Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
King-official : ýykylaňda el berip galdyrjak çyn dosduňdyr #eren

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Senli hyýallarym
 Täzeje
 Ahmet [off]
 21.08.2024 / 17:28

Senli hyýallarym

Senli hyýallarym neneň ajaýyp,
Senli arzuwlarym neneň ýakymly.
Üşedip, digdiräp bu sowuk dünýäň
töründe galaýsam bolýar ýakyndy.

Maňa bagt beripsiň ilden üýtgeşik,
Hem tagt beripsiň yşgyň täji ile.
Sarpalapsyň, hormatlapsyň örän köp,
Bu derejä ýetip bolmaz paç ile.

Mähir bilen bagş edipsiň yşk kölün,
Teşneligiň nämeligin bildirmän.
Juda köp gezipsiň mäkäm gujaklap,
Bu ýollara ykbalymy dildirmän.

Örän ezizläpsiň kalbymy aýap,
Köp zada döz gelip göwnümi ýykman.
Sen meniň ýerimi göge diräpsiň,
Indem ýaşap ýörün ornumy tapman.

Zeminde bar zatlar nätanyş maňa,
Onuň tolkunlary juda akymly.
Hem gödek hem sowuk onuň ýollary,
Diňe senli hyýallary ýakymly.



Gelnalyjy

Gelnalyjy gelýär.
Ol görünmän mese-mälim uzakdan,
Ulaglaryň monjuk ýaly hatary.
Olar arzuw, umyt bilen gelýärler,
Ojagynda toý tagamyn ataryp.

Gelnalyjy gelýär.
Gündüz güne ýagty goşýar çyralar,
Gaş galdyryp bagt gapysyn açarna.
Ýigit otyr köpçülikde ýeközi,
Garaşyplar biraz wagtyň geçerne.

Gelnalyjy geldi.
Bagtam geldi hatda köçäňe sygman,
Bu öýde daşyp dur adam hümmeri.
Çagalaň dynanok geldi-geldisi,
Hem diýýärler äkiderler dilberi.

Gelnalyjy geldi.
Sussuň bilen egne kürte basyldy,
Şu günüň hem ajy hem süýji örän.
Ýolagçy otlusy ugrajak ýaly,
Dyklyşyk hem-de zog, bagt, agy, perron.

Gelnalyjy barýar.
Alan ýaly uçgyraksyz dünýäni,
Maşynlaryň kerweni hem gygyryp,
ýitip barýar. Ol hatary köp eller
ugratdylar ýüzlerine sylyşyp.

Gelnalyjy barýar.
Sen-ä gidip barýaň mährem öýüňden,
Çykyp barýaň özge bilen birigip.
A meen bolsa edil şojagaz pursat,
Çykyp barýan gözleriňden syrygyp.

Damjalar ýaňaga siňenok, taýýar,
Sebäbi ýol bilen galnaljy barýar.

Ahmet Arazow


138

8

0

2

0

0

0
Teswirler:
Mowzukda teswirler ýok! Siz ilkinji bolup teswir ýazyň!
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

"Hülle bolar, bir garyba don berseň"


Waýeý...dowamy...
Erkin mowzuklar | "Hülle bolar, bir garyba don berseň"
Dunyodagi (Şugün, 16:59)

SESSIZLIK


Söydim Uzugy...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | SESSIZLIK
Annadurdy (Şugün, 11:05)

Hezreti Omaryň musulman bolmagy(8-nji bölim)


...dowamy...
Erkin mowzuklar | Hezreti Omaryň musulman bolmagy(8-nji bölim)
Ahal (Şugün, 07:48)

Lolular


Belki bizin hemmamizde Sol hereket bardyr yaranmak gowy gorunjek bolmak yada kabirlerinin pikri bula meni hoplady yada sona Menzes soz diyaler eg...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Akademik3 (Şugün, 07:05)

Lolular


gouy eken mlds...dowamy...
Erkin mowzuklar | Lolular
Aixcam_nx (Şugün, 01:25)

Hoşlaşyk aýdymy


Gosgyny okap oz okuwçy dowrum ýadyma dusdi...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:01)

Hoşlaşyk aýdymy


...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Hoşlaşyk aýdymy
Sasiyona (Düýn, 23:00)

Soragnama logiki2


Bayrak bermesena bolmoz...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:46)

Soragnama logiki2


3 .. kolegesi...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Bayradot (Düýn, 22:44)

Soragnama logiki2


3 näme...dowamy...
Erkin mowzuklar | Soragnama logiki2
Dunyodagi (Düýn, 22:38)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика