Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
BAYOGUL : Name ucin soyguliler günü barda, soygulsizler güni yok na biz adam dalmi??

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Oglanyň dosty - oglan, Gyzyň dostam - gyzdyr!
 Täzeje
 Matak [off]
 18.08.2024 / 13:11

Soňky döwürde oglan bilen gyzyň dostlugy örän köp göze düşýär. Bilemok bu meselä gyzlar nähili seredýär, ýöne ilki bilen akyla gelýän sorag şu: Oglandan gyza, gyzdan oglana dost bolup bilermi?!  Men bu ýagdaýlary käbir görnüşlere görä analiz etjek:

-  Oglan, gyz bilen ilki tanyşanda birbada söýüşeli diýip bilmänsoň we soň ol gyzdan halas bolasy gelen wagty özüne gaçmaga gapy goýmak üçin dostlugy saýlaýar. Gyzlaryň hemmesi diýen ýaly bu teklibe razy bolyar.

- Oglan bilen gyzyň dostlugynyň pes ähtimally bolmagynyň başga bir sebäbi, adam nebsiniň gulydyr. Mundan gelip çykyp, ol dosty hem bolsa ýanynda duran gyza belli bir parametrler tarapyndan ony gyz ýerine goýup seredýär we bu aragatnaşygyň dostluk çyzgysyndan geçmegi gaty uly ähtimal.

- Gyzlar köplenç dost diýip ylalaşan oglanlaryny halamaga we soňra oňa nädip söýýänini aýtmaga ýol gözläp başlaýar we her dürli derde girýär. Gynansakda, duýgy erkeklerde gyzlardaky ýaly aňsatlykk bilen orta çykmaýar we oglanyň bir gyz üçin aglanyny görmek örän kyn yagdaý, gyzyň oglan üçin aglaýşyny her ädimde görüp bilsek hem.

- Onsoňam, dost  diýilýän hemme syrlaryňy paýlaşylýan, syrtyň ýere degende kömek etjek bir ýakynyň. Emma gyzlara oglanlar hemme meselede kömek edip bilmez. Käbir gyzlar bolaýmasa, galanlary hemme syryny oglana açmaga hökman utanaýmaly. Oglanlarda-da şeyle. Şonuň üçin oglana oglan - iň gowy dost, gyzlara-da gyz - iň gowy jora bolup biler.

- Bu adamyň ýaradylyşynda bar bolan zat. Fiziki we biologiki şertler şuňa getirýär.

- Ýöne oglanlara maslahatym gyzy çenden aşa köp ýakmajak derejede, ýakmazlyk şerti bilen, tanamak üçin, dostluk bahanasyny ulanyp bilersiňiz.

Diyjek bolyanym döwür üýtgeýär adamlaň yüzem barha yyrtylyar!

Köpüñiz aýdarsyñyzam biz ösen ýewropa medeniýetine ýakynlaşýas diýip, ýalñyşmalyñ, ata-babalarymyzyñ diş-dyrnak bolup dikelden medeniýetinem ýatdan chykarmalyñ-how...
Gowy bolýan bolsa olaram gyz-oglan dostlugyny medeniyetiñ arzyly ýerinde goýardylar...  Gyz bilen oglanyñ arasynda tanyşlyk bolup biler bermudyñ çägi ýaly ,ýöne gyz-oglan dostlugynda welin çäge ýetmersiñ... Biziñ her birimizde uýada bar, doganda. Hany onsañ men señ uýañ dosdy diyip biri gapyñdan gelsin uyañ ýanyna ...soñundan ALLAÑ özi gorasyn...

Oglanlañ gyza dostlugy işini bitirýänçädir...işi bitdi wessalam ýene bir taze dostlugyñ gözlegine ...
Indi döwür şeýlebir tizlikde ösýär welin akylyñam alyp ýetişenok ...döwürdenem yza galmaly däl. Gyz oglan dostlugyny hem ýazgarasym gelenok ýöne çäkli dostluk hasam oñat bolar.. Uzaga gider...

Gyz bilen oglan işdeş, kärdeş, klasdaş, kursdaş, garyndaş, ýassykdaş (öz gelniň), partadaş bolup biler. ýöne ejeň, gelnejeň (gyzlar üçin) syrdaş bolup biler. Gyz bilen oglan hiç wagt dost bolup bilmez. Dostlar adamyň birtopar dosty bolanok. Bir ýa iki dosty bolýar. Galany ýokarky sananlaryma girýär.

Men bu ýagdaýy, köp ýyllar bäri türkmen gyzlary bilen öz durmuşymda analiz etdim. Niyetim analiz etmek däldi, ýöne aýak direýän pikirim bardy, "name üçin gyzdan oglana dost bolmasyn" diyip. Emma gynansakda, ylaýta-da türkmen jemgyyetinde (orslaşmadyk bölekde), bu dostluk görnüşiniň aşagynda derek yok. Oglanlar gyzlardan, gyzlar oglanlardan gaça dursun diýemok. Ýöne, dostluk diýip ýakynlaşanda ýalňyş kanallara düşüp aldanmasynlar. Bu gyz-oglan dostlugyndan iň köp zyýan çekýän gyzlar ekeni.

Ýa-da diýersiňiz, meniňä 4-5 ýyl bäri (belki ondanam köp) gatnaşýan gyz ýada oglan dosdum bar, bizä söýgä ýazdyramyzok diýip. Dogrudyr, bolup biler.. Onuňam görnüşleri ýada sebäpleri bardyr özüçe, ýogsa onça ýyllyk doslugy bir biriňize bolan uwaženýaňyz saklaýandyr öýdemok.. Şonça wagtyň içinde bir däl, birnäçe gezek haýsy bolsa bir tarapyň ýüregine gyşyk pikir gelip geçendir.
Ýada sizi birleşdirýän maddy ýa magnawy 1 zat saklaýandyr, ýöne şol 2 tarapyň daýanýan zadynyň tamamlanan güni siziň hem doslugyňyz tamamlanar.!
Dogry düşünersiňiz diýip umyt edýän, Sagboluň.


217

34

10

7

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 BiReYsEl [off]
  Only forward to my dreams
 18.08.2024 / 13:20

+1

Gowy edip ýazypsyn Hakykaty

 Täzeje
 wish [off]
 18.08.2024 / 14:00

+0

Men_â gyz bilen doslaşmanada cekinýân sonky wagtlar


Özümiziňki
Jasmin  (18.08.2024 / 14:23) 

wish, nm uc??


Täzeje
wish  (18.08.2024 / 14:35) 

Jasmin, İndikiler tüweleme how aýtmankaň özleri dos bol diýýâdâ

 Täzeje
 Maria [off]
  Gözelligñ gymmatyny, ony duýup bilýänlerden soraň
 18.08.2024 / 14:41

+1

Ap-berekella!

 Gytyndan
 yurekdes [off]
  Diller dymýan wagty, gözler gürleýä...
 18.08.2024 / 14:51

+1

Ine bu dogry dost bolup biler yone çäkli gaty çäkli
Sagboluń kop kop

 Öwreniji
 Akademik2 [off]
  YEKETAk.RU
 18.08.2024 / 16:56

+0

Ine bu dogry yone hazirki zamanda o sozune yalan yalnys yada ustundenem gulerler son ucin dine ozunize berk bolun

 Özümiziňki
 Jasmin [off]
 18.08.2024 / 18:05

+0

Dogry

 Täzeje
 Luckyboy [off]
  Trust Yourself
 18.08.2024 / 18:09

+0

Gowy beyan edilipdir

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 18.08.2024 / 18:54

+0

bäh örän gaharyň gelip jydamansyň öýtýýan

 Premium
 BAYOGUL [1s]
  Yurekdesh.ru
 18.08.2024 / 21:25

+0

Hakyky aydylan zat

 Gytyndan
 Yekejelai [off]
  Øzime_dønein?
 20.08.2024 / 01:54

+0

gaty dogry zatlar

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

SESSIZLIK


Söydim Uzugy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | SESSIZLIK
Annadurdy (Şugün, 11:05)

Hezreti Omaryň musulman bolmagy(8-nji bölim)


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hezreti Omaryň musulman bolmagy(8-nji bölim)
Ahal (Şugün, 07:48)

Lolular


Belki bizin hemmamizde Sol hereket bardyr yaranmak gowy gorunjek bolmak yada kabirlerinin pikri bula meni hoplady yada sona Menzes soz diyaler eg...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Akademik3 (Şugün, 07:05)

Lolular


gouy eken mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Aixcam_nx (Şugün, 01:25)

Hoşlaşyk aýdymy


Gosgyny okap oz okuwçy dowrum ýadyma dusdi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:01)

Hoşlaşyk aýdymy


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:00)

Soragnama logiki2


Bayrak bermesena bolmoz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:46)

Soragnama logiki2


3 .. kolegesi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:44)

Soragnama logiki2


3 näme...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Dunyodagi (Düýn, 22:38)

Soragnama logiki2


1.gury 2.yagysh we gun 4 diyip bilmez ol gurlanok 51 hepdede 7 gun bar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:31)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика