Windows-da Android enjamlaryna faýl ibermek funksiýasy peýda bolar
Premium BAYOGUL [on] 25.08.2024 / 02:09
Windows operasion ulgamy ulanyjylara faýllary kompýuterlerden Android enjamlaryna geçirmäge mümkinçilik berýän, Apple-iň AirDrop-yna meňzeş täze funksiýa eýe bolar. Bu işläp taýýarlama barada Microsoft-yň tehniki goldaw web sahypasynda habar berildi.
Täze funksiýa OS-yň synag üçin düzülen toplumynyň birinde eýýäm bar we ol ýakyn wagtda ähli ulanyjylar üçin elýeterli bolar. Funksiýa Windows kompýuterleriniň we Android ykjam enjamlarynyň arasynda faýl ibermegi goldaýar. Häzirki wagtda Windows-da diňe kompýuterleriň we smartfonlaryň arasynda paýlaşmagyň umumy buferi bar.
Bu funksiýa täzelenme wersiýasy 2019-njy ýylyň maýyndan köne bolmadyk Windows 10-da we 11-de goldanylar. Android üçin OS 9.0 ýa-da ondan ýokary wersiýasy talap edilýär. Şeýle hem ulanyjylar öz smartfonlarynda Link to Windows we Phone Link programmalaryny gurnamaly.
Maglumat ibermegiň yzygiderliligine degişli gözükdirme:
Windows-dan Android-e:
Syçanyň sag düwmesi bilen faýlyň üstüne basyň;
"Ibermek" buýrugyny saýlaň;
Açylan penjirede Phone Link-e birikdirilen enjama baglanyşyk peýda bolar. Smartfonyňyza ýa-da planşetiňize maglumat iberip başlaň.
Android-den Windows-e:
Enjamyňyzda faýl saýlaň;
"Paýlaşmak"-a basyň;
“Windows-den kompýutere iber” buýrugyny saýlaň;
Ýükläp alýança garaşyň.
Geçiş prosesine habarnamalar arkaly gözegçilik edip bolar. Faýllar “Ýüklemeler” bölümindäki Phone Link bukjasynda saklanýar, ýöne ýerleşýän ýerini programma sazlamalarynda üýtgedip bolýar.
189
6
1
1
0
0
1
Teswirler:
Öwreniji Akademik2 [off] 26.08.2024 / 14:09
+0
Erkek yone menem taze habarym bar su androida java oyunlaryny oynap bolya mena oynap yorun java oyunlary Android oyunlaryndan has gyzykly men ucina isleginiz bolsa aydayyn salgysyny berjek
Gyz bir dereje oglandan pesrak bolmaly , gyz ilki bagysla sorasa has gowy , soyyani cyn bolsa gyz ikilenman bagysla diyer. Sabr edmeli cydamaly g...dowamy...
Meň ucin kimde yalňysy bar bolsa şo bagyşla diymeli sol sebabi günäsiz adam günäle bagyşla diymeza Dogry dämi kim günäli bolsa şo diymelimika diy...dowamy...