Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
I_miss_you : Ynsan ýaşy näçe bolsa bolsun, aglanda hiç kimsiz çagadyr.

Forum | UMUMY BÖLÜM | Şygyryýet dünýäsi

GEÇIP GITDIŇ...
 Gerekli
 Aixcam_nx [off]
 14.08.2024 / 18:16
 Raionymyn ovadanjasylai_nx


Ne beýle düýş, bu ne ahwal,
Azaşdyrdy bu keç ykbal.
“Mežnun" diýip edip ykrar,
Söýgi andyn içip gitdiň.

Ah, düýnjigem çagadyk-la
Bile gülüp, agladyk-la.
Sähel ýele galgadyň-da,
Gollarymden uçup gitdiň.

On ýedimi, ýa on alty,
Ugradypdym söýgi haty,
Senem gören bolup gaty,
Menden ara açyp gitdiň..

Ynam etmän gitdiň ýada,
Söýgim ýalanmydy ýa-da,
Ýaş kalbymy salyp oda,
Birden özüň öçüp gitdiň...

Öz obaňda bagt bar wagty,
Ýat ilden gözlediň bagty,
Bir salymlyk bolup ýagty,
Birsalymdan öçüp gitdiň.

Şeýdip geçip gitdi ömür,
Ýüregem däl ahyr demir,
Wagta edip bolman emir,
Uçup gitdiň, geçip gitdiň.

Üýtgemändir gözleň reňki,
Sözleriň däl indi öňki,
Dyrnaga zar galdyk, çünki,
Uzaklara uçup gitdiň.

Üşedim tomsuň howrunda,
Gözledim ähli öwrümde,
“Bir sen” diýip seň ugruňda,
Berlen ömri seçip gitdim.

Göz öňümde mydam görküň,
Galmady mydarym, örküm,
Munda heniz ýaşap ýörkäm,
Gözlerimi açyp gitdim.


187

22

6

5

0

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 erkin1997 [off]
 14.08.2024 / 18:54

+1

Surat nahili goyulyara sular yaly


Premium
PeRMaN  (14.08.2024 / 20:07) 

erkin1997,

[surаt] suratyň salgysyny ýaz şu ýere [/surаt]

 Täzeje
 Kadir [off]
  Geyani jinsi belli dal jynsy
 14.08.2024 / 18:56

+1

Suratdaka bet eken

 Öwreniji
 Akademik2 [off]
  YEKETAk.RU
 14.08.2024 / 19:45

+0

Su gyzy tapaynow erkek bolun

 Premium
 PeRMaN [off]
  Yes-No
 14.08.2024 / 20:08

+1

Goşgy gowy like, surat welin açmady mende.

 Täzeje
 Luckyboy [off]
  Trust Yourself
 14.08.2024 / 20:18

+1

Suratam Ai programma arkaly doredilen yada ChatGpt

 Täzeje
 Bayker [off]
 15.08.2024 / 21:34

+1

Bet surat eken.......

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

GOŞGULY KAGYZ 📃


Bah uytgesik eken sul yeri "Ýüregmi ýakdylar, Men seni ýakdym"...dowamy...
Erkin mowzuklar | GOŞGULY KAGYZ 📃
Sebap (Düýn, 23:57)

“Aglap bilerdim owal...”


Yetirip durun gowy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | “Aglap bilerdim owal...”
Sebap (Düýn, 23:55)

“Aglap bilerdim owal...”


Durmusdaky bir waka bilen baglap yazylan oytyan icdenlik bilen yazypdyr...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | “Aglap bilerdim owal...”
Sebap (Düýn, 23:55)

SESSIZLIK


Gosgy gowy eken yetirip durun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | SESSIZLIK
Sebap (Düýn, 23:53)

Şu gün bagra bas ejeňi


Goşgy ýürege degdi, berekella!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Şu gün bagra bas ejeňi
State (Düýn, 23:41)

Gülkünç wakajyklar


"Şu pille" )...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gülkünç wakajyklar
Kesxa (Düýn, 22:38)

Gülkünç wakajyklar


1nja vopshe dushunmedim...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gülkünç wakajyklar
rexha (Düýn, 20:39)

Gülkünç wakajyklar


Hijisinede dushunmedim...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gülkünç wakajyklar
rexha (Düýn, 20:39)

Gülkünç wakajyklar


Çagalar bagynyň terbiýeçisi ejesine oglanjygyň goňşusynyň miwe şerbetli bulguryna tüýkürendigini aýdyp arz edýär. Ejesi şol tüýküren şerbedini og...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gülkünç wakajyklar
Belki (Düýn, 20:22)

Gülkünç wakajyklar


gowy...dowamy...
Erkin mowzuklar | Gülkünç wakajyklar
Brend (Düýn, 20:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика