50)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика