At tapamoklai 2
Täzeje
Agzamen [off]
31.08.2024 / 21:01
Ýola çykdym—ýöremegi unudyp,
"Gijä galýaň!" ylgatdylar "bol" diýip.
Ahyr ýetdim, tapman çelgiň subudyn,
Yza gaýtdym gizlenere don geýip...
Dost tutundym dostsuzlygy, täkligi,
Gamlanmagy şärik etdim özüme.
Men asmany kagyz edip aldym-da,
Güni pozup, ýyldyz çekdim ýüzüne.
Ýykyndydan öz dünýämi döredip,
Hezil edip ýumrukladym, owratdym.
Suratyňda tapyp bilmän geljegim,
Ýakyp külün şemal bilen ugratdym.
Sen maňa hiç dözülmedik sowgatdyň...
Täleý seni menden gizledi ýördi.
Öz işine monça boldy, ýylgyrdy,
Ölen ruhuň niçik dem alşyn gördi.
Al eden-ä alym diyip sylandy,
Ýüregimde geçren barlag işine.
Indem ýürek boýun alman ölümin,
Gizdirip ýör seni gije düýşüme.
Düýşüme şeýle bir günäsiz girýäň,
Ynanýaryn oýanamda duşjagma.
Ýöne welin "siz" eýýämem begençli,
Garaşýaňyz çagajygyň buşlugna.
Edepli Gödek.
Agzamen [off]
31.08.2024 / 21:01
Ýola çykdym—ýöremegi unudyp,
"Gijä galýaň!" ylgatdylar "bol" diýip.
Ahyr ýetdim, tapman çelgiň subudyn,
Yza gaýtdym gizlenere don geýip...
Dost tutundym dostsuzlygy, täkligi,
Gamlanmagy şärik etdim özüme.
Men asmany kagyz edip aldym-da,
Güni pozup, ýyldyz çekdim ýüzüne.
Ýykyndydan öz dünýämi döredip,
Hezil edip ýumrukladym, owratdym.
Suratyňda tapyp bilmän geljegim,
Ýakyp külün şemal bilen ugratdym.
Sen maňa hiç dözülmedik sowgatdyň...
Täleý seni menden gizledi ýördi.
Öz işine monça boldy, ýylgyrdy,
Ölen ruhuň niçik dem alşyn gördi.
Al eden-ä alym diyip sylandy,
Ýüregimde geçren barlag işine.
Indem ýürek boýun alman ölümin,
Gizdirip ýör seni gije düýşüme.
Düýşüme şeýle bir günäsiz girýäň,
Ynanýaryn oýanamda duşjagma.
Ýöne welin "siz" eýýämem begençli,
Garaşýaňyz çagajygyň buşlugna.
Edepli Gödek.
![]() 180 |
![]() 18 |
![]() 2 |
![]() 3 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 2 |
Teswirler:
Soňky teswirler
Hormatly ulanyjylar !
Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Şemal...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)