“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy

Forum | EDEBIÝAT | Şygryýet

Ynsap
 Täzeje
 Agzamen [off]
 30.08.2024 / 22:24

Ýygnagamy-nämämi – paýtagta gelen
Üç başlyk dur myhmanhanaň öňünde.
Nahardan soň çilim. Mesawy gürrüň...
Ýuwaşja çekildi birniň ýeňinden.

Gaňryldy yzyna epeý ýaşuly,
Seretse – öňünde eýjejik gurjak.
Bäş surata ýetjek ýüzüniň reňki,
Dakynan jäjegem boýnun oňurjak.

“Daýy... näme.. size gyz gerek dälmi?..”
Üç äň birden aşak gaýtdy şalkyldap.
“Wah, jijim, seň ýalyjak alty gyzym bar,
Baraýsan, öňümden çykjaklar ylgap.”

“Wah, daýyny... Bir gijelik diýýän-ä...”
Çöwrül, Zemin! Ýykyl, Asman! Eý, Hudaý!
Gany doňan başlyk gürledi zordan:
“Sen, gyzym, iň gowsy öýňejik gidäý.”

Silkenjiräp gyz çekildi gapdala,
Bardy onda her gijäň öz hasaby.
...Indiki duşany şeý diýermikä?
Wah, deňmi-nä hemme kişiň ynsaby?!


Şiraly Nurmyrat


194

14

1

4

0

0

3
Teswirler:
 Premium
 Belki [off]
  Kupa kızı, sinek valesi ❤️
 31.08.2024 / 06:39

+0

"Yaprak dökuminde" edil suna menzes epizod bar. Ali Rıza beg bir cayhanada oturyp cykya welin yanky cayhanada oturan bir gyzam oñ yzy bilen turya. "Oyune gitmelimi ya bir otel bilyanmi" diyye. Alı Rıza begem hic hili sypayycylygy bozman yone juda ayyplayjy nazaryny aylap "Siz mana yalnys dusundiniz. Ozunizem beydip yorman dogry yoly tapyn" diyye. Zenan utanyp: "Onda pul beray oye gaytmaga taksi pulum yok"diyse Ali Rıza beg jubusindaki bar bolan 20 lirañ 10 lirasyny ýañka berip goyberyar.

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->