“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | EDEBIÝAT | Şygryýet

Suratyňa seredip...
Premium
 Belki [off]
 21.07.2024 / 22:08
 Kupa kızı, sinek valesi ❤️

Köp kişi ýaly oturşyñy, eliñi, goluñy ýörite laýyklaman bolşuna görä düşüpsiñ ýaly. Muña garamazdan şeýle ajaýyp! Ýüzüñ Gadymy Gresiýadaky heýkeller mysaly birkemsiz. Päkize gözleriñ üstünde gara gaşlaryñ Garagum mysaly ýaýylyp ýatyr. Gaşlaryñ bilen reñkdeş saçlaryñam gözümden sypmady. Myssa ýylgyrypsyñ. Dendan dişleriñ birkemsiz döredilen eseriñ bir bölegi ýaly. Egniñde ýüregiñ kibi ak eşigiñ bar. Suratyñy eýýäm gör, näçenji gezek synlaýaryn. Her gezegem maña ýaraýar. Her gezegem şo-ol ajaýyp ýylgyryş özüme gönükdirilen ýaly tolgunýaryn. Eý-ho! Beýle-de görmegeýlik bolar oguşýa! Bolup ýörşüme ýakynda jadylaýjy keşbiñ bilen assa-ýuwaş gepleşip başlasam geñleme! Oña aýtjaklaryñy özüme aýtsañ bolmaýamy diýýärmiñ?! Aý, ýok. Özüñe heniz-henizler aýtmaga ejap edýän hakykatlarymy suratyña boýun alyp bilýänligim üçin şol ýoly saýlaýaryn. Has dogrusy, suratyñ meni biygtyýar geplediberýär. Suratyñy içgin-içgin synlap oturşyma, päkize gözleriñden päk göwnüñe barýan inçe ýoly agtarýaryn. Sözlerimi degişmäge bir mümkinçilik hökmünde kabul edip, aýdýan pikirlerimden ters many çykarýan ýaly görünýän kişiniñ ýüreginiñ çuñluklaryndaky hakykatlaryna aralaşasym gelýär. Göwnüme bolmasa, ol ýerde düýpgöter başga birine duşaýjak ýaly. Mahal-mahal päk göwnüñ berk gulplanan gapyly öýleriniñ penjiresinden çala jyklamaga rugsat berseñem, mundan öte geçmeýärsiñ. Nämeden howatyrlanýarsyñ? Ine, hut şol soragy berýän suratyña. Hakyky seni kimdir biriniñ tapmagyndanmy? Munuñ nämesi ýaman bolup biler diýsene? Wah, suratyñ şeýle dymma. Janygmalaryma şo-ol zyýat ýylgyrşy bilen garap otyryberýär. Ýöne ynanýaryn. Ol bir gün sowallarymy ýüreginiñ çuñluklaryndan gelýän syrly jogaplary bilen serpaýlar. Şol güne sabyrsyz garaşýaryn

. 29.07.2023

@Belki


179

16

3

4

0

0

1
Teswirler:
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->