Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

AÝRALYK...
 Gerekli
 Baron [off]
 27.08.2024 / 06:36
 “Her setirim ruhumdaky ýaramdyr...”

Ynsany söýeninden ölüm aýyrsa, diri aýralygyň ajysy ondan azmyka?! Ýakynyňda bolsa-da, ýok ýaly hereket etmek, gözlerine seredip bilmän ýaşamak nähili kyn eken... Megerem, aýralyk — bogazda düwün, dodakda titreme, gözde gaýgy, el buz ýaly sowuk, ýüregiň içinde ullakan, özem ullakan bir gabyksyz ýara. Ýara aýralygyň iň ýakyn dostumyş. Emma aýralyk ýarasynyň ýanynda beýleki ýaralaryň hiç manysy ýok eken.
Aýralyk — eliňi uzadyp, diliňi öwrüp, gözleriňi açyp bilmezlik, hasratyňam iň ulusy eken.
Aýralyk — sebäpsiz ýürek ýaşlaryňa bogulyp, dem alyp bilmezlik, dem alýan wagtyňda-da, ölümi has ýakynyňda duýmak. Ýüregiňe gylyjy sokup, şol gylyjam çykaryp taşlap bilmän, agyrysyny her sekuntda duýmakdyr.
Aýralyk — özüňden geçmek, durmuşa soňky gezek seredip, ölüme pikirlenmän razy bolmak.
Aýralyk — ýanyp duran oda seredip, ondan has-da gyzgyn hem ýalynlydygyny bilmek, gar üstünde aýakýalaňaç ýöräp garlary eretmek, ýagmyr bolup ýüregiňi ezmek, ony pikir edip gezip bilmezlik eken.
Aýralyk — hakykat bilen ýoluňy aýyrmak, geçmişe tarap gaýta-gaýta ýola çykmak.
Aýralyk — ys alyp bilmezlik, tagam duýup bilmezlik, ses eşidip bilmezlik, el degrip bilmezlik, megerem, hereketsizlik.
Aýralyk — gijelere ýesir bolup, gündizlere gapyňy ýapmak, çyrany özüňe duşman bilip, garaňkylygyň gujagynda ýatasyň gelmekdir, ýaşaýşyň gowy taraplaryny görmezlikdir belki. Nähili kyn, ölmänkäň-de, ölmek bar eken...
...Bir şygyr ýazýan ýaly, durman, gije-gündiz ýüregimiň çuňlugynda gizlenip seni ýazýan... Günde ýazýan. Çünki sensizligiň öwezini hiç bir bagtly diýilýän pursatlarym-da dolup bilmeýär. Içimden hemişe şol bir ses gaýtalanýar: “Gel diýmegiň nämedigini bilýäňmi?! Gel diýmek — meniň üçin UMYT. Gel diýmek meniň saňa gowuşmagym diýmek. Meni çagyr-da, gutar meni bu ýalňyzlykdan, çagyr-da, güýç ber bu gorky bilen urýan ýürege! Eldegrilmesiz diýip hasaplaýan kalbymyň erkini alypsyň. Çagyr, indi dolanaýyn...”
Daşarda şybyrdap ýagyş ýagýar. Men bolsa, senden, hem uzakda, hem ýakynda. Ýagan ýagmyrlar ýaly, ýüregimde sensizligim akyp dur. Ýüregim bilen ýüregimiň gözýaşlary dost boldy. Gijäniň bir wagty daşaryk çykýan. Nähili uzakdadygyny bilmeýän, ýöne ýüregime şonça-da ýakyn bolan söýgimiň ýakan ýyldyzlaryna seredip, söýgi, hasrat hakdaky aýdymlary diňleýän. Gijäniň bir wagtynda öçügsi köçe yşyklarynyň seredişi bilen gabatlaşýan. Asfalt ýollar sessizje aýak seslerimi diňleýär. Ýanymda bolmasaň-da, ýagmyrlaryň astynda ruhuň bilen hemişe bile aýlanýan. Ýagyş damjalaryny topragyň özüne siňdirişi ýaly, bagtly pursatlar, ýalňyzlyklar bilen bile seni ýüregime siňdirmek isleýän. Bu pikirler bilen tenime degen her ýagmyrda seni ýatlaýan. Bu gezek bedenime degen ýagyş däl, meni sensizlik üşedýär. Seni diňe küýsemek däl, her ýagyş damjasynda ýüregimden akan ýaşlarym bilen seni gözleýän. Bu ýagyşlar maňa müňlerçe gezek seni getirýär. Mendäki sensizligiň, sendäki mensizligiň soňuna çykmak, gussalaryňy paýlaşmak, gözýaşlaryňy sylmak isleýän. Meniň adymy tutmasaň-da, küýseýänligiňi aýtmasaň-da, seniň söýgiň sesini eşitmek isleýän... Bahary buşlaýan ýagyşlaryň güýçlenişi ýaly, saňa bolan hasratym-da gün-günden güýçlenýär. Sen bilýäňmi, ýagşyň topragy bereketlendirişi ýaly, seniň söýgiň hem ykbalymda bagt bagyny gülletjekdir. Hany, gel, senem ýagmyrlaryň aşagyna çyk. Saňa bolan duýgym damjalar bilen bilelikde bedeniňe degsin hem ýüregiňe aksyn. Haýyş edýän, duý, ýagyşa elleriňi uzat. Seret, arzuw eden ýerimizde menem saňa ellerimi uzadýan. Men-ä açdym ellerimi, sensizlik hasratyny kalbymdan aýyrdym. Men bilýän, senem maňa elleriňi uzatdyň. Seret, indi ýüregimem ellerimde. Dur, hiç zat diýme, diňe hasrat bilen joşup duran ýüreklerimiz gürleşsin...
Ah-h, bularyň hiç biri uzaga çekenok... Hemmesi hyýallarda galýar. Hiç kim sensizligiň hasratyny paýlaşmaýar. Şonuň üçin men diňe seniň bilen galmak isleýän. Dymýan. Men gürlemäýin. Goý, sensizlik bilen başlan mart ýagyşlary dowam etsin. Bilip goý, her ýagyş ýaganda bilmeýän bir ýeriňde duýmaýan bir intizaryň saňa bolan hasratyndan ýaňa ýürek gözýaşlary bilen saňa garaşýandyr. Ýüregiňden duýmak isleýäňmi?! Çyk ýagşyň astyna, gözleriňi ýum, ýagşyň sesine diň sal! Ol ýerde küýsegli ýüregini elinde saklap, ýürek ýaşlaryna ezilen biri saňa garaşýar. Ynha, ol men! Sesi gyrlan bilbiliň geljegiň kejine gidip saňa garaşýar... Sen häzirem dymýaň. Menem sensiz ýene ýaz ýagşyna gujak açdym...


©Sapa HOMMADOW


80

14

6

6

0

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 Bibim [off]
 27.08.2024 / 08:17

+1

Ölüm aýyrsa has erwetmika diyyan meň pikirim

 Täzeje
 Bibim [off]
 27.08.2024 / 08:18

+1

Kate su asmanyň asagyna ikimizem ba su asman yyldyzlar ay ikimizem gorup dur ikimizem sobir ayy goryas diyip samsyklan wagtlamam az bolmandy


Gerekli
Baron  (27.08.2024 / 08:20) 

Bibim, samsyklandygyňa haçan akyl ýetirdiň?😊


Täzeje
Bibim  (27.08.2024 / 08:22) 

Baron, has sowap baslamda icimin yangyjy sonup baslanda diysem☺️


Gerekli
Baron  (27.08.2024 / 08:25) 

Bibim, aslynda samsyklamagam däldir ol... Men beýle pikir edemok.


Täzeje
Bibim  (27.08.2024 / 08:27) 

Baron, blmk cakdan asa soygi berdim ony goterip bilmedimika ya sebabini blmk seyle bilesim gelya

 Täzeje
 Bibim [off]
 27.08.2024 / 08:20

+1

Yekje gulkusuni estsemem uzak gun şat bolup gezmegime yetjek yalydy gulki sesini seyle gowy goryadim

 Täzeje
 Bibim [off]
 27.08.2024 / 08:21

+1

Oglan sen derdimiza gozgadyn☺️

 Premium
 BAYOGUL [off]
  Aldamak aňsat biz ýaly sadalary
 27.08.2024 / 08:39

+1

Mlds

 Täzeje
 Boniya [off]
 27.08.2024 / 11:16

+1

Aýralygy has ulaldana meňzeýäň romantizmlaşdyrypsyňyz


Gerekli
Baron  (27.08.2024 / 11:18) 

Boniya, "Кому как" diýýär-ä Iwan agalar. Edil şonuň ýaly, aýralyk kime kiçi zat, kime uly zat.


Täzeje
Boniya  (27.08.2024 / 11:22) 

Baron, Seňkäm dogry


Gerekli
Baron  (27.08.2024 / 11:24) 

Boniya, ýene "Мужик всегда прав" hem diýýär Iwan agalar.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Konfrensiya gijesi 6


Su gun toydan ir gelsem gatnasmakcy. Birem kellam agyrmasa elbetde. Su gunler sol koseya. Artykmac ses yakanok....dowamy...
Tanyşlyklar | Konfrensiya gijesi 6
Belki (Şugün, 10:47)

Deneşdirme


Goşguda näme diýiljek bolýanyna känbir düşünmesemem haladym, gaýtalap okasamam düşünmedim, ýöne şonda-da haladym. Kämillige ymtylýan şahyr, galam...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Neo (Şugün, 10:33)

Deneşdirme


Ana...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Deneşdirme
Baron (Şugün, 09:57)

At yazmak


Öz adymy halayan. Kyýas!!...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Ucgun (Şugün, 09:08)

At yazmak


Emir ,Nesibe,Soltan,Rahman&Rahym,Seyran ,Mukam,Nâzli,Arzuw.....dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Heartbeat (Şugün, 06:46)

At yazmak


😏 kim menin yuregimin eyesi...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
MEGAFON (Şugün, 03:26)

At yazmak


Moral aymyrat sohbet gunca lacyn...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Domen (Şugün, 02:52)

Gideliň bäri


Ustinlik hemran bolsun...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Gideliň bäri
@menin_dunyam (Düýn, 23:28)

At yazmak


Allanur Kalbynur...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
@menin_dunyam (Düýn, 23:26)

At yazmak


Ykbal, Ayna, Ay, Älem, Jahan Hemra, Yakup, Arslan we şm...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | At yazmak
Diamante (Düýn, 23:13)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика