"Saňa iň soňky gezek..."
Täzeje
Agzamen [off]
02.09.2024 / 15:45
Iñ gowsy
uzak hoşlaşyp durma!
Belkem
Demim hoşlaşygyñ ahyrna ýetmez.
Soñky gezek sorsam bolýar jigerme
Meni ýylatmadyk mähriñ ysyny.
Posalaryñ geregme däl
Bukup goý!
Emaý bilen bukjañdaky mata deý.
Kirden,
kimirden aýap,
Bagtyñ boljak ýigdiñ gelip açýança—
Gyzlyk dünýäñ
Bukjasynda epip goy!
Unutma..!
Meni däl–
men hakdaky barja zady
unutmagňy unutma!
Maña ýatlamalary,
Ähti ýalan sözleri,
Küle dönen günlermi,
Arman bolan gijämi,
Girýan bolan ertämi,
Gurulmadyk öýmüzi,
Soñlanmadyk küýmüzi,
Tutulmadyk toýmuzy...
Ýadygärlik goýup git.
Häzir sen gidersiñ welin
Ynanaý
Şeýlebir nuryny paýlap,
Meñ tünüme Gün çykar.
Aýtsana,
Meň ýerim ýok nesibiñden
Seniň üçin,
Indi men dek kim çykar?!..
#Edepligödek
Agzamen [off]
02.09.2024 / 15:45
Iñ gowsy
uzak hoşlaşyp durma!
Belkem
Demim hoşlaşygyñ ahyrna ýetmez.
Soñky gezek sorsam bolýar jigerme
Meni ýylatmadyk mähriñ ysyny.
Posalaryñ geregme däl
Bukup goý!
Emaý bilen bukjañdaky mata deý.
Kirden,
kimirden aýap,
Bagtyñ boljak ýigdiñ gelip açýança—
Gyzlyk dünýäñ
Bukjasynda epip goy!
Unutma..!
Meni däl–
men hakdaky barja zady
unutmagňy unutma!
Maña ýatlamalary,
Ähti ýalan sözleri,
Küle dönen günlermi,
Arman bolan gijämi,
Girýan bolan ertämi,
Gurulmadyk öýmüzi,
Soñlanmadyk küýmüzi,
Tutulmadyk toýmuzy...
Ýadygärlik goýup git.
Häzir sen gidersiñ welin
Ynanaý
Şeýlebir nuryny paýlap,
Meñ tünüme Gün çykar.
Aýtsana,
Meň ýerim ýok nesibiñden
Seniň üçin,
Indi men dek kim çykar?!..
#Edepligödek
![]() 318 |
![]() 19 |
![]() 1 |
![]() 2 |
![]() 0 |
![]() 0 |
![]() 1 |
Teswirler:
Soňky teswirler
Hormatly ulanyjylar !
Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
Şemal...dowamy...
Oýunlar, testler we soraglar | Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)
_mugallymyngyzy (02.09.2025 / 12:34)