Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Dreamfull : Önümüzdeki 45-50 yıl işin yoksa... Ayağıma basman şartıyla, Kalbinde uyuyabilir miyim?

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Birden.
 Täzeje
 Agzamen [off]
 28.08.2024 / 11:27

Men birdenem goňşumuzyň towuk keteginde özüme geldim. Soňra täzeden uka gitdim. Gözümi açamda ýumşajyk kürsüde täzeje penjegmiň üstüne kofe döken ýaşajyk gyzjagaza käýäp oturkam oýanandygmy bildim. Men oýanandygmy aňşyramsoň birden käýemämi goýdum. Ýere bakyp duran gyzjagaz otagdan çykyp gitdi. Birdenem meň ofisimiň, has dogrusy uly iş binasynyň 19-njy gatynyň penjiresini döwüp içere Piter Parker girdi. Elbetde, roly ýerine ýetirýän her saparky  Piter Parkerlerden bu gelen başgaçarakdy. Ol hakyky Piterdi. Howwa. Ol gelip meň bilen salamlaşdy. Aýnany döwüp içere gireninde onun egnini aýna gyýylçaklarynyň biri kesip geçen eken. Men ýarasyna elimi goýup göresim gelýärdi. Şeýle bir isleýärdim. Ýöne ol garşy çykdy. Men bolsa onyň kellesine ýumrugym bilen bir "udar" berdim. Çaşdy. Soňra ganyna barmagmy degirdim. Näme üçindir şol wagt Piter ümürlendi-de gözümiň öňünden ýok bolup gitdi. Soňra ýangyn söndüriji işgärler ofisimiň otagnyň gapysyny döwüp içere girdiler. Men "Ýangyn barmy?" diýip, olaryň yzy bilen bile giren ýaňky ýaş gyzjagazdan soradym. Olam "Ýok,  Odur Budurowiç bular siziň bilen gyssagly ýagdaýda görüşmek islediler. Menem ol şu wagt işli diýdim. Bularam ine şeýdip içere girdiler" diýdi. Ýangyn söndürijiler "Biz bu ýere batbörek gözläp geldik" diýdi. Ýaňy bize Wäňkbaýewiň öýünde ýangyn döränligi hakynda habar berdiler. Bizem haýdan-haý batböregmizi aldyk-da ýangyn bolýan öýüň golaýna gelip uçurmaga başladyk. Birdenem asmanda gaýmalap ýören bir samsyk dört göz oglan elindäki jadyly taýajygy bilen biziň batboregmizi nyşana alyp bir zatlar diýdi. Şondan soň biziň batböregmiz siziň ofisiňiziň penjiresini döwüp içere girdi. Bize batböregmizi gaýdyp beriň. Biz oýnumyza dowam etmeli. Wagtymyz çäkli. Günortanlyk arakesmede Wäňkbaýewiň öýüni söndürip ýene şol ýerde arakesme gutaransoň oýnumyza dowam etmeli. Men olara bar zady düşündirdim. Olar ynanmadylar. Batbörekleri bilen Piter Parkeriň arasynda dag bilen deňiz ýaly tapawut bardygyny aýtdylar. Soňra olaryň içlerinden biri "Men häzir ony alyp geleýin!" diýip Piteriň gelen ýerinden, äpişgeden özüni ýere oklady-da 10 minut geçenden soň Şerlok Holms bilen bilelikde ofis otagymyň gapysyndan içeri girip geldi. Şerlok maňa garap "Syçanlar haçan pişikler bilen itler hakda gybat edýandiklerini bilýäňmi?" diýdi. Men bolsa "Ýok" diýdim. Samsyk Holms "Bu günäkär. Sebäbi ol "Täze ýyl arçasyny bezänlerinde iň depesine ýyldyzjyk goýulanok" diýip aýtdy" diýdi. Soňam olam äpişgeden bökdi. Bökmezinden öňürtem "Muň günäkärdigine hemmäňiz şaýat. Sebäbi bu hemmäň gözüniň öňünde  arça bezeginiň esasy kanuny bozjak jümleleri aýtdy ahyryn" diýdi. Soň ýangynsöndürijileriň biri meni sag aýagymyň injiginden tutdu-da ýere serip äpişgäň golaýna süýräp eltip zyňyp goýberdi. Men ýere patlap düşdim. Soňra bulutlaryň üstünde oýandym. Ýanymda bir oglanjyk uçup barýardy. Men ondan "Ýangyn söndürüjileriň batböregini ýoklan oglan sen şolmy?" diýip soradym. Ol "Ýok" diýdi. "Seni aldadylar" diýdi. "Sen nähak töhmet bilen äpişgeden atyldyň" diýdi. Men bolsa bilýänligmi aýtdym. Barynada Holmsyň samsyklygy sebäp boldy diýibem sözümiň üstüne goşdym. Oglanjyk howada pyrlandy. Hezil edip güldi. Iň uly günäkär Holms däl-de goňşymyň towuk ketegidigni aýtdy. Soňra men ondan kimdigini soradym. "Piter" diýdi. Ýöne kerep bilen uçýan Piter däl-de Piter Pändygny aýtdy. Ondan nirä barýanlygymyz soradym. "Meň Jennetime!" diýdi. Biz ýyldyzyň içine girdik...

Edepli Gödek.


136

14

1

3

1

0

1
Teswirler:
 Täzeje
 pandam [off]
 28.08.2024 / 11:35

+0

Birinin duysi oytyan bula


Täzeje
 (28.08.2024 / 11:36) 

pandam, bolan waka


Täzeje
pandam  (28.08.2024 / 11:38) 

Agzamen, Bora son yaly zat bolaymaza piter galdymai inni


Täzeje
 (28.08.2024 / 11:42) 

pandam, Ýo bolan waka


Täzeje
pandam  (28.08.2024 / 11:42) 

Agzamen, hm bah uytgesiklai


Täzeje
 (28.08.2024 / 11:43) 

pandam, howwo Nowça stildä

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

"Maskanyň arkasyndaky,hakykat"(goşgy )


Dogryny ayt, emeli aň yazdy gerek?...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Maskanyň arkasyndaky,hakykat"(goşgy )
Belki (Şugün, 14:19)

"Maskanyň arkasyndaky,hakykat"(goşgy )


maladis dowam et...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | "Maskanyň arkasyndaky,hakykat"(goşgy )
Kerim-98 (Şugün, 14:16)

Uns berin


Kalligrafiya...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Uns berin
Sasiyona (Şugün, 13:41)

Uns berin


Meniň soýgüli podpishiklem like basyp goldalyň) Mnm gatnaşjak goldasaňyz altyn medal alalyň)...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Uns berin
Bezzat (Şugün, 13:17)

Uns berin


Ertir sşu yere goyulyamka onnoñ hatlary...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Uns berin
Kerim-98 (Şugün, 13:03)

Ykbal bolmady.


Ýetirip dur 👍...dowamy...
Erkin mowzuklar | Ykbal bolmady.
Kerim-98 (Şugün, 12:56)

Özüñe üns ber!


gaty dogry...dowamy...
Erkin mowzuklar | Özüñe üns ber!
Kerim-98 (Şugün, 12:51)

Uns berin


Iş-alada bilen wagt tapmadym surat ugratmags...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Uns berin
Orazjan (Şugün, 12:18)

Uns berin


Bolgysyzlyk bidereklik...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Uns berin
Tukel (Şugün, 12:12)

Uns berin


Netijani sugunem jemlesede bolar...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Uns berin
Watjik (Şugün, 12:03)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика