Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Sebap : Sen däli, men däli, bu söýgi gaty howply.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Geljegmiziň ilçisi
 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
 17.08.2024 / 06:04
 Kanagatly bende baýdyr soltandan

GELJEGMIZIŇ ILÇISI

"Ýatsakda görýäris täsin düýşleri,
Düýşler biziň geljegmiziň ilçisi."

Maşgalaň körpesi we iň eý görülýän agzasy bolan  Gurbannazar ir bilen turasy gelmedi. Ol ejesiniň üznüksiz gaýtalaýan:
-Gurbannazar turaý balam , Gün al-asmana galdy, turaý indi-diýen sözlerine ähmiýet bermän , ýatdygyça ýatasy geldi. Ahyry ol kellesini ýumşajyk ýassykdan göterip , kiçijik elleri bilen gözjagazyny süpürüşdirip, ala ukyly ýagdaýda birneme otyrdy. Ýeňiljek göwresini zordan ýerinden göterip, suwuň başyna bardy. Elini-ýüzüni ýuwup , saçagyň başyna giçip , ertirligini edindi. Ertirlikden soň  derrew goňşysy we dosdy Durdynyň öýlerine eňdi. Durdynyň täze  alynan , daşy ýuwşajyk ,akja  topy  bardy . Gurban , Durdy, Kerim, Arzuw,Mekan , Medet ... dagy her gün diýen ýaly şol topda futbol oýnaýardylar. Gurbannazar baranda eýýäm Durdy , Mekan , Medet dagy penalty depişip duran ekenler. Ol  gelen badyna futbalistler  iki-ikiden iki topar düzülip , oýna başlandy. Alty ýaşly Gurbannazar bilen on iki ýaşly Mekan bir toparda, sekiz ýaşly Durdy bilen ýedi ýaşly Medet garşydaş toparda oýnaýardylar . Soňra ýerli-ýerden  oýunçylar gelip oýuna goşuldylar. Oýunçylar geldigiçe oýun git-gitden gyzyşyp barýardy. Oýunyň iň gyzgalaňly pursatlarynda Gurbannazar topy alyp garşydaşyň derwezesine tarap bar bady bilen ylgapdy . Medet onuň yzyndan ylgap bardy-da Gurbannazaryň aýagyna badak goýdy. Gurbannazar süssenekläp ýere ýüzün ýazylyp gitdi. Inçejik sesi bilen müňňürüp  aglap , aýagyna seretdi . Dyzynyň aşagyndan ökjesine çenli injiginden gara gan syrygyp akýardy. Dostlar "Näme boldy-da , näme boldy?" boluşyp Gurbannazaryň daşyna tegelendiler. Gurbannazar bolsa gözüniň ýaşyny akdyryp , zordan süýrenip·süýrenip ýoluň gyrasyna geçdi.

*   *   *

Jumanazaryň ýaňy bir okuwdan ýadap gelip duran wagtydy. Ol sumkasyny çüňke taşlap, okuw eşiklerini çakaryp öý eşiklerine geçen badyna , köçeden bir çaganyň aglaýan sesini eşidip , köçä çykdy  . Ilersine seretse jigisi Gurbannazar aýagynyň ganyny akdyryp , inçejik sesi bilen şumjaryp otyrdy . Jumanazar haýdaşlap jigisiniň ýanyna bardy. Gele-gelmäne:
-Näm boldy?- diýip jigisiniň aýagyny elleşdirdi.. Gurbannazar aglaşlap:
-Ýykyldym-diýip gözüniň ýaşyny süpürdi. Jumanazar jigsini ýuwaşlyk bilen göterip öýlerine alyp gitdi. Gurbannazary görüp ejesiniň ýüregi üýtgäp gitdi.
-Wah balam , näm boldy, ýykylaýdyňmy ? - diýip ony içki jaýa geçirdi. Bada-bat marly , pagta,  ýod getirip ilkinji lukmançylyk kömegini bermäge başladylar. Sona daýza  pagta alyp ýuwaşjadan ,  aýagynyň ganyny süpürdi. Tas bilen suw alyp aýagyny ýuwdy. Indi aýagynyň niresiniň ganaýany belli boldy. Gan göni dyzynyň aşagyndan ýuwaşjadan syrygyp durdy. Gurbannazar ýykylanynda dyzyndan aşagynyň öň tarapynyň 10-15 santimetr ýeri sypjyrlypdyr. Sona daýza çalasynlyk bilen oglunyň aýagyna ýod  çalyşdyrdy. Ýod ýara her degende Gurbannazar öňküsündenem beter möňňürüp aglaýardy. Sona daýza gaharjaňlyk bilen :
-Gowy boldy saňa indi topa gitmänjik geçersiň. Kim "Git" diýdi saňa top oýnamaga . Günde giden bolýaň, otyryberdä öýde, mültifilm görde...- diýip iňirdeýärdi. Sona daýza  ýara ýod çalyp ony marly bilen sarap gowy edip daňdy. Aýagynyň ýarasy saralandan soň Gurbannazar biraz köşeşdi. Ejesi bolsa balasynyň başujyndan aýrylyp bilmeýärdi. Şol wagt Gurbannazaryň birden  bir zatlar ýadyna düşüp:
- Eje şu wakany düýşümde-de görüpdim- diýdi. Sona daýza oglunyň bu sözlerine geň-taň bolup:
-Haçan gördüň ?-diýip sorady. Gurbannazar :
-Aralarda - diýip gümürtik jogap gaýtardy . Ol hakykatdanam topda ýykylyp aýagyny agyrdyşyny, dogany Jumanazaryň ony göterip öýe getirşini, edil şu wagt , şu düşekde ýatyşyny düýşünde-de görüpdi. Ýöne onuň çagalygyndanmy ýa-da başga sebäplerdenmi "Men huşumdaky wakalary düýşümde öňünden görýän " diýse oňa hiç kim , hatda öz ejesi hem ynanmaýardy.
-Wah çagamyň kellesine-de bir zatlar bolupdyr öýdýän. Kakasy gelende dogtara görkezerisdä - diýip Sona daýza öz ýanymdan oýlandy.

(Bolan waka esasynda ýazyldy)

© Gerçeknazar AMANNAZAROW


122

14

4

2

0

0

1
Teswirler:
 Gerekli
 Aixcam_nx [off]
  Raionymyn ovadanjasylai_nx
 17.08.2024 / 18:21

+0

 Özümiziňki
 Diamante [off]
  Güneşi görmedim'ki karanlıkdan korkayım....
 18.08.2024 / 01:37

+0

gowy eken yetirip paylasyp dur


Özümiziňki
Gerceknazar  (19.08.2024 / 12:36) 

Diamante, köp sag boluň ,okanyňyz we öwgüli teswiriňiz üçin .

 Özümiziňki
 Diamante [off]
  Güneşi görmedim'ki karanlıkdan korkayım....
 18.08.2024 / 01:39

+0

öňünden boljak zatlary düyşünde göryän adama ilçi diyilyämi?


Täzeje
 (18.08.2024 / 03:07) 

Diamante, ýok


Täzeje
 (18.08.2024 / 03:08) 

Diamante, çynyň bilen soraýaňmaý? Bileňokmy çyndanam ilçiniň näme iş edýänini?


Özümiziňki
Diamante  (18.08.2024 / 17:38) 

Agzamen, yio çynym bilen bilemok


Täzeje
 (18.08.2024 / 21:58) 

Diamante, ilçi ýokary derejeli diplomatiýa wekili.


Özümiziňki
Diamante  (18.08.2024 / 22:01) 

Agzamen, hä düşünnim sps


Özümiziňki
Gerceknazar  (19.08.2024 / 12:42) 

Diamante, diňe o däl pygamberlerede "Resulalla" ýagny "Allanyň ilçisi" (Resul ilçi diýmek) diýilýär . Onsoň pygamberler hem Hudaýtarapyn huşunda boljak zatlary öňünden düýşünde görýärler ýa-da düýş ýaly bolup geçýär. Beýle diýsem men özüme pygamberler diýýän däldirin Köp adamlarda hem şolar ýaly gudratlar bolýandyr.


Özümiziňki
Diamante  (19.08.2024 / 21:50) 

Gerceknazar, hmm bolya düşünnim sag boluň

 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 18.08.2024 / 21:44

+0

Gowy bolupdyr agam ellerne saglyk sular yaly gulyzykly wakalara garasyas


Özümiziňki
Gerceknazar  (19.08.2024 / 12:37) 

BAYOGUL, nesip bolsa , siz okap dursaňyz paýlaşyp durarys.


Premium
BAYOGUL [on] (19.08.2024 / 14:03) 

Gerceknazar, mlds

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

SESSIZLIK


Söydim Uzugy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | SESSIZLIK
Annadurdy (Şugün, 11:05)

Hezreti Omaryň musulman bolmagy(8-nji bölim)


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hezreti Omaryň musulman bolmagy(8-nji bölim)
Ahal (Şugün, 07:48)

Lolular


Belki bizin hemmamizde Sol hereket bardyr yaranmak gowy gorunjek bolmak yada kabirlerinin pikri bula meni hoplady yada sona Menzes soz diyaler eg...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Akademik3 (Şugün, 07:05)

Lolular


gouy eken mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Aixcam_nx (Şugün, 01:25)

Hoşlaşyk aýdymy


Gosgyny okap oz okuwçy dowrum ýadyma dusdi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:01)

Hoşlaşyk aýdymy


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:00)

Soragnama logiki2


Bayrak bermesena bolmoz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:46)

Soragnama logiki2


3 .. kolegesi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:44)

Soragnama logiki2


3 näme...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Dunyodagi (Düýn, 22:38)

Soragnama logiki2


1.gury 2.yagysh we gun 4 diyip bilmez ol gurlanok 51 hepdede 7 gun bar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:31)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика