@Syrly hakykatla | YekeTak.Ru"> @Syrly hakykatla | YekeTak.Ru"> @Syrly hakykatla | YekeTak.Ru"> @Syrly hakykatla | YekeTak.Ru"> Internediň garaňky tarapy (kopypassyr)...
Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы
Ýürekdeş sözler!
Nesip : Nesip@ Şeýtan hem adam keşbine girip azdyrýar.

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Internediň garaňky tarapy (kopypassyr)
 Täzeje
 Agzamen [off]
 02.09.2024 / 15:38

Internet älemi bize her wagt peýdaly bolandyr. Internet şuwagt iñ uly kömekçi we güýmenje. Biz internetden islän zadymyzy gözledip, alyp, öwrenip bilýäs. Doslarmyz bilen, ýakynlarmyz bilen hatda Dünýä bilen tapan zatlarymyzy paýlaşyp bilýäs. Indi internet diñe şundan ybaratmy ? Internediñ soñy barmy ? Nirde ? Internediñ gutarýan ýerinde näme bar ? Internediñ gizlinýerleri ? Internediñ düýbi, garañky internet, görünmeýän internet diýip öñ eşdipmidiñiz ? Geliñ onda internet nirde dynýa nirden başlap nirä çenli dowam etýär bile öwreneliñ.
Internet 1962 nji ýylda döredildi. Ýöne o wagt ne saýt bardy, nede bir serwis. Hiç zat ýokdy diñe Amerika uruşda habarlaşmak üçin ejiz bir serwis ýöretýärdi. Internede şo wagtlar diñe şo serwis degişlidi. A şuwagt bolsa internet gaty uly, hatda artykmajy bilen bilgiler saýtlar serwisler daşyna çogmuş ýagdaýda dur. Oñ bilen ýetinmän garañky, gizlin böleklerem bar. Internetde gezip ýörsiñiz ýöne içinden hiç çykyp bilýän dälsiñiz soñy ýokdyr. Saýtlara girip gutaryp bilmersiniz. Internet gutarar ýaly däl diýip pikir eden bolsañyz gerek. Ýöne siz intek ýañy başynda 8 bölegiñ 1 nji böleginden çykyp bileñzok. Özem her bölek gitdigiçe ulalýar. Biz internediñ 5 % ulanýas a 95 % internediñ garañky bölegine ýagny Deep Webe degişli. O ýerlere google hem ýakynlaşyp bilenok.
Internet 8 bölekden durýar.
1 nji bölek - Surface Web
Ýagny biziñ girýän internedimiz. Facebook, Twitter, Google degişli
2 nji bölek - Bergie Web
Google tarapyndan ýapylan, gadagan edilen saýtlar, girmesi kynyrak bolan internet diýsek bolar.
3 nji bölek - Deep Web
Internediñ düýbi. Şundan soñ Proxy ulanmaly bolýañyz. Hemmäñiz tanaýanyñyz intek Deep Web hem 3 nji bölege degişli. Bu iki bölüme bölünýär. Birinjisi Onion domenine eýe bolman gözleg motorlary tarapyndan gadagan edilen saýtlardyr. Ikinjisi bolsa Tor Onion bölümi. Ine hemme zat şu ýerde başlanýar. Girmesi gaty kyndyr. Umuman bu barada aýtjak bolsak gaty uly tema. Gysgaça düşündirip geçeýin. Jynsy gatnaşyklar, adam öldirme, ganhorlar, kellekeserler, hackerler, ogrylar, psikopatlar, ýasama pasportlar, bank kodlar, satlyk kartlar, satlyk her hili görülmedik ýaraglar, intek eşdilmedik neşelere çenli bar. Umuman erbetlikleriñ ýeri. Deep web hem ikä bölünýär. Deep web we Dark Web. Dark web Deep webiñ girmedik saytlaryna girýär. Ýagny Deep Webden hem erbet. Iñ erbet zatlar şo ýerde bar. Aklyñyza gelmejek hemme erbetlikleriñ toplanan ýeridir. Şundan añyryk girmek has kyndyr. Şuña zordan käbir adamlar girýär.
4 nji bölek - Charter Web
Bu hem iki bölüme bölünýär. Birinjisi Tor ulanylyp Toryn üsti bilen girilmeýän bölümdir. Tor size köp zatlary açman biler. Ikinji bölümi bolsa kyndyr. Sebäbi indi Tor hem bu bölüme girmäne kömek edip bilenok. Toryñ hem güýji ýetenok. Bu bölüme girmek üçin käbir interaktiw gözegçiler wajyp bolup biler. Ýada belli kompýuterler.
5 nji bölek - Mariana Web
Girmek mümkin däl diýen ýalydyr. Bu bölek barada köp bilgimiz ýokdyr. Sebäbi intek girilen däldir. Bu bölege girmek üçin şuwagtky tehnologiýa ýeterli däldir. Kuantum tehnologiýasy bilen işleýän internet gerekdir. Bilinen iñ howply bölekdir. Adyny iñ çuñ çukur bolan Mariana çukuryndan alyp gaýtýar. Bölegiñ düýbi belli däldir ýöne muñam soñy bardyr. Içindäki saýtlaryñ dünýäni üýtgedip biljegi aýdylýar. Uly internede eýe bolan AR-GE labarotorlaryñ bu bölege girip bilgi paýlaşandygy aýdyldy. Bärde tapylan bilgilerin janly ýaşaýşy üýtgedip biljek güýçdedigi aýdylýar. Käbir ýurtlaryñ we hacker gruplaryñ girdigi aýdylýar ýöne doly belli däldir.
6 njy bölek - RDOS
Bu bölüme hiç girip bolmasada içinden syzan videolar we suratlar bardyr. Düşünip bolmaýan akyl almajak bolgusyz videolar bardyr. Käbirini youtubede tapyp bilersiñiz ýöne köpüsi youtube üstünden pozulandyr. Girmek üçin her saýdyñ yzyna RDOS domeni gerekdirm. Bu iñ gizli we domendir. Meselem biz saýdyñady.com gitse Deep webde saydynady.onion gitýar. A bu ýerde saydynady.rdos gitýär.
7 nji bölek - The Fog/Virus Soup
Içinde näme bardygy asla belli däl. Hiç kim giren däldir. Iñ professional interaktiwleriñ, hackerlerinem girip biljegi bölek däldir. Bu bölek uruş meydançasy diýip atlandyrylýar. Ýagny bu bölege haçanam bolsa bir wagt girilse 8 nji bölege ýetmek üçin uruşarlar. Umuman uruş dörär diýip berilýar. Içinde ne video nede surat bardyr. Hiç zat ýok diýýäler.
8 nji bölek - The Primarch System
7 nji bölege girilensoñ şu bölege ýetmek üçin uruş dörär. Şo sebäpli diñe içinde näme bardygy belli däl. Kim bilýär belki 3 nji Jahan urşy şular tapylansoñ başlar.

@Syrly hakykatla


298

50

5

5

2

0

5
Teswirler:
 Täzeje
 Agza [off]
 03.09.2024 / 08:20

+0

Zametka bellapdim yash wagtym

 Premium
 Belki [off]
  Zyndan kändir -- men taşlara zyndan ýok.
 03.09.2024 / 12:16

+0

@Syrly hakykatla

Awtor kakalymyka? Biziň toparymyzda bir kakaly gyz "Gyzlar" diyjek bolup "Gyzla" diyerdi ?


Täzeje
 (03.09.2024 / 12:26) 

Belki,

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 03.09.2024 / 16:55

+0

Hic kim girmese name badygy bilinmese doredilmeginin manysy name?


Täzeje
 (03.09.2024 / 16:59) 

Aynabat,


Özümiziňki
Aynabat  (03.09.2024 / 22:43) 

Agzamen, haladym ☺️


Täzeje
 (03.09.2024 / 23:36) 

Aynabat,

 Premium
 PeRMaN [off]
  Yes-No
 03.09.2024 / 23:24

+0

Girip bilmeselerde şeýle syrlaryň bardygyna bilipdirler. Diýmek bilinmäne ýakynlandygy bolýamy ?


Täzeje
 (03.09.2024 / 23:39) 

PeRMaN, gyzyklanýan ugrumam däl habarymam ýokdy bu zatlardan. Şuny okap bildim bu zatlaryň bardygyny. Özümem şo soraglara belkem jogap taparyn bilýänler ýazar teswire bir zatlar diýip açdym mowzugy


Premium
PeRMaN  (03.09.2024 / 23:45) 

Agzamen, onda dym gowy, hazir saňa,,mowzukdaky aýdylýan soňky derejeli saýt, şy ÝÜREKDEŞ-dä..." diýip aldaýsammykam, barywyr bilmeýäňä


Täzeje
 (03.09.2024 / 23:49) 

PeRMaN, kän zat bilemok. Ýöne o dereje-de däl-ä


Premium
PeRMaN  (03.09.2024 / 23:54) 

Agzamen, şutkady, anyk adam köp zat bilmeýä. 50% bileninde hem bordy welin...hiçle. Bir tarapdan bilmedikligimizem gowy, köp bilmekligem aladany artdyrýa.


Täzeje
 (04.09.2024 / 00:00) 

PeRMaN, howwa. Hemme zady ýa-da köp zady bilmek mümkinem däl. Alada hiçle... aşa köp zady bilýan adamyň ýa-da bilen adamyň eline ýüp alyp gaýymrajyk agaç şahasyny gözlemäne gitmek üçin oýlanyşyp durmajagyny bilýan.

 Özümiziňki
 Aynabat [off]
  Слава Аллаху.
 12.09.2024 / 16:18

+0

Deep Web diyip googla gozletsem zat bolmaza


Täzeje
Endorphin  (13.09.2024 / 00:28) 

Aynabat, ýygnap giderler göni


Täzeje
Aly  (13.09.2024 / 00:44) 

Aynabat, şo gun basylyañ 1 aýlyk


Täzeje
 (21.09.2024 / 10:58) 

Aynabat, ýok hiç zat bolanok gözlediber arkaýyn

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Umyt (goşgy)


Üstünlik diňe!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Umyt (goşgy)
Arzyhan (Düýn, 23:50)

Umyt (goşgy)


Mlds gowy goşgy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Umyt (goşgy)
Sasiyona (Düýn, 22:03)

Tozanlap yatan degişme. Jeset


pahyryn işini gorupdirler...dowamy...
Erkin mowzuklar | Tozanlap yatan degişme. Jeset
Sasiyona (Düýn, 21:59)

Tozanlap yatan degişme. Jeset


Entek umyt bar diydigida onda lukmanlañ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Tozanlap yatan degişme. Jeset
Kerim-98 (Düýn, 21:50)

Tozanlap yatan degişme. Jeset


Znaçit gyzyl diş goýdurmaly däl)...dowamy...
Erkin mowzuklar | Tozanlap yatan degişme. Jeset
Ahmal (Düýn, 21:45)

Mesawy söhbet


aglagynç?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mesawy söhbet
Kerim-98 (Düýn, 21:44)

Mesawy söhbet


Men näzimi artdyryp durman, "henege" başladym. o näme bolýar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mesawy söhbet
Fantom (Düýn, 21:06)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Bah bu kim indi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Kerim-98 (Düýn, 20:58)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Men size suratymy hödürlemekçi. Garaşyň. Dört ýyl mundan ozal düşen suratymy. Eger şu suratya gowy baha berseňiz men bu ýerde biraz wagt galaryn....dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Gownejay (Düýn, 19:50)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


-Bu dünýäde men ýeke-täk Menden başga hiç kim ýok. Senden yekejesi bardygam bir gowy zat, Allajan şondan köpeltmäwersin) yzam bar diýãrow...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Ahmal (Düýn, 18:04)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика