“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | EDEBIÝAT | Şygryýet

"Şahyrman"
 Täzeje
 Agzamen [off]
 31.08.2024 / 20:43

Men seni söýdüm,
Senem meni söý.
Men seni söýýän
Senem "Menem söý-
ýän seni" diýber.
Seni görsem men
Çaşýanla dilber.

Wah, bir bilseň sen.
Seniň şanyňa
Bir tonna goşgy,
Bir kamaz öwgi,
Bir ambar duýgy,
Eçilip goşdym.

Üç ýüz altmyş bäş
Ukusyz gije,
Ýene şonça-da
Saňsar dek gündiz
Berdim men eje,
Şo gyz diýibem,
Ýördüm men eje,
Gijeler entäp.
Ýordum men eje,
Düýşlerim bikär.
Şo gyz bolmasa
Meşhur bir bilgiç,
Bolardym eje.

Ýene ýazjak men
ŞAHYR MEN diýip
Poeziýanam
Kelläme geýip.
BEÝIKDEN BEÝIK,
Ýaşajyk şahyr.
Her kagyz çyrşan,
Şahyr-a ahyr.
Her aşyk bolan,
Şahyr-a ahyr.
Tanyş-bilişläp,
Ýigrim bire çen
Kitap çykarjak,
Irginsiz işläp.

Kitabym çykman,
Bilersiň gutlap:
Eý söýen ýarym,
Hemem muşdagym
Ýazjak men barym.

Dünýä hezillik,
Ýazyp başarsaň.
Okajaklar kän,
Çyrşap başarsaň.

Edepli Gödek.


210

9

3

3

0

0

2
Teswirler:
 Premium
 Belki [off]
  Kupa kızı, sinek valesi ❤️
 31.08.2024 / 21:01

+1

Ow Kerim Hallyň şöhratyna dalaş edýäñ-ow
Bulam gowy welin, araky üzümli goşgy has gowudy ?


Täzeje
 (31.08.2024 / 21:08) 

Belki, Üzümiň ýapragyna seredýän men,
Olaram üýşüpjik seredýär maňa.
"Haçan maňa üzüm berýaňiz?" diýip,
Soraýan olardan edip bir tama.

Ýapraklar her dürli reňkde görünýär,
Biri ýaldyrap dur, biri solugrak.
Jogap berýärler "Ölmän garaşsaň sen
Näçe gerek bolsa bereris soňrak!"

"Haçan?" diýip gyssaýan barha,
Aýdyň
"Maýyň başyndamy ahyryndamy,
Iýun gelendemi ýa iýuldamy,
Soňrak diýeniň ýa has aňyrdamy?"

Üzüm ýapraklary welin dymýalar,
Nerwimi oýnaýalar...

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->