Kyn däl...
Täzeje
Agzamen [off]
29.08.2024 / 22:55
Ýalandan aglamak kyn däl,
Çynyň bilen gülmek kyndyr.
Altyn-zer gazanmak kyn däl,
Iman bilen ölmek kyndyr.
Ýalan söz gürlemek kyn däl,
Jezasyna durmak kyndyr.
Bagty ýykmak ap-aňsatdyr,
Emma weli gurmak kyndyr.
Arkadan daş atmak kyn däl,
Mertçe boýun almak kyndyr.
Ýaşaýyşam gaty kyn däl,
Ýykylyp soň galmak kyndyr.
Gideni unutmak kyn däl,
Gelmejegni bilmek kyndyr.
Çür belende cykmak kyn däl,
Abraý bilen inmek kyndyr.
Ar alyp gan dökmek kyn däl,
Sabyr edip gezmek kyndyr.
Kalba çümen nahoş sözüň,
Yzasyny syzmak kyndyr.
Bir bendäniň ahyn alyp,
Hak alnyna çykmak kyndyr.
"Söýýän" diýip joşmak däl-de,
Hasratyny çekmek kyndyr.
9. 11. 2021
Edepli Gödek.
Agzamen [off]
29.08.2024 / 22:55
Ýalandan aglamak kyn däl,
Çynyň bilen gülmek kyndyr.
Altyn-zer gazanmak kyn däl,
Iman bilen ölmek kyndyr.
Ýalan söz gürlemek kyn däl,
Jezasyna durmak kyndyr.
Bagty ýykmak ap-aňsatdyr,
Emma weli gurmak kyndyr.
Arkadan daş atmak kyn däl,
Mertçe boýun almak kyndyr.
Ýaşaýyşam gaty kyn däl,
Ýykylyp soň galmak kyndyr.
Gideni unutmak kyn däl,
Gelmejegni bilmek kyndyr.
Çür belende cykmak kyn däl,
Abraý bilen inmek kyndyr.
Ar alyp gan dökmek kyn däl,
Sabyr edip gezmek kyndyr.
Kalba çümen nahoş sözüň,
Yzasyny syzmak kyndyr.
Bir bendäniň ahyn alyp,
Hak alnyna çykmak kyndyr.
"Söýýän" diýip joşmak däl-de,
Hasratyny çekmek kyndyr.
9. 11. 2021
Edepli Gödek.
![]() 165 |
![]() 14 |
![]() 3 |
![]() 9 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 1 |
Teswirler:
Soňky teswirler
Hormatly ulanyjylar !
Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Şemal...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)