“❤️ Saýt reklama edilse, profil BLOK edilýär ❤️”

Içeri gir Agza bol
Yurekdesh.ru сайтын андроид программасы

Forum | EDEBIÝAT | Şygryýet

Men-ä okaň diýjek. ?
Premium
 Belki [off]
 04.09.2024 / 20:28
 Kupa kızı, sinek valesi ❤️

Toý

Gutardy syýahat.
Köşeşdi ýeller.
Ine-de gämiler kenara çykýa...
Sähelçe tolgunsaň titreýä eller,
Gözýaş ejizligiň minnetin çekýä.

Söýgi flotunyň matrosy bolup,
Arzuwlar deňzinde niçe ýyl ýüzen,
Müň günüň gülünden bir çemen bogup,
Bir gülüň tarypyn müň sapar ýazan.

Bu gün güýçli şemal ýelkenin ýolup,
Giň deňizde küreklerin ýitiren...
Bagtyňa kölege salmajak bolup,
Uly toýuň bir çetinde oturan --

Kolumbam däl,
Magellanam däl indi,
Kiçijik myhmany ullakan toýuň...
Şowhunly wagyrdy çyra deý söndi
Ýaşulyň emrine märeke boýun:

"Bagtynyň saglygna iki juwanyň
Ilkinji badany göteriň bu gün..."
"Bärde men
Kolumbyň
Hem Magellanyň,
Bogazymda bolsa -- ilkinji düwün" .

Ikinji bir düwün kükregimde dur,
Götärmi ýüregim bu agyr pajy?...
Üýtgeýä zamana,
Üýtgeýä dessur.
Bir ýigit ör turup, gygyrýa:
"Ajy!"

Müň syrly haýbaty kenarda galan
Ahmyrly tolkunlaň bady gowşaýa.
...Bal ýaly "ajylaň" meýinden ganan
Dodagyňdan gaýta-gaýta ogşaýa.

Ýarty bulgur --
Göýä deňiz arada,
Men bärki kenarda,
Aňyrkyda -- sen...
Ṣol gaýda düňderlen gämi barada
Gaýdyp aglamaýyn...
Başaryp bilsem.

Ykbalyňdan gitmek kyn düşdi maňa
Toýuňdan gitmegem däl eken aňsat.
Şol otyryn -- ýarty bulgur şerabyň
Deňze öwrülşiniň sebäbin aňtap.

Ahmyr edip, çeýnär eken otlary
Ýaralan awuny sypdyran awçy...
Ajy!
Ajy!!
(Aýyr gözüňden oklary!..
Serhoş däl men,
Gorkma.
Käýeme...)
Ajy!!!

Şiraly Nurmyradow


227

38

2

0

0

0

1
Teswirler:
Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Hormatly ulanyjylar !


Nemelay. Inni bu taze nikimize bally nadip gazanmaly bolyas biz ball pul?...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
baanu (04.09.2025 / 15:02)

Hassa/ hekaýa


Gowy eken...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
baanu (04.09.2025 / 15:00)

Hassa/ hekaýa


Berekella! Täsirli!...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Fantom (02.09.2025 / 21:26)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Şemal...dowamy...

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Garasoymez...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Düşnükli...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
Beter (01.09.2025 / 23:15)

Pikir alyşasyň gelýämi? Gel, onda!


Kella gelen birinji soz...dowamy...

Hassa/ hekaýa


Haýsy dilden terjime edildikä...dowamy...
Hekaýalar | Hassa/ hekaýa
PeRMaN (01.09.2025 / 21:24)

Hormatly ulanyjylar !


id 106...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Beter (01.09.2025 / 09:52)

Hormatly ulanyjylar !


Men nikmi acyp bolonokmy ini😔...dowamy...
Iş gerek | Hormatly ulanyjylar !
Jasminam (31.08.2025 / 23:00)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2025

By -->