Ýürekdeş sözler!
Babaniyazow : Akyl hakykaty aýan edýän güýçdir.#Ali
Seniň suratyň 🎨🖌️
Özümiziňki medet_mededi [off] Şugün, 11:05
Seniň suratyňy çekesim gelýär,
Galamlam bar älemgoşar mysaly.
Ol surat göreni etmeli haýran,
Leonardoň «Mono Lizasy» ýaly.
Seniň suratyňy çekesim gelýär,
Ýüregiň deý ak kagyzyň ýüzüne.
Şar gara boýaryn şamar saçyňy,
Birki tary düşüp durar ýüzüňe.
Seniň suratyňy çekesim gelýär,
Gara gözli, kirpigi ok, gaşy ýaý.
Gül meňziňde alma ýaňak çekeýin,
Ýylgyrşyňy çekeýin men hoşamaý.
Seniň suratyňy çekesim gelýär,
Gyzyl köýnegiňde – talyp lybasly.
Başyňdaky tahýa, goşa örümli
Saçlaryňa syn edeýin höwesli.
Seniň suratyňy çekesim gelýär,
Arman, suratkeş däl söýgüliň, gülüm.
Men keşbiňi goşgularma çekerin,
Her bir setirimden ýaşarsyň gülüp!
Medet MEDEDOW
Teswirler:
Täzeje Bravee [35s] Käbir zatlary, sözler bilen düşündirip bolonok..! Şugün, 11:34+2Galamyňyz yiti bolsun
Özümiziňkimedet_mededi (Şugün, 11:42) Bravee, Sag boluň!
Täzeje YALTAM [23s] Islenmedik ýüregimde kölegämi goýmaryn.....goujam. Şugün, 11:42+1mlds
Özümiziňkimedet_mededi (Şugün, 11:42) YALTAM, Sag boluň!
Özümiziňki Gulmahrem [4m] Şugün, 18:17+1Dowamly bolsun.
Özümiziňkimedet_mededi (Şugün, 19:56) Gulmahrem, Sag boluň!
Soňky teswirler
Ýokaryk