Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Yshk bir bedende iki ruh, dostluk bolsa iki bedende bir ruhdyr

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Meni ýazgarma!
Premium
 Belki [off]
 22.07.2024 / 15:26
 Söýenler terk edýär, a söýgi baky!

Bu saña ýazjak ilkinji we iñ soñky hatymdyr.Senden bu hatym üçin hiç hili jogap talap etmeýärin.Edil şonuñ ýaly-da jogaplamagyñy islemeýärin.Isleýän ýekeje zadym maña düşünmegiñ we ýazgarmazlygyñ.
Ýagty jahana gözümi açan günümden tä şu güne çenli hiç kesi söýmedim.Söýgi bildirenlere ýyly söz bermedim.Çünki ykbalymdan çykyp-çykmajagy näbelli kişini söýmek meniñçe uly töwekgelçilikdi.Muny "Gyzlar hiç kim bilen söýüşmeli däl"diýen jynsparaz pikri goldaýanym üçin däl-de,söýen kişim ykbalymdan çykmasa ýüregimde soñsuz ahmyr göterip ýörmezlik,galyberse-de aklyñda,kalbyñda biri barka özge bilen durmuş gurmak şol durmuş guran kişiñe adalatsyzlyk boljakdygy üçin şeýtmedim.
Ine,bir günem seni tanadym.Ýekeje gezegem ýüzümi görmezden söýdüñ meni.Iñ sap,iñ çuñ duýgularyñ bilen ýüregimiñ gapysyny kakdyñ.Ömrümde ilkinji gezek özümiñ söýülenligime tüýs ýürekden ynandym.Maña şagyzlarynyñ hyýalyna gelibiljek düýşpisint durmuşy wada berdiñ.Geljek barada bile arzuwlar etdik.
Şonda şuny pikir etdim:"Ine şeýle ynsan bilen durmuş gurmaly".Barybir sözüñi alybermedim.Çünki ykbalymdan çykyp-çykmajagyñy bilmeýärkäm,saña wadalar bermek ikimize-de adalatsyzlyk boljakdy.
Hut şu sebäpden,ömrümde ilkinji gezek özüme söz aýdan ýigit hakynda ejeme söz açdym.Munuñ meniñ üçin neneñsi uly zatdygyny pikriñe-oýuña-da getiribilmersiñ.Ejesi bilen duýgular hakynda pikir alyşmaga-da utanyp ýören men,ejeme özümi soñsuz söýgi bilen söýen kişi barada gürrüñ berdim.Eger ol oñlasady,sözüñi aljakdym.Emma...
Ykbal...
Saña iñ soñky gezek jañ edenimde ähli zady jikme-jik gürrüñ berdim.Ýagdaý şeýlekä mundan artyk kösenmek derkar däldi.Ýollar aýrylmalydy.
Söýgi üçin göreşmekden söz açyp bileris.Dogry,söýgi üçin göreşmeli.Ýaman ýeri,göwnümde saña garşy ugrunda göreşiljek söýgi ýokdy.Diñe seniñ bilen durmuş gurmak islegi bardy.
Saña düşündirmek isleýän zatlarymdan biri-de ýazgyda kaýyl bolmak.Käbir zatlar näçe yhlas etseñem bolmaz.Şonuñ üçinem wagtynda yza tesmegi başarmaly.Yza tes!
Meniñ üçin ýazanlaryñy okanymda bir-ä gynandym,birem begendim.Begendim çünki,çyn ýürekden söýülenligime ýene bir ýola göz ýetirdim.Gynandym,çünki seniñ şeýle çuñ söýgiñi jogapsyz galdyrdym.
Häzir senden gelýän sms-leri jogapsyz goýýan.Ikimizi mundan artyk umytlandyryp biljek däl.Umyt etmek gowy haçan-da soñunda wysala gowuşmak bar bolsa.Bizde wysala gowuşmak ýok.Şonuñ üçinem,mundan artyk ideme meni.Ýollaryma çykma! Birem,doñýürek gyz saýyp ýazgarma!
Söýmek az sanly adama gabat gelip biljek uly bagt.Sen şol uly bagta uçranyña begen.Görsene,men şowsuz onam başarmadym. (


09.2022ý.


153

12

0

2

0

0

1
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Bir dogan bolar


Gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Bir dogan bolar
BAYOGUL (Düýn, 22:48)

Eje (goşgy).


Ejelerin jany sag bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Eje (goşgy).
BAYOGUL (Düýn, 22:46)

Ynam bolsa


Gowy gosgy bolupdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ynam bolsa
BAYOGUL (Düýn, 22:45)

Ajy ýylgyryş


Mlds gowy gosgy eden...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
BAYOGUL (Düýn, 22:43)

Yone gyzyklanyan


Elbetde...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
BAYOGUL (Düýn, 22:42)

Yone gyzyklanyan


Has dogrusuny Alla(c.c) bilýär....dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Garrybay (Düýn, 21:43)

Ajy ýylgyryş


Känbir mowzuk okaýan däldirin welin, şuny menem okadym boýdan-başa......dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Orazjan (Düýn, 21:34)

Ajy ýylgyryş


Berekella! özüň näçe ýaşyňda?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Ajy ýylgyryş
Fantom (Düýn, 20:50)

Yone gyzyklanyan


Nesibesindäki oglumyn halan gyzy , ýada gyzymyň halan oglany bilen men yaşaşmayan özi halap göwnese yeterlik maňa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Sebap (Düýn, 20:22)

Yone gyzyklanyan


Indi bu sorag näme ýerden ýüze çykdy? buň asyl köki nirede? sorag berýäni tanamakmy, ýa sorag berýäniň çagasyny tanamakmy? ýada jogap berýäniň ýa...dowamy...
Erkin mowzuklar | Yone gyzyklanyan
Fantom (Düýn, 20:05)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика