Ýürekdeş sözler!
King-official : Ne annen var ne babam var kalmışım öksüz #eren
Iň gowy söz
Özümiziňki Gerceknazar [off] 15.08.2024 / 13:15 Kanagatly bende baýdyr soltandan
Iň gowy söz
Şükür bu ýyl hem Allajan öz rehmetinden eçildi. Ine maňa-da baýram namazyny okamak miýesser etdi . Men kakam bilen Gökdepe metjidine ýetip barýardyk. Howa azajyk sowgyrakdy,gündogardan çalaja sowujak şemal öwüsýärdi. Gökdepe metjidiniň depesinde Güneş gyzaryp gözüňi gamaşdyrýardy. Metjidiň mikrofonyndan ymamyň wagyzy ýaňlanyp dur.Daş töweregindäki adamlar biri-birinden gowy musulman eşiklerini geýip, iň gowy müşklerden sepinip , şadyýan ýagdaýda baýramyň bereketinden öz paýlaryny almana howlugyp gelýärdiler. Metjidiň gümmezinde guşlar gaýmalaşyp kä gümmeze gonýardylar, käte bolsa ýokarlygyna uçuşyp gaýmalaşýardylar. Men şol guşlara gözümi aýyrman seredip ýuwaşlyk bilen ýöräp gelýärdim. Içimden bir ses maňa "Olar guşlar däl, perişdeler" diýýärdi. Şol pursat men hem "Allajan eger olar perişdeler bolsa , onda şolaryň içinden birini meniň ýanymada ýollaýda" diýip dileg edipdim. Tüweleme bu wagt adamlardan ýaňa metjidiň içinde ýer ýokdy. Hatda sogapdan umydygär bendeler metjidiň daşyny hem doldyrypdylar. Bolsada biz ýanymaza aýratyn namazlyk alypdyk. Gijiräk gelenimiz üçin baýram namazyny metjidiň daşynda okadyk. Ymam gaýta-gaýta baýram namazynyň okalyş düzgünlerini duýdurýardy. Inede namaza durdyk. Namazdan soň aýt tekbirleri okaldy.
Allahu ekber Allahu ekber ,
Lä ilähe illallahu wallahu ekber,
Allahu ekber Allahu ekber,
We lillähil hamd.
Bu tekbir üç mertebe sanaldy. Soňra Gurhan okaldy. Ondan soň doga-dileg edildi. Iň gowy doga-dileglerden soň jemagat bolup "Ämin" diýip , elimizi ýüzümize syldyk. Baýram namazyndan soň musulmanlar begenişip , elleşip, gujaklaşyp biri-biriniň baýramçylygyny gutlaşýardylar:
-Baýramyňyz mübärek bolsun !
-Sag boluň siziňkem gutly bolsun !
-Namaz , orazaňyz kabul bolsun !
-Taňry ýalkasyn. Barça musulmanyňky kabul bolsun .
Hawa bu gün hakykatdanam musulmanlar üçin hakyky baýramçylyk. Bir aýlap agyz bekläp, namaz okap , sadaka edip,tesbih sanap, ylym öwrenip... gazanan sogaplaryny bu gün alýardylar. Baýramçylyk mynasybetli janly kesilip , sadakalar edilýärdi. Baýram namazyndan çykyp kakam bilen sadakalara göründik. Sadakalardan soň ahyry öýe geldim . Ýöne öýe gelenimden soň hem meni bir zat bimaza edýärdi, ol hem penjiräni kakyp duran guşjagazdy.
-Allajanlarym bu nämäniň alamatyka ? - diýip , guşa içgin seretdim. Hakykatdanam ol ýüzüme naýynjar seredip, çüňki bilen penjiräni kakyp durdy. Kelläňe her dürli pikirler gelýärdi. Soňra öýden çykyp , jaýyň daşyndan aýlanyp baranymda hiç zat ýokdy. Bu waka 3-4 günläp gaýtalandy. Ony öýdäkiler hem görüpdirler . Megerem ol guşjagaz menden , bizden umydygär ata-babalarmyzyň ruhydyr. Sebäbi "Kimde-kim "Lä ilähe Illallah " sözüni 70 müň gezek gaýtalap , sogabyny bir kişä bagş etse , şol kişiniň jennete düşýär " hadysyna okap, çyn ýürekden ynanyp , elime tesbih alyp çaga kalbymdan müňlerçe gezek "Lä Ilähe Illallah " diýip gaýtalap , ötüp geçen ata-babalarymyň ruhlaryna bagyşlaýardym. Ine-de onuň netijesi.
Günleriň birinde ýigit ýüregime ot düşüp "Dünýäde iň gowy söz nämekä? " diýip pikir edipdim. Allanyň ýardamy bilen bu soragyň jogabyny tapmak uzaga çekmedi. Onuň jogabyny derrew perişdeler aýdyp berdiler. Dünýäde iň gowy söz Lä Ilähe Illallah sözidir.
Ýene-de bir zada düşündim walla,
Iň gowy söz näme ?
Biljek bolarlar.
Iň gowy söz "Lä Ilähe Illallah".
Bu jadyly sözüň gudratyn bilýän.
Gaýtaladym ony müňlerçe gezek.
Şol gudratyň gözli şaýady bolýan.
Indi bolup geçen gudrata seret --
Bir guşjagaz gelip aýnany kakýar
Henizem sebäbin aňlap bilemok
Käte-käte durup naýynjar bakýar
Soň aýlanyp bardym, gördüm hiç zat ýok
Budur Biribaryň täsin işleri...
Bu setirler "Durmuş sapaklary" atly sonetler çemeninden bir parça. Bu setirleri ýazdyrmaga maňa näme itergi berdikä? Asla, bu tötänligä bolmaly däl .Syrdan doly durmuşda her dürli täsin we täsirli wakalar bolup geçýär. Elbetde köplenç olary göz bilen görüp bolmaýar, gulak bilen eşdip bolmaýar . Ony ýürek bilen duýmagymyz gerek.
(21.04.2023)
Gerçeknazar Amannazarow .
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Soňky teswirler
Lolular
Belki bizin hemmamizde Sol hereket bardyr yaranmak gowy gorunjek bolmak yada kabirlerinin pikri bula meni hoplady yada sona Menzes soz diyaler eg...
dowamy...
Ýokaryk