Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
I_miss_you : Var bildiğim insanların yokluğuna ezelden alışkınım ?

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

13 bişow sanmyka?
 Täzeje
 Agzamen [off]
 15.08.2024 / 11:45

13 BIŞOW SANMYKA?


1969-njy ýylda ýazyjylaryň Gyrgyzystanda geçmeli sebitara duşuşygyna
gatnaşmaga razyçylyk beren Berdi Kerbabaýew Frunze şäherine Aşgabatdan göni
baraýman,Moskwanyň üstündenaýlanyp gitmeli etdi. Ol paýtagta gelende,“Moskwa”
myhmanhanasynyň 6-njy gatyndaky 13-nji otagda ýerleşdi.
Ikimiz tirkeşip,jaýa giren badymyza ýaşuly,garaşylmadyk ýerden stola büdredi.
Stoluň üstünde duran kaşaň grafin ýere gaçdy-da,dört-bäş bölege bölündi.
—Nämäni göwnüňe getirseň,şolam bolýa-da!—Berdi aga grafin böleklerini aýagy
bilen bir gyra sürüp durka hümürdedi. —Şu gezeg-a samolýotda-da 13-nji hatarda
oturmaly boldy. Ýaňy şu otaga pul tölänimde-de,13 manat bermeli eken.
—Jäç döwülse,gowulyga ýorulýar-a…
—Ony orslar şeýle hasap edýäler. Iňlisler bolsa 13 diýen sany halamaýarlar.
—Biz orsam däl,iňlisem.Şonuň üçinem göwnümize zat getirip durmaly däl.
—Ol-a şeýle welin… —diýip,B. Kerbabaýew oturgyja geçdi. —Hany,sen
arabalymeseläňi bir çöz,dorogoý drug!
(Kerbabaýew “taksi” ýa-da “maşyn” diýmän,mydam “araba” diýýärdi.)
Men edara jaň edip,ertir aeroporta gitmäge maşyn buýrmak üçin ýazuw stolunyň
üstünde duran telefon apparatynyň ýanyna bardym. Görsem,apparatyň ýüzüne-de292-26-
13 diýlip ýazylypdyr. . .
—Ýaşuly,telefonyň nomeri hem 13 bilen gutarýar eken!
—Ana,gördüňmi!—diýip,goja ýylgyrdy. —Bir gezek gämä münen ýolagçylaryň
jemi sany 13 bolany sebäpli bir iňlis diplomaty öz ýolundanam galaýypdyr.
Berdi Kerbabaýew yrymçy hem däldi welin,şol gezeg-ä 13 diýen san ony biynjalyk
edýän ýalydy.
Edaradan ertir bize berilmeli maşynyň nomerini sorasam,86-13 diýdiler.
—Bu nähili boldy!—diýip,B. Kerbabaýew gülüp goýberdi. —Hernä muň soňy bir
eýgilik bilen gutarawersin-dä!
Biz ertir irden Gyrgyzystana bile uçmalydyk. Şonuň üçinem ozaldan telefon arkaly
wadalaşygymyza görä,men bu gije myhmanhanada galmalydym.
Berdi Kerbabaýewiň ukusy “guşuň ukusy ýaly” diýilýändi. Ol gaty giç ýatyp,gaty ir
hem oýanýardy. Onuň üçin uklamak kynam däldi. Ýolda-yzda maşynyň üstünde-de,gözüni
ýumdugy uklaýýardy. Ol özüne erk edip bilýän adamdy.Käte ol “Üç minutlyk uky maňa
bir sutka ýetýär” diýip gülýärdi.
…Men B. Kerbabaýewiň sesine ukudan açyldym. Jahan ýaňy ýagtylyp ugran
eken.Emma gara kostýum geýip,aýnanyň öňünde daşaryk seredip duran goja pessaýdan
ýognas sesi bilen aýdyma hiňlenýärdi:

Çarhy bet bakryň elinden eýlerem men dady heý,
Çünki kyldy bizni gamgyn,özgelerni şady heý…

Baglarda gyzylalma,
Ýar lebi şirin alma.
Ajala men çoh ýalbardym:
“Özüm al,ýarym alma!…

Şol aýdymyň yzyndan meniň heniz eşitmedik setirlerim ýaňlandy:

Dagystan —dag ili,
Gürjüstan — bag ili.
Daglarnyň üsti garly,
Baglary päk enarly… —

Men oýanandygymy bildirmän,uzak wagt aýdym diňläp ýatdym.
Otagda ertirlik edinenimizden soň,goş-golamlarymyzy alyp daş çykdyk. Aşakda biz
bilen bile gitmeli belarus ýazyjysy,Lenin baýragynyň laureaty,“Palessiýa senenamasy”
diýen epopeýanyň awtory Iwan Pawlowiç Melež hem garaşyp duran eken.
Biz diplomatlarymyzy Meležiň çemodanjygynyň ýanynda goýup,aýak çeken
badymyza daşary ýurtly turist bary alagalmagal bolup myhmanhanadan çykdy. Olar hem
biziň ýanymyzda saklandylar. Kän mahal geçmänkä,turistleriň mähnet awtobusy gelip
durdy. Gaýda-gaýmalaşyk başlandy. Daşary ýurtlular awtobusa gapgarylansoň,duman
sowlan ýaly boldy. Şol mahalam B. Kerbabaýew gapdalyna garady-da:
—Hany,meň diplomatym?—diýdi.
Garma-gürmelikde onuň diplomatynyň daşary ýurtlularyň goş-golamynyň arasy
bilen gidendigi ikuçsuzdy.
Men ugrajak bolup duran awtobusa tarap ylgadym.
Biziň çakymyz dogry bolup çykdy.
Gojanyň diplomatynyň daşary ýurtlularyň goş-golamynyň arasy bilen gitmeginiň
sebäbi hem bar eken. Kerbabaýewiň diplomatynyň tutaýyndaol ozal daşary ýurda gidip
gelensoňam aýrylman galdyrylan,ýüzüne latyn harplary bilen “Mister Kerbabaýew” diýip
ýazylan birka bardy. Myhmanhanayň hammallary bolsa şol birkä seredipdirlerde,“misteriňki”
bolansoň,Berdi aganyň diplomatynam awtobusa basypdyrlar.
—Gördüňmi 13 sanyň bişowdygyny!—diýip,elgoşy gaýtarylyp getirilen B.
Kerbabaýew güldi. —Ana,seň 86-13-iň hem peýda boldy!
Biz üç bolup,86-13-e atlandyk-da,aeroportatarap ugradyk.
Heniz şäherdenem saýlanmankak,agraslanan ýaly bolan “Wolga” silkindi
welin,maşyndan az-kem başy çykýan B. Kerbabaýew:
—Ana,dorogoý drug,arabaňam tigri ýaryldy—diýdi.
Dogrudanam,maşynyň tigri ýarylypdyr. Üstesine-de,geleňsiz şofýoryň ýanynda
ätiýaçlyk tigri-de ýok eken. Indi ol maşyny ýedi ýoluň üstünde taşlap,soýuza gidip tigir
getirmelidi ýa-da jaň edip,şofýor ýoldaşlarynyň birine ýalbarmalydy.
Kerbabaýew diplomatyna ýapyşdy.
—Öz gamymyzy özümiz iýibereliň!Bu sölitäň raýyna garasak,samolýotdanam gijä
galmagymyz ahmaldyr.
Taksä kän garaşmaly bolmadyk. Ýöne ulaga münen badymyza goja yzyna gaňryldyda:
—Gördüňmi,drug,13 sanyň ediberişini!—diýip ýylgyrdy.
Biz aeroportaaman-esen baryp,deputatlaryň otagynda çaý içdik-de,derrewem
samolýota mündük. Emma uçmaly wagtyndan kän mahal geçse-de,samolýot ýerinden
gozganmady. Ol uçjaga-da meňzemeýärdi,trapy-da aýyrmaýardylar Onuň daşynda alada
bilen gaýmalaşyp ýören adam kändi. Birdenem,ýolagçylara samolýotdan düşmegi
buýrdular.Biz ýene deputatlar otagyna bardyk. Oturup-oturmankagam ýene samolýota münmäge çagyrdylar. Garaz,şeýdip,ýolagçylary alasarmyk güne saldylar. Ýagdaý şeýle
bolansoň ynjalyksyzlanmanam durulmady.
Soň bilip otursak,bir kel-köwser ýolagçyçemodanyny tabşyryp,registrasiýadan
geçensoň,bufete çaý içmäge gidipdir,bildirişi hem eşitmändir.Şonuň üçinem ýolagçylary
samolýotdan düşürip,şol gelmedik adamyň “howply bolmagy mümkin”çemodanyny
gözlemäge başlapdyrlar. Şol mahalam çaýhor ýolagçy haýdap gelipdir.
Ak bulutlaryň depesine çykan samolýot Gyrgyzystana tarap gönelensoň,men
ýaşulynyň ýüzüne garadym-da:
—Şol 13 diýilýän sanyň birneme bişowdygyna menem indi ynanman duramok—
diýdim.
—Biynjalyk bolma!—diýip,goja ýylgyrdy. —Asmandaky samolýotyň tigri
ýarylmaz…
Biz sag-aman Frunze şäherine baryp ýetdik.B. Kerbabaýewe aýratyn bir ýeňil
maşyn berkiden ekenler. Ol ulaga münmänkä,maşynyň döwlet belgisiine seredensoň,maňa
garap ýylgyrdy.
—Hudaýa şükür! Muň-a nomerinde13 san ýok eken…
Dogrusyny aýtsam,biziň şol gezekki Gyrgyzystan saparymyzdan soň menem
13diýen sandan çekinmän duramok.

"Kyrk ýylda ýazylan kitapdan"


185

27

9

5

1

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Boniya [off]
 15.08.2024 / 13:28

+0

Orslarda şeýle ynanç bar “ 13nji çisloda Ewa iýmeli däl miwäni iýenmiş” şondan halanoklar , ýöne o döwürde çislo zat bardymyka ?


Täzeje
 (15.08.2024 / 13:30) 

Boniya, Ewa diýýäniň yslam ynanjy boýunça öwürsek, How enemiz bilen Adam atamyzyň ilkinji günäni eden güni bolýamy?


O döwür diýýäniň nemeräkdä indi. Orslarda bilemok nirde iýýänlerini "almalaryny" ýöne bolsaha jennetde iýendirler. Şeýlemi? Çislo bolmaýmasa...


Täzeje
Boniya  (15.08.2024 / 13:34) 

Agzamen, ine şu taýda çislo haçan ýüze çykdyka diýen sowal gelip çykýar?


Täzeje
 (15.08.2024 / 13:36) 

Boniya, aýdyp duruna çislo diýen zat ýok. Üýtgedilen.
Kitaplary, dinleri üýtgedilen. Orslaryňam, ýewropaňam we haýsy bir ýene-de hristian ynançly millet bar bolsa.

 Täzeje
 Luckyboy [off]
  Trust Yourself
 16.08.2024 / 07:51

+0

Mlds

 Täzeje
 Luckyboy [off]
  Trust Yourself
 16.08.2024 / 07:51

+0

Paýlasyp dur

 Täzeje
 Luckyboy [off]
  Trust Yourself
 16.08.2024 / 07:52

+0

Tüwölöme

 Täzeje
 Ysmayyl [off]
 16.08.2024 / 07:56

+0

????

 Täzeje
 Maria [off]
  Gözelligñ gymmatyny, ony duýup bilýänlerden soraň
 16.08.2024 / 08:13

+0

Ýetirip duruñ!
Gowy eken.

 Özümiziňki
 Jasmin [off]
 16.08.2024 / 09:10

+0

Mlds yetrip dur

 Premium
 Didar [off]
 16.08.2024 / 12:15

+0

Mlds

 Premium
 Didar [off]
 16.08.2024 / 12:15

+0

Mlds

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

SESSIZLIK


Söydim Uzugy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | SESSIZLIK
Annadurdy (Şugün, 11:05)

Hezreti Omaryň musulman bolmagy(8-nji bölim)


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hezreti Omaryň musulman bolmagy(8-nji bölim)
Ahal (Şugün, 07:48)

Lolular


Belki bizin hemmamizde Sol hereket bardyr yaranmak gowy gorunjek bolmak yada kabirlerinin pikri bula meni hoplady yada sona Menzes soz diyaler eg...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Akademik3 (Şugün, 07:05)

Lolular


gouy eken mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Aixcam_nx (Şugün, 01:25)

Hoşlaşyk aýdymy


Gosgyny okap oz okuwçy dowrum ýadyma dusdi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:01)

Hoşlaşyk aýdymy


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:00)

Soragnama logiki2


Bayrak bermesena bolmoz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:46)

Soragnama logiki2


3 .. kolegesi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:44)

Soragnama logiki2


3 näme...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Dunyodagi (Düýn, 22:38)

Soragnama logiki2


1.gury 2.yagysh we gun 4 diyip bilmez ol gurlanok 51 hepdede 7 gun bar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:31)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика