Diňe sen gowy...

medet_mededi [off]
05.08.2025 / 23:21
«...Ýöne hemmesinden diňe sen gowy».
Çary ÝEGENMYRADOW
Durmuş bu – ýaşlygam gezekli çemçe,
Ýaş wagty ähli gyz – üzümiň suwy.
Şeýle gözel gyzlar sataşdy ençe,
Maňa hemmesinden diňe sen gowy.
Kä ýalan gürrüňler eşder gulagyň,
Aramyza saljak bolarlar towy.
Olara ynanma, bilgin melegim,
Maňa hemmesinden diňe sen gowy.
Şatlyk gözýaşyny süpürsin diňe,
Başyňdaky elwan ýaglygyň çowy.
Dünýäň gözellerin deňemen saňa,
Maňa hemmesinden diňe sen gowy.
Sen diýp yşk ýoluna pyýada çykdym,
Yzyma dönmerin, basmazlar howy.
Özge didelere perwaýsyz bakdym,
Maňa hemmesinden diňe sen gowy.
Medet MEDEDOW
![]() 138 |
![]() 33 |
![]() 4 |
![]() 10 |
![]() 1 |
![]() 0 |
![]() 2 |
Teswirler:


Kupa kızı, sinek valesi ❤️
07.08.2025 / 18:35
+0
Bir gosgyny ozune epigraf edip aldynmy ya-ha sondan has guycli setir cykarjak bolmaly ya da onun aydyanyndan duypgoter basga zat aytmaly... yogsa oykunmeden basga zat bolmaya gosgyn. Bu gosguda tasirli setir yok epigrafdaky sozden basga...
Soňky teswirler
Dynç güni / hekaýa
Onsonam, oyun icinin syr-supurini kim edyaka? Poluny kim yuwyaka? Apisgelerini kim yuwup beryaka? Oy goslarynyn, ownuk -usaklarynyn tozanyny kim...dowamy...
Dynç güni / hekaýa
Dync guni ir turulyandygy ylmy hakykat yone 😁 Yone wagt altyda hunurdap turyandyryn welin su gun turan wagtyma seredin....dowamy...
Dynç güni / hekaýa
Üç sagat äri güýmäp bilýän bolsa menä berekella diýjek!!! Gowy ýazlypdyr. Enelermiziň jany sag bolsun. Şu ýerde bir degişme ýadyma düşdi: Äri a...dowamy...
Hormatly ulanyjylar !
Beyleki programmalaram islanok dasary yurda biderek yuk edip alyp gaydayman hijisam islanok ekeni turkmen saytlarynyn biram dine sul isleyar bire...dowamy...
Hormatly ulanyjylar !
Maskuwada men sumat dine su sayt isleyar dasary yurtda name ucinkanay millet bilyan bamay...dowamy...
Hormatly ulanyjylar !
Hakerler bilen oyun etman hakerlik ansat islay gotun basarsa bolmasa olam yok...dowamy...
Ertir.comdan arhiw mowzuk. Gyzykly söýgi sözleri.




