![]() 110 |
![]() 15 |
![]() 5 |
![]() 2 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 0 |
Iman nirde,nirde sogap,
Garaşyp dur onda syrat.
Erkek däldir,erkeksiräp,
Gelin-gyzyn uryan bolsa
Gaty dogry aydylan zatlar
Like lai saňa
Hiç kim munda dul gezmezdi,
Namys pula durÿan bolsa.
Pul-namys we dul gezmekligiň näme dahyly bar, düşünmedim?
Kapyr Hudaÿsyz bolmazdy,
O dünyäni göryän bolsa.
Bir kişini ynsan hökmünde däl-de, "ol kapyr", "bu pylan" diýip baha bermek medeniýetsizligiň iň uly derejesidir. Mundan daşary, ähli dini düşünjeleriňem Taňrysy bar, mesele-de şol. Dünýäde müňlerçe din bar, her diniň ylahy, Taňrysy bar, her diniň pygamberi we mukaddes kitaby bar, haýsynyň dogrudygyny kesgitlemäge ömrüňem ýetmeýär, şol sebäpli köp kişi diňe maşgaladan musulman bolany üçin, aňsat ýoly saýlap olam şol bolaýýar, hristianam, buddistam şeýle. Özem "o dünýäni görýän bolsa" näme diýmek? O dünýäni gören barmy, gidip gelen barmy, dini düşünjä görä käbir dinleriň käbir agzalary öňe sürýän o dünýäsine gidip gelipdir, ýöne bu ýerde kim gördi? Kim görüp bilýär, hamala hemme kişi görüp bilýän ýaly edip aýtdyla.
Iman nirde,nirde sogap,
Garaşyp dur onda syrat.
Erkek däldir,erkeksiräp,
Gelin-gyzyn uryan bolsa.
Erkekleriň aglabasy, global taýdan ugur alsak, dini sebäplerden ötri zenanlary urýarlar (Nisa 34), aýal bolup ýaşamak üçin iň kyn ýurtlaryň hataryna ilkinji 10-dan durşuna Yslam döwletleri girýär.
"Iman nirde" diýip sorabam, hiç bir milli aýratynlygy öňe çykarmazlyk ýa-da agzamazlygam aýry bir propaganda.
Dirikäñ yeriñ üstünde,
Pikirlen,sen kim aslynda.
Men Muawiýe, Homo Sapiýens nesliniň bir agzasy bolan "ynsan" diýip atlandyrylýan kişi. Her filosof, her dini garaýyşam biziň kimdigimize degişli ençeme garaýyşlary bildiripdirler. Bizem pikirlenýäris.
Kim yatsyn toprak astynda,
Direlmäne derman bolsa.
Ýagny topragyň astynda ýatmagy "derman bolsa", "kim ýatsyn" diýip atlandyrmak manysyz bolupdyr, tebigatyň kanuny by. Isleseňem islemeseňem ölýäň. "Kim ýatsyn toprak astynda" diýip, hamala öz elimizdäki zat ýaly edipdirler.
Hiç kim munda dul gezmezdi,
Namys pula durÿan bolsa.
Kapyr Hudaÿsyz bolmazdy,
O dünyäni göryän bolsa.
Su Topagny haladm