Şu gün bagra bas ejeňi


13.05.2025 / 15:45
Kupa kızı, sinek valesi ❤️
BAGRA BAS EJEŇI
Şu gün bagra bas ejeňi,
Ýogsa, surat gujaklarsyň.
Arman doldurar içiňi,
Soň, kalbyňy pyçaklarsyň.
Şu gün bagra bas ejeňi,
Ýürek azarda galmasyn.
Bar, gursagna goý eliňi,
Ertir mazarda galmasyn.
Şu gün bagra bas ejeňi,
Ruhuň, çyragyň öçmesin.
Dolap bolmaýar geçeni,
Ertir oň kyrky geçmesin.
Şu gün bagra bas ejeňi,
Oň üçin ömrüň solmaýar.
Dermanlaryň bolsun jemi,
Ejeň emiçe bolmaýar.
Arman doldurar içiňi,
Hem kalbyňy pyçaklarsyň.
Şu gün bagra bas ejeňi,
Ýogsa, surat gujaklarsyň.
Nurmuhammet HAŞYROW
![]() 89 |
![]() 17 |
![]() 5 |
![]() 9 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 1 |
Teswirler:
Soňky teswirler
Hormatly ulanyjylar !
Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Şemal...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)