Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
xuliganka : Ýa Ýaradan duçar et diñe gowsyna:/

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Uky we düýş.
 Gytyndan
 Yekejelai [off]
 20.08.2024 / 02:07
 Øzime_dønein?

Indi bolsa uky we düýş baradaky gyzykly maglumatlaryň üstünde durup geçeliň.
*Adamlar tutuş ömrüniň 1/3 bölegini ukuda geçirýärler.
*Adamlar ukuda wagty 10 sekuntlap dem almaýar we bu gijäniň dowamynda 5 gezek dowam edip bilýär.
*Žiraflar bir gije-gündiziň dowamynda 1.9 sagat ýatýan bolsalar, koalalar gününiň 22 sagadyny ýatyp geçirýärler.
*Iň uzak ukusyzlykda geçirilen wagt 11 gündür.
*Alymlaryň aýtmagyna görä, magniý elementi gowy ukyňy almagyň üçin zerurdyr. Magniý ýetmezçiligi (defisiti) gaharjaňlyga, ynjalyksyzlyga, gyzmalyga eltip bilýär.
*Çaklamalara görä, dünýäniň ilatynyň 15%-i ukuda ýöreýändirler.
*10 sagatdan köp ýatýan adam ýürek kesellerine, 2-nji derejeli süýjikeseline we depressiýa duçar bolup bilýärler.
*Käbir dünýä belli adamlar bir gije-gündizde 3-4 sagadyň dowamynda ukusyny ýeterlik derejede alyp bilipdirler. Tomas Edison, Banjamin Franklin, Leonardo da Winçi, Nikola Tesla, Uilýam Çerçill-bularyň ählisi az ýatsalar hem özlerini sagdyn duýupdyrlar.
*Reňkli telewizorlaryň çykmagyndan öň dünýäniň diňe 15% ilaty reňkli düýşler görüpdirler. Häzirki wagtda bolsa, adamlaryň diňe 12%-i gara-ak reňkli düýş görýärler we olaryň aglabasy ýaşululardyr.
*Adamlar oýananlaryndan 5 minut soň düýşüň 50%-i unudylýar. Ýene 5 minutdan soň bolsa düýşüň 90%-i ýadymyzdan çykýar.
*Köp ylmy açyşlar düýşde görüldi. Meselem, Nils Bor atomyň gurluşyny, belli himik Fridrih Kekule benzolyň formulasyny, hatda Dmitriý Mendeleýew hem meşhur periodik tablisany düýşlerinde görüpdirler. Rihard Wagner bolsa, özüniň "Tristan we Izolda" atly eserini özi oýlap tapman, düýşünde eşidendigini nygtaýar.
*Biz bir gijede azyndan 5 düýş görýäris.
*Adam hor çekende düýş görmeýär.
*Köp ene-atalar çagalary 1 ýaşaýança öz ukularynyň 400-750 sagadyny ýitirýärler.
*Kiçijik çagajyklar 3 ýaşyna çenli düýşlerinde özlerini görmeýärler. 3-8 ýaş aralygy çagalar uly adamlaryň tutuş ömründe görýänlerinden hem köp gorkunç düýş görýärler.
*Adam ýatan wagty ys duýmaýar, otaglarda goýulýan tüsse duýujy signalizatorlaryň döremegi hem şonuň üçindir.

#Wikipediya


158

15

4

1

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Maria [off]
  Gözelligñ gymmatyny, ony duýup bilýänlerden soraň
 20.08.2024 / 04:26

+0

Kiçijik çagajyklar 3 ýaşyna çenli düýşlerinde özlerini görmeýärler.


Kim bilipdir...?


Gytyndan
Yekejelai  (20.08.2024 / 05:29) 

Maria, blmk


Gytyndan
Yekejelai  (20.08.2024 / 05:29) 

Maria, sorap gelaymesem inni


Özümiziňki
Jasmin  (20.08.2024 / 12:15) 

Yekejelai, kema bolmazdy

 Premium
 BAYOGUL [on]
  Yurekdesh.ru
 20.08.2024 / 08:12

+0

Kici cagalar duys goryamika ozi


Gytyndan
Yekejelai  (20.08.2024 / 11:41) 

BAYOGUL, sorap gorai cagalardan


Premium
BAYOGUL [on] (20.08.2024 / 12:08) 

Yekejelai, hazir sorap goreyin

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 20.08.2024 / 09:41

+0

meňä düýşlerim reňkli


Gytyndan
Yekejelai  (20.08.2024 / 11:41) 

Aynabat,

 Täzeje
 BiReYsEl [off]
  Only forward to my dreams
 20.08.2024 / 13:45

+0

*Adam hor çekende düýş görmeýär.

Onda meň bir garyndaşym wapşe düýş görmeýän eken-dä

*Adamlar oýananlaryndan 5 minut soň düýşüň 50%-i unudylýar. Ýene 5 minutdan soň bolsa düýşüň 90%-i ýadymyzdan çykýar.

Şonuň uçin men ýadymdan çykmasyn diýip içimden gaýtalap gezýän

*Biz bir gijede azyndan 5 düýş görýäris.

Ýok 5 sana däl Menä 1-2 sanysyny gorýändirin gaty-gitse bulam-bujar edip


Gytyndan
Yekejelai  (20.08.2024 / 14:55) 

BiReYsEl, icinden gaytalap gezendede cykya shola yatdan

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

SESSIZLIK


Söydim Uzugy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | SESSIZLIK
Annadurdy (Şugün, 11:05)

Hezreti Omaryň musulman bolmagy(8-nji bölim)


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hezreti Omaryň musulman bolmagy(8-nji bölim)
Ahal (Şugün, 07:48)

Lolular


Belki bizin hemmamizde Sol hereket bardyr yaranmak gowy gorunjek bolmak yada kabirlerinin pikri bula meni hoplady yada sona Menzes soz diyaler eg...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Akademik3 (Şugün, 07:05)

Lolular


gouy eken mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Aixcam_nx (Şugün, 01:25)

Hoşlaşyk aýdymy


Gosgyny okap oz okuwçy dowrum ýadyma dusdi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:01)

Hoşlaşyk aýdymy


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:00)

Soragnama logiki2


Bayrak bermesena bolmoz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:46)

Soragnama logiki2


3 .. kolegesi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:44)

Soragnama logiki2


3 näme...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Dunyodagi (Düýn, 22:38)

Soragnama logiki2


1.gury 2.yagysh we gun 4 diyip bilmez ol gurlanok 51 hepdede 7 gun bar...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:31)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика