Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
paradox : Çagaňyza hiç kime hakyňy iýdirme iýdirme diýip däl-de HIÇ KIMIŇ HAKYNY IÝME diýip öwrediň

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Gaytarma
Premium
 PeRMaN [off]
 07.08.2024 / 21:39
 Yes-No

Begenerdik atasy öýne gelende,
Gynanardyk gaýyn öýne gaýdanda,
Obamyzda bir gaýtarma gyz bardy,
Onda-da ne gaýtarma!

Görmegeýdi. asyllydy. alçakdy.
Ykbal bu üç bagty berenok hemmä.
(Kä ikisin berip, birin berenok,
Käte birin berse, ikisin kemýä).

Onda şu baýlyklaň üçüsem bardy.
Ady dilindedi uludan-kiçiň.
Deň-duşlary üçin uýa bolsa ol,
Ejedi biz ýaly uşaklar üçin.

Käte kemput berip, käte gant berip,
Käte bolsa paýlap kendirli nabat,
Dilimizem, göwnümizem tapardy.
Dili-de nabatdy, ady-da Nabat.

Duldegşir goňşudyk. olaryň öýi
Käriziň sagynda. biziňkem çepde.
Garahassalykmy, mamamy, mergi –
O mahal her dürli keselem köpdi.

Ony dul goýupdy şo dertleň biri.
Üç ýyllap ýas tutdy başy çabytly.
Şondan bäri atasynyň öýünde.
Ol-a bir betbagtdy
Bizem bagtly.

Begenerdik atasy öýne gelende,
Gynanardyk gaýyn öýne gaýdanda.
Ynha indi ýarylyber “begen-de”
Ol gaýtarma, ol ömürlik gaýtarma!

Atasam hiç kime berenok ony.
Berjegem däl. özem edenok meýil.
Otyr ol ak öýüň törüni saklap,
(Şeýdip diňe bagry ýaraly göýül
oturýandyr bir oturan ýurdunda)
Iň uzak örüsi – käriz, ýeke tut.
…ýene-de geldi ol eşik ýuwmaga,
Çabdynyň jübüsi durşuna kemput.

Edil şo mahalam bir daýaw çopan
Sowdy eşegini ýabyň boýuna.
Eňegin basdy-da käriz suwuna,
Yene “gur-roww!” diýip, gitdi ugruna.

- aýu, oglan, muhtar, kemeriň galdy! -
Çopanyň yzyndan ylgady nabat.
Çäme bolanyna düşünmän galdyk –
Aýylganç gümpüldi edildi şo bat.

Ýene bir gümpüldi… gyzyň dogany
Elinde tüpeňi, bilinde hatar,
Awdan gelýän eken. gapdalna baksa –
Gürleşip duranmyş nabatdyr muhtar.

Edil şo demde-de gysylýar mäşe.
Nabat ýykylypdyr ilkinji okdan.
Çakmak çekilende ikinji sapar,
Eşekden dag ýaly gaýdypdyr çopan.

..Müňkürlik diýen zat
Hemişe şeýdip
Ykrar etjek bolýar öz dogrulygny.
Dogra ýalan, ýagşa ýamandyr öýdüp,
Käte atýar şeýdip
Öz doganyny


134

13

4

4

0

1

1
Mowzugy vip edenler:
Dreamfull - 1 sagat vip etdi!
(07.08.2024 / 22:45)
Teswirler:
 Premium
 PeRMaN [off]
  Yes-No
 07.08.2024 / 21:43

+0

Kerim Gurbannepesow

 Gerekli
 Aixcam_nx [off]
  Raionymyn ovadanjasylai_nx
 07.08.2024 / 21:48

+1

gouy eken

 Täzeje
 Dreamfull [off]
 07.08.2024 / 22:45

+1

sevdim bunu)

 Öwreniji
 Akademik2 [off]
  YEKETAk.RU
 07.08.2024 / 22:59

+1

Soygi yoklay yatyryp ayladylar biza

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

"Hülle bolar, bir garyba don berseň"


Erbet däl gowy mysal, Hülle näme bilýäňizmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Hülle bolar, bir garyba don berseň"
Brend (Şugün, 17:09)

"Hülle bolar, bir garyba don berseň"


Waýeý...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Hülle bolar, bir garyba don berseň"
Dunyodagi (Şugün, 16:59)

SESSIZLIK


Söydim Uzugy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | SESSIZLIK
Annadurdy (Şugün, 11:05)

Hezreti Omaryň musulman bolmagy(8-nji bölim)


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hezreti Omaryň musulman bolmagy(8-nji bölim)
Ahal (Şugün, 07:48)

Lolular


Belki bizin hemmamizde Sol hereket bardyr yaranmak gowy gorunjek bolmak yada kabirlerinin pikri bula meni hoplady yada sona Menzes soz diyaler eg...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Akademik3 (Şugün, 07:05)

Lolular


gouy eken mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Aixcam_nx (Şugün, 01:25)

Hoşlaşyk aýdymy


Gosgyny okap oz okuwçy dowrum ýadyma dusdi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:01)

Hoşlaşyk aýdymy


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:00)

Soragnama logiki2


Bayrak bermesena bolmoz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:46)

Soragnama logiki2


3 .. kolegesi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:44)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика