Içeri gir Agza bol

Yurekdesh.ru saýtynyñ android programmasy
Ýürekdeş sözler!
Orazjan : iýi dostu olan insanin, aýnaýa ihtiýaçi ýoktur. @ Mewlana

Forum | GÜRRÜŇDEŞLIK | Erkin mowzuklar

Ýer ýüzünde täze howp: "Kitanulnoomelus" wirusy ýa-da beýniniň çüýremegi.
 Täzeje
 Agzamen [off]
 06.09.2024 / 14:55

Biz sizi häzir gelen täze gynandyryjy habar bilen tanyşdyrmak isleýäris. Bütin Ýer ýüzüniñ şu günki habarlarynda möhüm orun alan, bu habarda Ýer ýüzünde täze wirusyñ emele gelendigine üns çekilýär. Habarda aýdylmagyna görä, ýañy ýakynda Uganda döwletiniñ alymlar toparynyñ geçiren ylmy barlaglarynyñ netijesinde täze bir wirusyñ ýüze çykarylanlygy we bu wirusyñ eýýäm 10 ýyldanam gowrak wagtdan bäri adamzat nesline gizlin ornaşyp olaryñ saglygyna uly howp salýandygy öwrenildi.
Wirus esasan hem 10 ýaşdan uly çagalary we ýetginjek ýaşyndakylary nyşana has köp alýar diýip, "Fakenews" habar berýär. Ýene başgada köp adamlyk okyjysy bolan habar platformasy "Nottrust"-yñ aýtmagyna görä täze wirus "Kitanulnoomelus-22" diýip atlandyryldy. "Kitanulnoomelus-22" gündiz ýatyp uzakly gije telefon ýa-da telewizor ekranyna seredip oturýanlaryñ beýnisine ornaşyp beýnini uzak bolmadyk wagtda çüýredýänligi aýdylýar. Wirusy kabul eden adam ilkinji bir hepdäniñ dowamynda güýçli göz agyrysy, baş agyrysy, ukynyñ gelmezligi, bedende argynlyk, gaharjañlyk, üns bozulmasy ýaly simptomlarynyñ bolýanlygy has soñra bolsa gözleriñ ýaşarmagy, uzaga seredeñde gözlerde bulanyklygyñ emele gelmegi, ýatkeşligiñ peselmegi, ruhy çökgünlik, ýeke galmaklyk, öz-özüñ bilen gürleşmeklik, tekst ýazylanda "Ý" harp ornuna "I" harpyny, "H" harp ornuna "X" harpyny ulanmak ýaly sähneligiň ýüze çykmasy, ýazylan her bir sözlemde düşünip bolmaz derejede sözleri gysgaldyp ýazmak ýa-da türk sözleri bilen türkmen sözlerini garyşdyrmak ýaly samsyklyklaryň hem şol wirus sebäpli bolýandygy, başgada, uky tertipnamasynyñ doly bozulmasy ýaly simptomlaryñ emele gelýänligi aýdylýar. Bu wirusy kabul eden adamlaryñ sany dünýä boýunça umumy adam sanynyñ 70%-ini geçýänligi aýdylýar. Uganda alymlar topary bu wirusyñ garşysyna waksina oýlap tapyp biljekdiklerini aýdýarlar.
Wirus baradaky täzelikleri Agzameniň alyp barmagynda "Ýalanlaryñ arkasyndaky hakykat" atly täzelikler we şow gepleşigimiziñ indiki sanlarynda öwrenip bilersiñiz.
Häzirlikçe hoş wagtyñyz.
Habary gepleşige ýetirenler:
Alyp baryjy — Agzamen.

Montaž — Ibaguly Ibalyýew.

Habary redaktirlän — Özüni Düzetdiýew.

Uganda döwletindäki habarçymyz — Ýagdaý Tüpeñow

Habary ýazga geçiren — Menem Bardyrynow.

Effekt we ses bilen bezän — Depäñden Indiýew.

Gepleşigiñ indiki sanlarynda-da Ýürekdeşde boluñ!
Daşlaşmaň

2022 ý.
(Bellik) mowzuk kopypassyrdyr. Ýöne tekstinde käbir redaktirlemeler geçirildi.

Ⓒ Edepli Gödek


188

27

4

8

2

0

1
Teswirler:
 Özümiziňki
 Perhat_Sabirovv [off]
  Men hiçkim birazajyk pikirlen...!
 06.09.2024 / 21:15

+1

Fakenews diýlenden düşündim:-)

 Özümiziňki
 Gerceknazar [off]
  Kanagatly bende baýdyr soltandan
 06.09.2024 / 21:27

+1

Agzamen siz dagy satirika, ýumoreska... ýazmala. Tüýs size laýyk ýazyjylyk ýoly şomyka diýýän.

 Täzeje
 wish [off]
 07.09.2024 / 13:08

+1

like agam bet bolpdur

 Gytyndan
 Kicxikge [off]
  Durmuş doly yenil kelleden#
 07.09.2024 / 13:59

+1

gowy)


Täzeje
 (07.09.2024 / 21:31) 

Kicxikge, kikskge diýip okelýemy nikiň

Teswir ýazmak üçin Içeri giriň ýa-da Agza boluň →!

Soňky teswirler

Umyt (goşgy)


Üstünlik diňe!...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Umyt (goşgy)
Arzyhan (Düýn, 23:50)

Umyt (goşgy)


Mlds gowy goşgy eken...dowamy...
Şygyryýet dünýäsi | Umyt (goşgy)
Sasiyona (Düýn, 22:03)

Tozanlap yatan degişme. Jeset


pahyryn işini gorupdirler...dowamy...
Erkin mowzuklar | Tozanlap yatan degişme. Jeset
Sasiyona (Düýn, 21:59)

Tozanlap yatan degişme. Jeset


Entek umyt bar diydigida onda lukmanlañ...dowamy...
Erkin mowzuklar | Tozanlap yatan degişme. Jeset
Kerim-98 (Düýn, 21:50)

Tozanlap yatan degişme. Jeset


Znaçit gyzyl diş goýdurmaly däl)...dowamy...
Erkin mowzuklar | Tozanlap yatan degişme. Jeset
Ahmal (Düýn, 21:45)

Mesawy söhbet


aglagynç?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mesawy söhbet
Kerim-98 (Düýn, 21:44)

Mesawy söhbet


Men näzimi artdyryp durman, "henege" başladym. o näme bolýar?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Mesawy söhbet
Fantom (Düýn, 21:06)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Bah bu kim indi?...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Kerim-98 (Düýn, 20:58)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


Men size suratymy hödürlemekçi. Garaşyň. Dört ýyl mundan ozal düşen suratymy. Eger şu suratya gowy baha berseňiz men bu ýerde biraz wagt galaryn....dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Gownejay (Düýn, 19:50)

Her kim öz ornyny bilse ýagşy


-Bu dünýäde men ýeke-täk Menden başga hiç kim ýok. Senden yekejesi bardygam bir gowy zat, Allajan şondan köpeltmäwersin) yzam bar diýãrow...dowamy...
Erkin mowzuklar | Her kim öz ornyny bilse ýagşy
Ahmal (Düýn, 18:04)
Ähli hukuklar goralan!
© Yurekdesh.Ru 2017-2024

By Ezbereller Community
Яндекс.Метрика