“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | UMUMY BÖLÜM | Erkin mowzuklar

Türkmen aýdym-saz sungaty nirä barýar?
Premium
 Belki [off]
 11.08.2024 / 10:53
 Kupa kızı, sinek valesi ❤️

Soñky döwür telewizorymyzda türkmen kanallaryny açdyrmagymyz netijesinde (öñler diñe türk kanallarymyz bardy) türkmen kliplerini görüp,aýdymlaryny diñläp başladym.Has dogrusy,özümi diñlemäge mejbur etdim.Näme üçin mejbur etdim?Aýdymyñ sözleriniñ ýöntemlikde haýsy derejä ýetip bilýändigini eşitmek üçin.Çünki,öz islegiñ bilen diñläp boljak aýdymlar juda seýrek.Ilki gowy aýdymlary aýdaýyn:
Sahydursun Hojakowa "Ybarat bil",Züleýha Kakaýewa "Begendirme meni"Gowşut Saryýew "Uzak ýollarda"Şu aýdymçylar diñe adyny agzan aýdymlarymda däl,tas hemme aýdymlarynda diýen ýaly çuñ manylylyga üns berýärler.K.Rejebow,G.Hanowa,M.Ömür ýaly şahyrlaryñ goşgularyny aýdym edip aýdýarlar....Başga meñ-ä çuñ manyly,duýguly aýdym çykarýanlar ýadyma düşenok.Bilýänler aýtsyn.
Indi tankytlajak aýdymlarymy aýdaýyn.:
1.Nurýagdy Rejebow - Haýran saña.
Sözleri:Ýok diýme bolýa diý maña
Ykbalym baglaýyn saña
Gijäm uzyn ýetmez daña
Haýran saña,haýran saña.
Şu aýdymda many diýlen zat barmyka?
2.Nurýagdy Rejebow "Damja"
Aýdymyñ gaýtalamasy bilen özüme zor salyp oñuşaryn.Ýöne ine,başlanýan ýeri welin diñläp çydar ýaly däl.
"Göwnüm gitdi saña
Göwnüñ beräý maña..."
Aslynda,Nurýagdynyñ köp aýdymlaryna seretsek,sözünem,sazynam özüniñ ýazýanlygyny görýäris.Diñleýji hökmünde aýtsam,sazy gulaga ýakymly.Men oña gowu kompozitor diýip arkaýyn aýdyp biljek.Ýöne ine,sözleri hakda welin oñaýly pikir aýdyp bilmen.Zandynda şahyrçylyk bolmadyk adam goşgy diýlen zada kapyýalaşdyrylan dört setir diýip düşünýär.Nurýagdynyñam sözlerini özi ýazýan aýdymlary onuñ şahyrçylykdan başy çykmaýanlygyny görkezýär.Nurýagdynyñ sözleri özüne degişli bolmadyk,K.Rejebowyñ goşgusyndan alnan şowly çykan bir aýdymy bar.Ine-sözleri:
Eje jan,seni ýyllardan gysgandym
Eje jan,seni ýellerden gysgandym
Eje jan,mydam ýanyña gyssandym
Huzuryña ýene geldim eje jan.
Diñleýji hökmünde onuñ mahmal sesinden hemişe şeýle aýdymlara garaşýas.
3.Azat Dönmezow "Bu-da geçer"
Sözleri:
"Bu-da geçer janym,bu-da geçer"
Sezen Aksunyñ "Bu-da geçer"diýen manyly aýdymyndan soñ Azadyñ manysyz "Bu-da geçerini"diñlemek ýokuş degýär.Azat,bu-da geçer welin,seniñ bu manysyz aýdymyñ täsiri añsat-añsat geçermikä?
4.Bägül Maşadowa "Ýatla meni"
Sözleri:"Ýaz agşamlar ýatla meni...Gyşda ýatla,tomusda ýatla..."
Ýazda,tomusda,gyşda ýatla diýip söz zaýalap oturanyñdan alaga-da "Ömürboýy ýatla"diýip,sözi tygşytlasa bolmaýarmyka?
Ezizowyñ aýdyşy ýaly:"Üç sözüñ geregi näme?".
Dogrusy ýaş aýdymçy gyzlary görenimde begenýän.Bägülem şeýle agras,mahmal owazly gyzlarymyzdan biri.Belki bu mahmal sesini geljekde has çuñ manyly,duýguly aýdymlarda ulanar.
5.Mähri Pirgulyýewa - "Alaja"
Sözleri:"Ala,ala,alaja
Dakaýyn men gaýymja
Elleriñe,elleriñe"
Dogrusy bu aýdym ýöntemlikde şeýle bir rekord goýýar welin menem ýöntemligine göz degmezligi üçin aýdyma alaja dakasym gelýär.
Mähri Pirgulyýewa-da köplenç sazyny,sözüni özi ýazýanlardan biri.Aralarynda jüpüne düşýänlerem, diñläp boljaklaram bar.Ýöne bu aýdymyñ sözlerini juda şowsuz hasaplaýan.
6.Begler Nurberdiýew - "Gülüm"
Sözleri:"Gülüm meni öwürdiñ bilbile
Bilbil bolup saýraýan sen güle"
Wah,Begler bilbil bolupsyñ,tañ edipsiñ azajyk manylyrak saýrasañ bolmadymy?
Bu sanawy näçe uzaltsañ,uzaldyp gidip oturmaly.Häzirlikçe şular bilen çäklenjek.
Şu aýdymlary diñlän wagtym çynym bilen pikir edýän:"Şeýle ýüzleý,ýöntem aýdymlary kän gözleýärlermikä şu aýdymçylar?"Elbetde,bärde sazyñ üstüne söz ýazjak diýip,olaryñ puluny alyp ýönekeýje zatlar ýazyp berýän "şahyrlarda-da"müýn barmyka diýýärin.(Aslynda,olaryñam günäsini götermäýin.Bilýänler aýtsyn:Şolar sazy diñläp,üstüne söz ýazmak üçin aýdymçydan pul alýarlar.Şeýle dälmi?)Ýagdaý meniñ çaklaýşym ýaly bolsa-ha,olara şahyr diýmäge dilimem baranok."Söz sungatyny öz bähbidine ulanýanlar"diýsek ýerlikli boljak.Şu aýdymlar bilen türkmen aýdym-saz sungaty nirä tarap giderkä?
Saýtdaşlar sizem pikriñizi aýdyberiñ.Hem şu aýdymdyr aýdymçylar hakda hemem halaýan,halamaýan aýdymlaryñyz hakda.


231

30

7

1

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Bagul [off]
  Bazi şeyler kalbinizi kirar ama közünüzi açar.
 12.08.2024 / 05:36

+0

Nametjek dinlemeli bolya da turkmen aydymcylaram

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->