Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Boxer : Durmusda her bir zadyn sebabi bar. Totanleyin zat yok.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

Öveý kaka
 Gerekli
 Aixcam_nx [off]
 12.08.2024 / 23:02
 Raionymyn ovadanjasylai_nx

Öveý kaka.
Sen gidensoň ýeke, galdym ýalňyzdym,
Ýyrtypdylar, senden gelen bir haty,
Öveý kakam, otyrsada seredip,
Öveý inim bilen,urşypdym gaty.

Görüp şonda, öz oğlunu övşüni,
Gaharma ne gelse, sözlápdim baryn,
Şondan soňam ,süýräp köne kövşümi,
Golaýna barpdym, öňkü Çynaryň.

Damagym dolupdy, barypdym şonda,
Ýene öveý kakam, urdy diýmäge,
Gözleriňe bakyp, ajy ýylgyryp,
Ejemem seredip , durdy diýmäge.

Emma o gezegem, gelmändiň gûlüm,
Agyrypdy, Jan içinde janlarym,
Özalam ýadymda, emlärdiň telim,
Leblermden syryp, gatan ganlarym.

Şol gün barmandym,men gijesi bilen,
Ne soraglan boldy , nede bir idän,
Hor Arkamy berip, garry çynara,
Asmana bakardy, gözýaşly diýdäm.

Alaçsyz barypdym, ýene yzyma,
Diýerdim ykbalym, bu ne keçikdi,
Bedenime düşen, ýaralarymyň,
Yzasy bar, agyrysy geçipdi.

Bilýärdim mensizem, öveý kakamyň,
Basylanja ýûkü, agmaýanyny,
Emma görerdim men, maňa ejemiň,
Gizlinje seredip, aglaýanyny.

Mal bakardym, çöpü cörü saýalap,
Yssysyn iýerdim, içip ýagyşyn,
Ajygan mahalym, çörek gelýänçä,
Suvnyda sorup, oňdym gamyşyň.

Wagt geçdi , çagyrdylar gulluga,
Şeýle bir beğendim, çykdylar eýe,
İki ýyl hä diýmän, geçenem bolsa,
Gullugmy gutaryp, barmadym öýe.

Diňe daşdan , ejemjany synlardym,
Bilinýädi küýseg, derdin çekeni,
Asyl hiçkim , sözüne däl diýenok,
Men bar wagtym, azar görýän ekeni.

İne şeýle gülüm, meniň durmuşum,
Siz göçensoň, şeýle ýazdy ykbaly,
Assynda ha bu zatlar, saňa tanyş,
Men şeýle ulaldym, görüşüň ýaly.

Eşitdim arada, agtyk görüpdür,
Ejemki bolupdyr, ol giden howly,
Aýagny dövüpdür, öveý kakamyň,
Bir agyz sözüne , hakyky ogly..

jumayewa ogulgurban


138

9

1

2

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Diamante [off]
  Güneşi görmedim'ki karanlıkdan korkayım....
 14.08.2024 / 16:31

+0

Ooo yaltanman doly okadym sag bol paylashanyna in sonky topbagy dagy bet


Gerekli
Aixcam_nx  (14.08.2024 / 17:59) 

Diamante, axa jian

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

“Aglap bilerdim owal...”


Yetirip durun gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | “Aglap bilerdim owal...”
Sebap (Şugün, 23:55)

“Aglap bilerdim owal...”


Durmusdaky bir waka bilen baglap yazylan oytyan icdenlik bilen yazypdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | “Aglap bilerdim owal...”
Sebap (Şugün, 23:55)

SESSIZLIK


Gosgy gowy eken yetirip durun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | SESSIZLIK
Sebap (Şugün, 23:53)

Şu gün bagra bas ejeňi


Goşgy ýürege degdi, berekella!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Şu gün bagra bas ejeňi
State (Şugün, 23:41)

Gülkünç wakajyklar


"Şu pille" )...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gülkünç wakajyklar
Kesxa (Şugün, 22:38)

Gülkünç wakajyklar


1nja vopshe dushunmedim...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gülkünç wakajyklar
rexha (Şugün, 20:39)

Gülkünç wakajyklar


Hijisinede dushunmedim...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gülkünç wakajyklar
rexha (Şugün, 20:39)

Gülkünç wakajyklar


Çagalar bagynyň terbiýeçisi ejesine oglanjygyň goňşusynyň miwe şerbetli bulguryna tüýkürendigini aýdyp arz edýär. Ejesi şol tüýküren şerbedini og...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gülkünç wakajyklar
Belki (Şugün, 20:22)

Gülkünç wakajyklar


gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gülkünç wakajyklar
Brend (Şugün, 20:00)

Şu gün bagra bas ejeňi


Gosgy gaty ussatlyk bn yazylan! Tuweleme awtory!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Şu gün bagra bas ejeňi
Daniel (Şugün, 18:41)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика