Mümkin däl söýgi


01.09.2024 / 20:35
Kupa kızı, sinek valesi ❤️
Seni tapan günüme
gidesim gelýär
Düşýä gerem ýadyňa?
Şo-ol sesimi eşitmeseň
oňmaýan günüň.
Giñ dünýäde menden özge gözel gyz
Ýokdur öýden günüň!
Heniz söýgi sözün aýtmankaň sesli
Yrylan günüm.
Eşdiň, daglar-daşlar,
Tutuş adamzat
"Aşyk boldum" diýip, gygyrjak bolup,
Zordan saklanan günüm!
Goşgularymyň ýalňyz obýekti hem-de
Subýekti bolan günüň.
Ýaşamagyň lezzetin duýan günüm
Seni tapan günüm...
Mümkin däldik!
Ykbalam bir ýalňyşyp
Kesiṣdirdi kesişmejek ýolumyz,
Soň ýalanlar
Ikilikler
"Git, durmuş gur özge bilen"
sözleriň,
Düşündiňmi?
Şonda neçüýn agladym?
Diňe şol güne
Şol mukaddes güne
dolanmak üçin.
Diňe seni ýatlap ýazyp bilýärin
Ýöne aglamazdan bilemok ýazyp.
Haýsyndan geçmeli
Ýa gülkülerden
Ýa-da goṣgydan
Gel!
Gerek bolsa tutuş ömrüm bereýin
Hem alaýyn şol güne
Gidip boljak petegi.
Aýralykdan
Betbagtlykdan habarsyz
Ýaşaly mümkin däl söýgimiz bilen
Ýekeje gün!
01.09.2024 --- 13.04.2024
![]() 302 |
![]() 36 |
![]() 4 |
![]() 5 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 1 |
Teswirler:

Agzamen [off]
02.09.2024 / 07:35
+0
13.04.2024 --- 1.09.2024 dälminä :<


Agzamen, yo, 01.09 gosgyn yazylan guni, 13.04 dolanylmak islenen gun.
Soňky teswirler
Hormatly ulanyjylar !
Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Şemal...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)