Agzamen [off]
18.08.2024 / 06:32
Goňşularymyz mundan bir aý ozal "öýi syçan basdy" diýip obadan pişik getirdiler. Işini gowy eden bolsa gerek. Görgülini indi daşarda goýupdyrlar.
Ol janawer, syçanlara: "Bu öýde indi men hojaýyn!" diýip, olary öýden "sürgün eden" bolsa öýüň hakyky hojaýynlaram muň özünem köçä sürgün edäýipdirler.
Ýagyşam ony suwa düşürýär. Aý, näme syçanlar gitdi pişigede edere iş galmadyk bolmaly.
Esasy zat bulam däl. Meň kellämdäki sorag...
Indi şu pişigiň düşen gününe haýsy söz gabat gelýär? Häzirki zaman "Ýagşylyk etseň ynsana aýlanyp deper ýeňsäňemi?" ýa-da bir gadymky "Näme ekseň şonam orarsyňmy?" çözmesi kyn şeýle dälmi?
Pişik näme üçin şu wagt ýagyş astynda titreýär? Ynsanyň ýagşylyga ýamanlyk bilen jogap bermek ýaly söýgüli "käri" üçinmi ýa-da pişigiň "syçan maşgalasynda geçiren tragediýasy" üçinmi?
Hany siz bulara jogap tapjak boluň menem ho-ol işinden kowulan syçan gassabyna täze iş ýeri döredip bermek üçin hemem çäksiz möhletleýin ýaşamaga özüne niýetlenen myhmanhanasyna, öýümize çagyrmak üçin eňeýin...
Ogurlamadyk: Edepli Gödek.
![]() 253 |
![]() 33 |
![]() 9 |
![]() 1 |
![]() 1 |
![]() 0 |
![]() 1 |


Kupa kızı, sinek valesi ❤️
18.08.2024 / 10:15
+1
Syçan pişik mysaly dogrumyka bilmedim. Sebäbi tebigatyñ kanuny güýçli jandaryñ ejiz bilen iýmitlenmegi. Olar muny insting boýunça edýärler. Pisik yasamak ucin sycany iymeli. Sonun ucinem pisigi sycana yamanlyk eden yaly kabul etmek nadogrymyka diyyan.
Adamlar hakda aytsam, onarmandyrlar. Barybir oye yene sycanlar gelip ugrasa, pisigem yzyna cagyrarlarmyka diyyen.
Yene bir tarapdan aytsam pisigin oye salynmagyny ikitaraplayyn is sertnamasy hokmunde goz onune getirip bileris: Adamlar pisigi oye saldy, pisigem oyde yasan mohletinin dowamynda olara sycan tutup berdi. (Bu ýerde ilki bilen pişigiñ öz garnyny doýurýanynam gözden düşürmeli däl) Syçanlar gutaransoñ bolsa pişigiñ geregi ýok.
Meselem, öýümiziñ gapdalyndan küme galdyrdýas diýeli. Küme galdyrylýança ussalaryñ ýatara ýeri ýok bolsa, bizde bolýarlar, naharyny biz berýäs. Gurluşyk gutaranyndan soñ bolsa olaryñ bize geregi ýok.
Täzeje
(18.08.2024 / 17:01)
Belki, howa senkam dogry sertnamalayyn is etmeda pisik barde bisigem gunali dal adamam yonekey mysal ustunde goyulan sol pisik bn sycan hamala sen mana gowy yardam beren menem sana yamanlyk gaytaran hokumunde garalyada barde sona mysal edibem ikimizin seyle bolsumyzy pisik bn sycanda it bn gusda gorkezdiler dusunjeli dostum Belki pisik
Hormatly ulanyjylar !
Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Şemal...dowamy...
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)