Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : GÜLE KÖP SUW BERSEN GURAÝA ADAMA ARTYKMAÇ HORMAT DOYSAŇ ÜÝTGEÝA //BAÝOGUL.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Buýra saçly ýar
 Täzeje
 Ahmet [off]
 10.08.2024 / 10:52

Buýra saçly ýar

Bulutlar deý joşa gelse,
Ýüregimde diňýän bir sen.
Ykbalyma şat heň bolup,
Gözlerime siňýän bir sen.
Unudyp dünýäň derdini,
Wysal diýip eňýän bir sen.
Sen salgym däl iki jahan,
Behişdim sen, dünýäm bir sen.
Buýra saçly ýar.

Gara saçlaň buýramy ýa,
Ykbalymyň deregine.
Gara teniň garşy çykmyş,
Reňki bilen ýüregiňe.
Gabaklaňda enaýy hal,
Öwrülipdir geregime.
Boýnuňda yşk serhoş eýlär,
Milýon gülüň geregi ne.
Kalbym kalbyňa sygypdyr,
Ilişip yşk höregiňe.
Buýra saçly ýar.

Gulagymda ýaňlanyp dur,
Heh, heh, heli aýnamalaň.
Göwnüm görüp ony ýykman,
Dözmeýänje oýnamalaň.
Öwezine hiç zat ýetmez,
Aladalaň,oýlamalaň.
Asla ýadymdan çykmaz, wah,
Özge zady oýlamanam,
Buýra saçly ýar.

Pysyrdylar ýatladyp dur,
Eşret elwan köýnegiňi.
Kä hakykat habar berýär,
Umytlaryň köýmegni.
Men bir eştdim päk kalbynyň,
“Bolýar, razy” diýmegini.
Ýansyn dünýe a men ony,
Unutmaryn duýmagymy.
Ters gelsin goý, müňläp täleý,
Bes etmerin söýmegimi.
Buýra saçly ýar.


Ahmet Arazow


106

7

2

0

0

0

0
Teswirler:
 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 11.08.2024 / 10:22

+0

Ahmet Arazow kaka diyibem gosgysy bolmaly solam oran gowy

 Özümiziňki
 Jasmin [off]
 11.08.2024 / 17:21

+0

Ahmet Arazow

Gowy gosgylary bar haladm mlds yetrip dur

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

"Hülle bolar, bir garyba don berseň"


Erbet däl gowy mysal, Hülle näme bilýäňizmi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Hülle bolar, bir garyba don berseň"
Brend (Şugün, 17:09)

"Hülle bolar, bir garyba don berseň"


Waýeý...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Hülle bolar, bir garyba don berseň"
Dunyodagi (Şugün, 16:59)

SESSIZLIK


Söydim Uzugy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | SESSIZLIK
Annadurdy (Şugün, 11:05)

Hezreti Omaryň musulman bolmagy(8-nji bölim)


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hezreti Omaryň musulman bolmagy(8-nji bölim)
Ahal (Şugün, 07:48)

Lolular


Belki bizin hemmamizde Sol hereket bardyr yaranmak gowy gorunjek bolmak yada kabirlerinin pikri bula meni hoplady yada sona Menzes soz diyaler eg...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Akademik3 (Şugün, 07:05)

Lolular


gouy eken mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Aixcam_nx (Şugün, 01:25)

Hoşlaşyk aýdymy


Gosgyny okap oz okuwçy dowrum ýadyma dusdi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:01)

Hoşlaşyk aýdymy


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:00)

Soragnama logiki2


Bayrak bermesena bolmoz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:46)

Soragnama logiki2


3 .. kolegesi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:44)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика